Salam Hormatly Agzalar! meniň bu günki temamyň adynyň "pälwan halmyradow" diýip almagymyň özüne ýeterlik sebäbi bar. sebäbi, biziň bu saýtymyz ahli türkmen oglan-gyzlarynyň, ylaýta-da talyplaryň özara pikir alyşýan saýty. şonuň üçinem meniň size uly bolmadyk bir haýyşym bar. eger kanagatlandyrsaňyz, begenjimiň çägi bolmazdy. başdan başlaýyn: men pälwan halmyradowyň aýdymlarynyň aşygy. häzirki döwürde onuň ýaly aýdymy şeýle owazly, şeýle ýakymly aýdyp bilýän başga ýaş türkmen bagşysy ýok diýip hasap hasap edýärin. bu, elbetde, meniň pikirim. ylalaşman bilersiňiz. ýöne men öz pikirimi aýtmagy makul gördüm. haýyşym: gaýrat ediň-de, eger kimde-kim pälwan bagşy barada bir maglumat bilýän bolsa maňa ýazyp ýollasyn-la. ine, meniň e-mailim: nehircicek0407@rambler.ru. eger poçta ibermegi kyn görýän bolsaňyz, onda bu ýerde ýazsaňyzam bolar. hemmäňizden gowy-gowy jogaplara we peýdaly maglumatlara sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. P.S. pälwan bagşy bilen bir salamlaşyp, gürleşip bilsem armanyp ýok, meň-ä.
Pälwan Halmyradow!
-
Nehir
16 years ago
men tomus sana palwanyn öz nomerini tapyp bereyin. tomus talyplaryn dushyshygy bolar, ana shonda nesip. öz nomerimi yazyp iberjek hazir sana.
MuhaciR | 2008-05-29 15:29:38
sagja bol, muhacir! tamam-am şeýledi dost, senden! wruçat ediň!
-
CeriumOxide
16 years ago
- howa pälwan gowja aýtýar, ýöne pälwanyň käbir halamaýan taraplarym bar,
1. olam ogrylyk sazlara düzülen aýdimlardan aýtýar.
2. köne gowy türkmen aýdymlaryna özine görä heň goşup bulaşdyrýar,(daň şemaly, ýadyňda dälmi, türkmen gözeli we ş.m.)
3. ilki başdaky stili gowydy, indi bulaşdyrdy.
bular diňe meniň pikirim, herkimiň gulak tagamy üýtgeşik bolýar. ýöne gowy tarapy erbet tarapyndan köp bolany üçin menem erbet göremmok
-
hoshowaz
16 years ago
- palwan gardashy menem tanamaya dal. diyjek bolyanym yakyndan tanyshlygym bar. nir sachakda oturup nahar iyishipdik oza. yone
1. olam ogrylyk sazlara düzülen aýdimlardan aýtýar.
3. ilki başdaky stili gowydy, indi bulaşdyrdy.
ceriumoxide'yn shu aydanlaryna doly goshulyan. we shunam goshyan: gitarada aydyan aydymlary gowudy.
-
hoşowaz
16 years ago
- Palwanyn telefon nomerini sana sowgat edyan nehir dost - +993 66 150000
Ynanman bilersin yöne çynymy aydyan. Özel nomerem bar yöne ony bermegi islemandi başgalara. Men yakyn dostlaryndan doly gyzyklanaryn diysen ikiçak habarlaşyp bileris.
-
ishadami
16 years ago
- Toyy nace pul bilen sowyaka? habarynyz yokmy yigitler? Palwan bagshy
-
mylayym
16 years ago
- eh shu aydymcylar diydiniz welin shu wagtky Turkiyede wystupat etjek gyzy tanayanyz yokmy? aydyma gowja eken belki yer alar!
ps.Nehir bagyshlarsynda Palwany soraman ol gyzy soranyma, taze blok acasym gelenok
-
MuhaciR
16 years ago
- palawnin birikasny nomeri bar. birem 150000 yene altyn asyram bar :D
-
annageldi
16 years ago
- Palvan arssa, adamkarchiligy gowy basghy. Dine halamayan tarapym saz ogurlamagy ve stilini uytgedip durmagy.
Aydymy ile yaranmak uchin dalde sungat uchin aytmaly.
-
Eziz Turkmen
16 years ago
- ey türkmenler,
öňki döwürde türkmen aýdym-saz sungatyny täze depginlere ýetirip biljek bir adam bardy, Akyş Sapar. häzirki döwürde şony edip biljek talant diňe pälwan halmyradowda bar. eder-etmez başga gürrüň, ýöne talant bar. saz ogurlaýany dogry, ýöne häzir türkmenistanda sazçy ýok, özümizde düzip bilýän bolsady ogurlamazlardy, wagt bilen bolar... türkmenistanda hudaý tarapyn owadan ses berilen üç adam bar; Palwan halmyradow, Hajy yazmammedow birem Men :)
-
annageldi
16 years ago
- Nurmuhammet Meredowy yatdam chykardyn.
-
Nehir
16 years ago
olam ogrylyk sazlara düzülen aýdimlardan aýtýar.
CeriumOxide | 2008-05-29 18:45:34
ogurlyk sazlara düzülen aýdymlardan aýtmaýan bagşy bar näme?
köne gowy türkmen aýdymlaryna özine görä heň goşup bulaşdyrýar,(daň şemaly, ýadyňda dälmi, türkmen gözeli we ş.m.)
CeriumOxide | 2008-05-29 18:45:34
Bulaşdyranok, gaýtam täze heň berip, aýdymy sünnäleýär. Çünki sesi juda ýakymly.
ilki başdaky stili gowydy, indi bulaşdyrdy.
CeriumOxide | 2008-05-29 18:45:34
ilki başdakysy stili gitaradady, indi bolsa estrada-da, ýagny mikrofon bilen aýdýar. Bu onuň aýdymy bulaşdyrdygy däl-de, kämilleşdirdigi diýip, hasap edýärin.
gowy tarapy erbet tarapyndan köp bolany üçin menem erbet göremmok
CeriumOxide | 2008-05-29 18:45:34
Sagja bol, ýöne “göremmok” däl-de “göremok”. Harp ýalňyşy bolsa zyýany ýok.
-
Nehir
16 years ago
diyjek bolyanym yakyndan tanyshlygym bar. nir sachakda oturup nahar iyishipdik oza.
hoshowaz | 2008-05-29 19:32:41
sen örän bagtly – “lucky” ekeniň, hoshowaz! beýleki sözleriňe bolsa saňada ceriumoxide’e beren jogaplarym.
gitarada aydyan aydymlary gowudy.
hoshowaz | 2008-05-29 19:32:41
soňky aýdymlaram erbet däl. Beýleki estrada bagşylar bilen arkaýyn bäsleşip biljek.
-
Nehir
16 years ago
Palwanyn telefon nomerini sana sowgat edyan nehir dost - +993 66 150000
hoşowaz | 2008-05-30 00:13:30
sagja bol, hoshowaz! Senden tamam-am şeýledi, dost jan. nomeri ýaman krutoý eken-leý.
Ynanman bilersin yöne çynymy aydyan.
hoşowaz | 2008-05-30 00:13:30
men saňa ynanýan dost, arkaýyn bolaý.
Men yakyn dostlaryndan doly gyzyklanaryn diysen ikiçak habarlaşyp bileris.
hoşowaz | 2008-05-30 00:13:30
şeýdeli-le, dost! Sen maňa hat ýazsana. Ine meniň e-mailim: nehircicek0407@rambler.ru. hökman hat ýazgyn dost. Senden käbir sorajak zatlarym-am bar. E-mail’de habarlaşarys, nesip bolsa.
Men yakyn dostlaryndan
hoşowaz | 2008-05-30 00:13:30
menem biri bolmak isleýän. I hope you’ll help me along with it. So, write me a message (letter) to my e-mail.
-
Nehir
16 years ago
ps.Nehir bagyshlarsynda Palwany soraman ol gyzy soranyma, taze blok acasym gelenok
mylayym | 2008-05-30 01:51:00
bagyşlap-bagyşlamaz ýaly bu ýerde hiç hili göwne deger ýaly zat ýok. Onda-da sen ýaly mylaýym gyzy. Gyzlar - biziň başymyzyň täjidir. Ýöne, täze blok açmak kyn zat däl-ä. Aý, ýöne iki agyz söz üçin, täze blok açyp durmagyň hiç bir hajatam ýok-la.
-
Nehir
16 years ago
Palvan arssa, adamkarchiligy gowy basghy
annageldi | 2008-05-30 02:38:36
men bu aýdanyňa doly goşulýan. Dogrusy, men pälwany doly tanamok. Ýöne, onuň aýdymlaryndan çen edýän.
Dine halamayan tarapym saz ogurlamagy ve stilini uytgedip durmagy.
annageldi | 2008-05-30 02:38:36
her kim şeý diýýär. Men indi muny pälwanyň özüne aýdaýmasam. Nätjek-dä, dost. Bu döwürde her kim aýdymlary ogurlap aýdýar.
Aydymy ile yaranmak uchin dalde sungat uchin aytmaly.
annageldi | 2008-05-30 02:38:36
munyň dogry. Ýöne köp bagşylar beýle pikir edenoklar. Ne yapalim?
-
Nehir
16 years ago
häzirki döwürde şony edip biljek talant diňe pälwan halmyradowda bar.
Eziz Turkmen | 2008-05-30 13:11:22
Sagja bol, eziz türkmen. Menem şony diýjek bolýan-da.
saz ogurlaýany dogry, ýöne häzir türkmenistanda sazçy ýok, özümizde düzip bilýän bolsady ogurlamazlardy,
Eziz Turkmen | 2008-05-30 13:11:22
Dogry aýdýaň. Häzir dünýäň ösen ýurtlarynda-da köp bagşylar aýdymlaryny göçürip aýdýarlar. Meselem: türkiýäniň belli bagşysy ibrahim tatlises “mavişim” aýdymyny bir arap aýdymynda göçürip alypdyr. Haýsy aýdymdygyny bilemok. Belki, saýtyň agzalarynyň käbiri bilýändir.
türkmenistanda hudaý tarapyn owadan ses berilen üç adam bar; Palwan halmyradow, Hajy yazmammedow birem Men
Eziz Turkmen | 2008-05-30 13:11:22
Sen näme bagşymy?? Hakyky adyň näme? belki basyrylgy ýatan talantsyň! kim bilýär!
-
Nehir
16 years ago
Nurmuhammet Meredowy yatdam chykardyn.
annageldi | 2008-05-30 14:16:16
dogry, kasoý-am gowja aýdýar. Ýöne, ol baryp ýatan narkoman. Toýda dagy köplenç urlup gaýdýar. Kasoý öňler gaty gowy aýdýardy: 1991-1999-njy ýyllar. Soň ol dagady. Hat-da türmä-de düşdi. Sebäbini bilemok. Ýöne, şondan soň ol abraýdan gaçyp başlady.
-
Maxat
16 years ago
dogry, kasoý-am gowja aýdýar. Ýöne, ol baryp ýatan narkoman. Toýda dagy köplenç urlup gaýdýar. Kasoý öňler gaty gowy aýdýardy: 1991-1999-njy ýyllar. Soň ol dagady. Hat-da türmä-de düşdi. Sebäbini bilemok. Ýöne, şondan soň ol abraýdan gaçyp başlady.
Bolanda name narkoman, sana şondan görelde al diyyan yoga, sen sungatyna baha ber-da, in azyndan şol işini edende ogurlyk aydymlara aydanoklar, Hajy ya şonun ogurlyk aydanyna eşdemmok, olar sungatyna ogurlyk goşanok - kabirleri yaly
Nehir
ps: cem yylmaz stand-up'ynda: "mana kan sogünç söz aytyanyz diyip yazgaryanlar kan bolya, çagalar onson sögmani öwrenyaler diyya, stand-up'yn bolmandyr diyyaler. menem olara - sen çagan çaga bolupdyrmy onson" diyşine barya
men pikirimçe sungat etyanin kişiligine göra etyan sungatyna gönümel baha bermeli dalmika diyyan, men pikirimeçe
-
CeriumOxide
16 years ago
Bulaşdyranok, gaýtam täze heň berip, aýdymy sünnäleýär. Çünki sesi juda ýakymly.
şu aýdymalry diňläp, deňeşdirip gör!
ýadyňda dälmi
bilbil orazowa
-
CeriumOxide
16 years ago
ogurlyk sazlara düzülen aýdymlardan aýtmaýan bagşy bar näme?
ogrylyk etseňem bildirmejek bolmaly, "gyryk golum ganadym" diýip yörmeli däl.
ogrylyk aýdym aýtmaýan ýada ogrylanan sazy azyjygam bolsa üýtgedip, sözlerinem gönümel öwürmeýän bagşylara mysal:
Nury Hudaýgulyýew
Şaguly allaberdiýew,
Magtymguly Tirkişow,
kakageldi çaryýew,
kakadurdy täjimow,
nurmuhammet meredow,
Döwran Saparow,
Parahat amandurdyýew,
gülşat gurdowa,
akyş saparow,
başgada kän...
soňky aýdymlaram erbet däl. Beýleki estrada bagşylar bilen arkaýyn bäsleşip biljek.
beýleki estrada bagşylar diýýänleň Begga, seýdi, berdi ýalaklar bolsa onda elbetde, pälwan olardan gowy(men olary aýdymçy hasap edemmok), ýöne pälwanyň aňsat-aňsat yzlaryndan ýetip bilmejek aýdymçylarymyzam kän(hudaýa şükür), ýöne kän bilinenoklar, meelem: bäşim söýünow, Myrat işangulyýew, Magtymguly Tirkişow, Annaoraz nazarow, Aganyýaz Jumanyýazow, hommat gara we ş.m.
ilki başdakysy stili gitaradady, indi bolsa estrada-da, ýagny mikrofon bilen aýdýar. Bu onuň aýdymy bulaşdyrdygy däl-de, kämilleşdirdigi diýip, hasap edýärin.
erteki gün rock ýada rap aýtasda kämilleşdigi bolarmy!(nokat albomynda "rap menem aýdaýsammykam" diýip galan ýali)
-
annageldi
16 years ago
-
Nehir
16 years ago
şu aýdymalry diňläp, deňeşdirip gör!
CeriumOxide | 2008-05-31 07:26:05
Aý, diýseň-diýmeseňem Pälwanyň aýdyşyna taý geljek ýok-laý. Bilbil Orazowaň ses-ä ýogyn turbadan çykýan ýaly. Onyň-a düýbünden bolanok. Nury hudaýgylyň sesi erbet däl. nahilem bolsa, artist adam. köpi gören. pälwanyň iki ýaşyny ýaşan. onuňam "Ykbalym" aýdymyna taý geljek aýdym ýok. bu ýerde olaryň ikisi bir aýdymy aýtsa-da, ikisiniň aýdym aýdyş ugurlary başga. her kim öz ýoluna görä aýdýar.
-
annageldi
16 years ago
- Gitarada aytmak. Akyshyn owazy yetyalay.
-
Nehir
16 years ago
Nury Hudaýgulyýew
Şaguly allaberdiýew,
Magtymguly Tirkişow,
kakageldi çaryýew,
kakadurdy täjimow,
nurmuhammet meredow,
Döwran Saparow,
Parahat amandurdyýew,
gülşat gurdowa,
akyş saparow,
başgada kän...
bäşim söýünow, Myrat işangulyýew, Magtymguly Tirkişow, Annaoraz nazarow, Aganyýaz Jumanyýazow, hommat gara we ş.m.
CeriumOxide | 2008-05-31 07:45:50
munça bagşylary tanap bilşiňe men haýran.
nurmuhammet meredow,Döwran Saparow,Parahat amandurdyýew,
gülşat gurdowa,
bu dört bagşyňam ogurlyk aýdymlary kän. Döwranyň "şu gün agşam geleýinmi?" diýen aýdymy bir arap aýdymyndan göçürme.
kakadurdy täjimow,
CeriumOxide | 2008-05-31 07:45:50
Kakadurdy täjimow meniň obadaşym bolmaly. gowy zady onuň hiç hili ogurlyk aýdymy ýok. ýaşuly adamda näme. aýdym ogurlamakdan başga işi ýokdur oýdýäňizmi? öwezgeldi tekäýewiň ýolundan gidýär we şonuň aýdymlaryny aýdýar.
ýöne pälwanyň aňsat-aňsat yzlaryndan ýetip bilmejek aýdymçylarymyzam kän(hudaýa şükür),
CeriumOxide | 2008-05-31 07:45:50
pälwanyň entek näme ýaşy bar. nesip bolsa pälwan bagşy ol aýdymçylaryň yzlaryndan ýetmeg-ä beýlede dursun, geçibem gider. pälwana biraz wagt we öz-özüni taplamk gerek. görýäňizmi, bary-ýogy bäş ýylyň şeýle belent derejelere ýetdi!
-
Nehir
16 years ago
Bolanda name narkoman, sana şondan görelde al diyyan yoga, sen sungatyna baha ber-da, in azyndan şol işini edende ogurlyk aydymlara aydanoklar, Hajy ya şonun ogurlyk aydanyna eşdemmok, olar sungatyna ogurlyk goşanok - kabirleri yaly
Maxat | 2008-05-31 06:10:34
hudaý saklasyn, kasoýdan görelde almaga! Allah korusun! sungat kasoýda öňler bardy. öňüne adam geçmezdi. indi bolsa onda ne sungat galdy, ne-de bir adam sypat! meniň şu aýdýanlarym dogrumy, adamlar! men öňem aýtdym. Nuryň men diýen wagtlary: 91-99-njy ýyllar, meň pikirmçe. soň ol iki ýa-da üç sany aýdym aýdýarda, täze albom çykarmaga başlady. ogurlyk aýdymlaram bar. meselem: onuü soňky albomundaky "biwepa" diýen aýdymy azerbaýjanlaň bir aýdymy bolmany, meň pikimçe. men ýalňyşybam bilerin. men ol aýdymy kän diňlemändim. eger kasoýy köp diňlesem, onda onuň bar ogurlyk aýdymlaryny ýekän-ýekän ýazaryn.
