Kemçiligimi, basyň, göni ýüzüme,
Arkadan gep edip, göwnüme degmäň!
Köpçülikde kemsidip, bir garyp bendäň,
Aýbyny paş edip, göwnüne dägmäň!

Käbir dostlaryma çyndan ynanyp,
Kömek diýse, elden gelenin edip,
Öýde otyrşamda, duzumy depip,
Haýyş edýän, dostlarym, aş dosty bolmaň!

Diýýänsiňiz:
“Edenini diline alýar”
Ýok, men edenimi dile alamok,
Ýöne dost diýenimiň, aş dostlygyna,
Ökünip, soňuna çykyp bilemok!

Dogry, menem akja jüýje boljakdäl,
Meňem size ýaman ýerim az däldir.
Ýöne duz iýip, oturşan ýermiň,
Duzyny haraplap, gaýdan däldirin.

Size hijem ýaman netim ýok meniň,
Herkim bu durmuşda tanaýar deňin,
Bu goja zemin alýarka demin,
Haýyş edýän dostlarym, göwnüme degmäň!
06.02.2021.ý.

Awtor: Çerkez Baýlyýew_(@Writer)

Edebiýat, Zalymm tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir