“Ýuwentusyň” ýolbaşçylygy hüjümçi Kriştianu Ronaldu bilen ýakyn wagtda täze şertnama baglaşmagy göz öňünde tutýar. Bu barada sovsport.ru habar berýär.

Turin kluby 35 ýaşly portugaliýaly oýunça 2023-nji ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli şertnama hödürlemäge taýýar. “Ýuwentus” hüjümçiniň toparyň möhüm oýunçysydygyna ynanýar we ony mümkin boldugyça uzak wagtlaýyn toparyň düzüminde saklamak isleýär.
Häzirki möwsümde Kriştianu Ronaldu 23 oýna gatnaşdy, ol 22 gezek gol geçirdi we üç gezek netijeli geçirim etdi.
Ronaldu “Ýuwentus” üçin 2018-nji ýylyň 10-njy iýulyndan bäri çykyş edýär. Umumy alanyňda, ol klub üçin 112 oýna gatnaşyp, 87 gezek gol geçirdi we 21 gezek netijeli geçirim etdi. Oýunçynyň häzirki şertnamasy 2022-nji ýylyň tomsuna çenli niýetlenilen.
Transfermarkt internet portaly Ronaldunyň transfer bahasyny 60 mln ýewro bilen bahalandyrýar.

Sport, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir