Altymyrat Orazdurdyew Taryh seni yatdan çykarmady, 1969-da doglup, 1996-da aradan çykyar(27yaş) 1 sany Aziya altyn medaly(1994. yyl) 3 sany Yewropa altyn medaly(1989,90,91. yyl) 3 sany dünya altyn medaly(1989,90,93. yyl) 1 gezek dünya rekormeni(1993. yyl) ........... Altymyrat Orazdurdyew 1969-nji yylyn Oguz ayynyn 16-nda Turkmenistanyn Mary welayatyn Sakar-cage etrabynynyn Ak yap obasynda eneden bolyar.Altymyrat 6 erkek doganyn in kicisy. Ondan basga-da, 3 gyz dogany bar, jemi 9 caga. Oglanlaryn icinde in kicisi bolanson ol; "Birneme lalik seredildim" diyip yatlayar. Yone men ona lalik seredilmandigini bilyan Cagalykda iglije bolanson, sportsmen doganlary, gaytom, ony berk tutyardylar. Altymyrat 1979-1980-nji yllarda oz agasy, sport mugallymy Orazberdinin yolbascylygynda wolleybol, basketbol oyunlaryna gyzyklanyp baslayar. Ine, su yerde stanga gotermeklige alup gelen bir waka bolup gecyar. Hawa, su gunki yaly yadymda, Altymyrat kakasynyn Kyrky guni dunya indi-diyip, Altymyradyn mekdep internatda 5-6-7-8-klaslayrnda okadan mugallymy Rahman Soeg gurrun beryar. Orazdurdy diysen dayaw, guycli adamdy. Ol pagta bazasynda isleyan dowurlerinde arkasyna yukli puntyn yokarsyna cykyardy. Nahar iyende dagy bir kase gowurdak bilen yarty tegelek nany ilki gundeler, onsanam yoldaslary bilenden iyisip oturandyr. Ol seyle bolmalamdy. Sebabi onyn gowresi ony talap edyardi. Altymyradynam name gowres-a ejesine, guyjem kakasyna cekipdir. Men Altymyradyn yasayan, dync alyan, garbanyan otaglaryna syn edyarin. Otaglaryn icinin yonekeyligi hayran galdyryar. Koneje masyn halylaryn birki sanysy ona-muna atylan.Goze ilip duran bir uytgesik zat ek. Yone,her adimde gozene durtulip duran basga bir zat bar. Olam cempionyn enislerinin sayady bolan zatlar; wympeller, kuboklar, altyn medallar. Altymyradyn dync alyan otagynda, diwarda asylan halynyn yuzundaki etginjeklerin dunya cempiony dien ady hem gossan,dunyaninu uc gezek cempiony, Ewropanyn bolsa uc gezek cempiony dien ada mynasyp bolanlygy baradaky altyn medallar lowurdasyp dyrlar. In barkisi, garbanyshanada-da Altymyradyn Ewropa cempionatyna gatnasanlygy baradaky boyna asylyan sekili gornukli erde asylgy,onun yanynda bolsa, Turkmenistan bilim ministrliginin gutlag haty bar. Altymyratdan gep aljak bolsan, sabyrly bolmaly. Sebabi ol geplemsek oglan dal. Dine soragyna jogap beryar. Yone sol jogapdan onun salykatlylygy, yonekeyligi, sadalygy, sonun bilen birlikde, akyllygy nese-malim bildiryar... Yaslaryn arasynda Amerikada gecirilen dunya yarysynda cempion bolan Altymyrat sol yylky 1989-njy yyl Gresiyada geciriljek dunya cempionatynda gatnasmaga hukuk gazanyar.Onler ozi yaly yaslaryn arasynda bolup owrensenson, indi, ulylaryn arasyna dusmegi ony birneme cekindiryar, utandyryar. Indi Kuznecow, Kasanow yaly dunya belli stangacylar bilen yarysmaly bolyardy. Olar Altymyrada kan bir yuz bermeyardiler, gownyetmezcilik edyardiler.Belki, sondan bolmagam mumkin, Belki, uc sportsmenin dine birinin gitmeli bolyandygyndan bolmagam mumkin, Altymyrat diysen tolgynyp baslayar. Netijede, turgenlesikde ayagynyn damary cekip, yoremekden hem galyar.Uzak gije yatyp biman oturyp geciryar. Gozunin onunde oz ili, agalary,butin halky; diyip durlar.Ine, onson erinden galyp bilmesenem oz borjuny erine etirmek ucin ayaga galmaly bolyar. Altymyradyn onunde Kuznecowdan,Kasanowdan one dusup, eke-tak ( Oz agramy boyunca) Afina gitmegi ucin 207 kilogram stangany gotermek wezipesi duryardy. Ol agramy iki gezek alyp bilmandi.Ucunji gezek gotermage baryarka, Kuznecow gapdalyndan cykyp: , diyip ona gyjalat beryar. Sol gyjalat ucin Altymyrat hazir Kuznecow minntdar. Sebabi ol gyjalata galmajak bolup ahli guyjuni jemleyar we ayagynyn agyrsyna doz gelip , sol agramda goteryar. Seydibem, Afina dusyar. Afinyda ol basga agramda cykys edyan Bakuwly Suleymanow bilen bile bolyar. Gijesine: diyip, Alymyrat pikirlenip cykyar. Ertesi ir bilen, gijeki pikirlerini paylasmak ucin Suleymanowyn yanyna baryar welin, ol jayynda yok. Ol> diyyarler. Altymyrat sol yarysa gatnasmak ucin ozunin 5 kilogram agramyny gacyrmaly ekeni. Belki, Suleymanowyn yaramaz herekedi tasir edendir, belki ,oz onundaki borjy, jogapkarciligi, galybersede oz abrayy, Watanyn abrayy tasir edendir- sol duygular Altymyradyn agramyny 5 kilogram kemeldilyar. Sonca agramy kemeltmek ucin ozuni gor, nace gezek buga tutmaly, az iymeli, icmeli. Sol gezek ol dunyanin cempiyony bolup, Watanmyzyn abrayny gorady.

Köneler, Maxat tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir