, Däliden gelyän hatlar... 7-nji soňky hat...)
Hat şeýdip gutardy. Bu haty ejemiň ýazmana haky ýok. Ýöne poçerki edil ejemiňki. Men geň galardym bu hata, ýöne soňky günler meň bilen bolup geçýan we meň eşidýän zatlarymdan soň hiç zady geň göresiň gelenok. Garaz men haty bir iki gezek gaýtalap okap gyra aýyrdym. Hatyň içinde geň zat kän ýöne janyňa kast etdirjek zatlar ýok. Öz doglan günümde bir zatlar belli bolmaly ýalydy. Günler geçdi ahyrsoňy meň doglan günüm gelip ýetdi. Hemişeki ýaly ýeke özüm belledim we uzakly gün bir üýtgeşmä garaşdym, boşmady. Ertesi günem üýtgeşme bolmady. 3 gün geçensoň meň gapym kakylly. Gapyň aňarsynda iki sany oglan, elleri Polisiýa şhadatnamaly. Olar meni öz iş ýerlerne äkitdiler we bir ýaşy uly adamyň ýanyna saldylar. Ol ýaşy uly polisiýada uly wezipeli pensiýa çykaýmaň bär ýany adama meňzeýar. Ol meni otyrtdy, we geň galdyrjy mylakatly gürledi. Siziň ejeňiz we kakaňyz haçan aradan çykdy we nähili sebäplerde? Ol şu soragy berdi. Şunça wagytdan soň polisiýa meň ejem we kakam bilen gyzyklanýar. Men hiç hili gaharlanman ol soraga jogap berdim. Soň ol ýene sorag berdi. Ejeňiziň ölüminiň sebäbi belli däl diýip lukmanlar çözgüt berdi, siziň pikirňiz näme? Men bilemok diýdim. Şeýdip ol meni göýberdi, ýöne ertir çagyrmasyzdan sagat 9 gelmeli diýdi. Ertir dokuzda ol bar soraglarny gaýtalady. We şeýle diýdi. Bize anonim hatlar gowyşdy, siz hamala öz ejeňizi we kakaňyzy öz janyna kast etme halyna eltipmişiňiz? Bu soragdan meň kelläme göni 13 sany galan hat geldi. Belki şol hatlar barada gürüň gidýändir? Polisiýa işgäri söžlerini dowam etdi: Bize gowyşan hatlaryň içinde siziň ejeňiziň we kakaňyzyň hamala öz ýazan hatlary bar. Biz bilemzok ol hatlar şunça ýyllap nirde ýatypdyr we kim tarapyndan bize ugradylandygny ýöne ol hatlar bar. Hatyň mazmunyna görä, siz hamala öz ejeňizi we kakaňyzy hyýaly doganyňyzy öldüreni üçin azar berýämişiňiz. Şoňa garşy näme aýdyp bilersiňiz? Men eşiden sözlerimden soň dilim tutuldy. Elbetde men ýok diýip jogap berdim. Polisiýa işgäri ýene öz soragyny dowam etdi: Siz hyýaly dogangyzyň gözlegne çykyp goňşy şäherdäki dälihana baryp gaýdypsyňyz. Ony biz anyk bilýäs, sebäbi şol ýeriň ýolbaşçysy görkezme berdi. Siziň özüňizi beýle alyp barmaňyz geň dälmi, nähili pikir edýäňiz? Men mundan artyk çydap bilmän polisiýaň işgärine maňa gelen hatlar barada gürrüň berdim, hatda ol hatlary okamagada berdim. Ejem bilen kakamyň däli hana tabşyran doganym barada we oň ýazan bir giden hatlary barada gürüň berdim. Polisiýaň işgäri aýdanlamy belledi we bir iki günden ýene meni çagyrdy. Ol aýtdy; bilýäňizmi siziň syrly hatlar diýýän zadyňyz eýýäm ençeme ýyl bäri biziň edaramyzda çözülmedik mesele bolup ýatyr. Ýöne siziň aýdaýan maglumatlarňyzdaky şol 3000 gowrak haty göýbärýän gyzy biz tapyp bilmedik, aýdan adresiňizi barladyk, ol ýerde olar ýaly gyz ýaşanok. Diňe gary aýal ýaşaýar. Ol aýal siziň gelip öz doganyňyzy gözleýäniňizi aýtdy. Hamala siz özüňizi däli ýaly alyp barypsyňyz. Biz siziň gözleýän hyýaly doganyňyzy hem derňäp gördik, ol dokument boýunça hiç ýerden geçenok. Ol çaga hiç dogulmadyk, eger dogulan heň bolsa dokumentleşdirmedik. Ýöne ony dälihana tabşyrlan bolsa ol hökman dokumentleşdirilmeli. Garaz bar zatlar size garşy. Men bu sözlerden soň özümden çykdym. Elbetde kim ynansyn bolup geçen zatlara? Şeýdip men günde günaşa derňewe gatnap ugradym. Polisiýaň işgäriniň aýtmagyna görä, men öz ejem bilen kakamy öz janlaryna kast etmek derejä eltip, ejemi hatda özüm öldüren bolmagymam mümkin diýen pikir barmyş. Bar zat nämeden, hukuk goraýjy edaralara gelen bir näçe hatyň esasynda. Hamala ol hatda meň ejem bilen kakam kömek sorap ýazypdyrlar, kimdendigi belli däl. Ýöne barlag ol hatlary olaryň ikisiniň ýazandygyny anyklapmyşyn. Polisiýaň özem entek doly baş çykaryp bilenok, ýöne işläýmelimişin. Bir gün meni polisiýa işgärleri bir edara äkidip bir jaýa saldylar, ol ýerde bir giden ak halatly adamlaryň öňünde goýdylar. Ol ak halatly adamlar menden hatly wakalaryň baryny diňlediler, kabirleri soragam berdi. Soň wajyp sypatda maňa düşünen syrap ýygnagy gutardylar. Soň meni ýeni polisiýa edarasyna alyp gaýdyp şol başdaky gary işgär oz kabinetyna salyp şeýlr diýdi: Diňle meni jigim, ýaňky gören ak halatly oglanlaň wraçlar. Olar seň akylyňy barlap saňa däli diýip netije çykararlar, ýöne sen gynanma. Maňa gezek gelende men bilýän seň sagdygyňy we öz ejeň bilen kakaň ölümine degişli ýeriň ýokdygyny. Ýöne hatlar hakykatdanam geldi. Gelen hatlaryň içinde iň esasysy sen hökümediň dälihanada geçirýän synaglary barada gyzyklanyp ugranyň barada duýdurma. Şoň üçin senden hökman dynmaly, bize buýryk şeýle. Sen hakykatdanam dälihana baranyň barada şaýatlyk edýän adam bar. Bilýäňä bar ýerik burnyny sokýanlary halanoklar. Men özümi ýitirip ol adama topuldym. Ol gary ýaşuly meni uryp özünden aýyrdy. Soň meni tusagda köp wagyt sakladylar. Men köp diýäýýän, aslynda özümem bilemok, azmy köpmi. Iň soňunda meni ulaga ýükläp bir ýerlerik äkitdiler. Men baran ýerimi tanadym. Ol şol dälihanady. Dälihanaň ýolbaşçysy meni görüp geň galmady, hamala tanamaýan ýaly. Polisiýaň işgärleri meni tabşyryp gidensoň ýolbaşçy maň ýuwaşlyk bilen şeý diýdi: Sen gaýdip gelmerin diýip söz berdiňä, näme üçin geldiň. Men düşünmedim men dälimi ol däli. Meni bir adamlyk otaga ýerleşdirdiler. Başda daňyp sakladylar. Soň göýberdiler. Hiç ýerik çykarman şol otagyň içinde. Kelendaryň bolmasa gün aý hasaby ýitýän eken. Günleriň birinde meň ýanyma biri görmäge geldi. Meň ýanyma gelen sanytar seni gelin ejeň görmäne geldi diýdi. A men pikirlendim mende kim bar gelinejelerden? Hiç kim bolmaly däl. Meni daňyp kabulhana çykardylar. Men şol hat ugradýan doganyma sereden gyzy hördim. Ol meň bilen salamlaşdy. Hatda ýaňagymdan ogşadam. Soň şeýle diýdi: Seni daganyň ýatan otagyna ýerleşdiripdirler, ol ýerde doganyň iň soňky günlerini geçirdi. Hatlary ugradyp gutardym, diňe öz hatym galdy. Açmana gorkýan, belki hiç wagyt açmarnam. Seň bärdedigiňi ýolbaşçy aýtdy. Göwnüme bolmasa söňky 13 hat seň bärik düşmegiňe sebäp boldy öýdýän. Olaryň bary hukuk goraýjy edaralaryň adynady. Nämede bolsa seň doganyň günäkär bar zada. Men bir zatlar jogap bererdim bu sözlere ýöne kelle eýýäm başga zatlar barada pikir edýärdi. Meň aladam hatlar ýa-da doganym dälde, eýsem näme üçim piliň dört aýagy bar we näme üçin asman gök bulutlar ak? Gyz ýüzime kän seretdide şeý diýdi; Sen oňa ýaman meňzeş. Men kime diýip soradym. Jigiňe meňzeş diýip gyz jogap berdi 💥Soñy💥
Däliden gelýän hatlar. (7-nji hat)
-
Zulfikarow
3 years ago
- Meň iň birinji ýazan hekaýalarymyň biri. Entek ertir com bar wagty...sag bol Nowça paýlaşýanyňa...)))))...birden men öläýsem bar ýazan zatlarymy ýaýratmaga saňa tabşyrýan...
-
the_end
3 years ago
- гелман гечсин,далиден болманда хата гарашып отыран бардыр ойдемок))сайланан хачан ишлап башлаяр?
-
Arzuwum
3 years ago
- gowy hekaýa eken
-
Nowcha90
3 years ago
- Waý seňkidimi Zulfikarow
Alan ýerimde awtory ýok eken bilmänsoň ýazmadym
Hatda öz hekaýalarym hem adym aýryp goýlypdyr eken şol saýtda
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- Näme üçin Rahman aga hekaya.clan.su saýtyñyza goýañyzok
-
Zulfikarow
3 years ago
- @Perhar...hekaýda realizm ýetenok, üstinde entek gowja işlemeli. Sýužetiň käbir ýerleri ejiz. Powestwowanýany çalşmaly, dialoglary düzetmeli, köpräk metafora goşmaly. Garaz bu hekaýany ýazan wagtym men ýazmak barada hiç zat düşünwmokdym...
-
Zulfikarow
3 years ago
- @Nowça haýsy saýt ol?
-
Gözellik.
2 years ago
- Yzy name bolarka diyip gorkup uradym welin, eyyam sony gelaydi.
yashalym 3 years ago- Nowcha bu gije ýatmadyñmy