-
annageldi
16 years ago
- dogry kasoyyn kabir aydymlary ogurlyk. yone ur diyip olduryanlerden dal kasoy. 5-6 sanjak ogurlyk aydymy bardyr anry gitse.
-
annageldi
16 years ago
- Palwanyn aydyan Aglama aydymyn originaly. Tolyy Nedirow (halypam)
-
Nehir
16 years ago
Hajy ya şonun ogurlyk aydanyna eşdemmok, olar sungatyna ogurlyk goşanok - kabirleri yaly
Maxat | 2008-05-31 06:10:34
näme, hajy ogurlyk aýdym aýtmaýandyr öýdýäňmi? aýdybilýä-le. onuň köne albomundan (1-nji ýa-da 2-nji albomy öýdýan) "ýarym jahan jana" diýen aýdymy hindi aktýory şahruh hanyň "Sözsüz söýgi" filminden alnan. ýädyňyzda bolsa, şahruh han şol aýdymyny lýustraň üstüne çykyp, madhurä (madhuri dixit)seredip aýdýar. aýdymyň sazy diýseň gowy, hajy belki şoň üçin alandyr. dogrusy, hajyňam aýdym aýdyşy gowy (gowudy). ýöne olam soňky döwürler b..uny bozup ugrady. soňky albomyny dagy diňlär ýaly däl-a. öňler olam ikinji nurydy. hajyň döwürlerem meň pikirmçe: 2001-2006-njy ýyllar bolmaly. soň olam kasoý ýaly gerrä batdy-da, ýoluny urdurdy.
p.s. ýöne, halk aýdymlaryn-a erbetje aýdanok ol. ýöne, tanyş oglanlar "ol öte ulymsy we gopbam" diýýärler. toýa-da &1000 dollardan gowraga gelýärmiş. gelse-de aýdyşynyň ugry ýok diýýärler.
-
annageldi
16 years ago
- hajyn ugry halk aydym. estrada kan gowy dal, kasoya menzejek bolya, yone halk aydymy pytradyp aydya.
-
Nehir
16 years ago
Palwanyn aydyan Aglama aydymyn originaly. Tolyy Nedirow (halypam)
annageldi | 2008-05-31 15:07:56
annageldi, senem aýdymçymyň-aý, dost! tüweleme! köpeleweriň, how, ýigitler! türkmen sungatyna eýe çykalyň! dogrusy, pälwanyň hem hemme aýdymlary ogurlyk däl, how. käbirleri. ýöne, köp aýdymlarynyň göçürmeleri türkçeden, aýratynam, rafet el romanyňky bolansoň, bilinäýýär. olam pälwanyň iň gowy görýän bagşysy. muny maňa pälwanyň jan ýaljak dostlarynyň biri aýdypdy. aýtdym-a men pälwan hökman kämilleşer diýip. siz biraz sabyr ediň. ol hökman kämilleşer. men muňa ynanýan.
-
Nehir
16 years ago
hajyn ugry halk aydym. estrada kan gowy dal, kasoya menzejek bolya, yone halk aydymy pytradyp aydya.
annageldi | 2008-05-31 15:22:41
ýalňyşýaň annageldi, hajyň ugry halk aýdym däl. ol halk aýdymy özüniň 9-njy albomynda aýdyp başlady. (2003-nji ýyl). halk aýdymy aýdyşy erbet däl, ýöne biraz kemterräk kakýar. halypalara meňzejek bol. (meselem: sahy jepbara, orazgeldi ylýasa we beýleki ussatlara). o diýen oňarybam baranok. öwrener-dä, entek ýaş oglan. estradany öň çözýärdi. öňüne adam geçmezdi. ýöne, ýaňam aýdyşym ýaly, kürüşgä batdy-da, işi gaýdaýdy. negözel ýigitdi. ynanmasaňyz, hajyň öňki zapisleri bilen soňkylaryny deňeşdirip göräýiň. kasoýyňkynam. ikisiniň öňki albomlary superdi, taýsyzdy. ýöne olar, mes boldular-da, özlerini saklap bilmediler.
-
Maxat
16 years ago
- olarynam ogurlyk aydymlary bar bolsa bardyr welin kan gözüme ilmandi,yöne kişiligini yazgaryanyny birhili gördüm,"öňüne adam geçmezdi. indi bolsa onda ne sungat galdy, ne-de bir adam sypat!" ,ertirki gün şeyle yagday (huday saklasyn welin) seň söygülü aydymçyn başyna gelse şey diyip geçayjekmi
hajyn "çynara" diyen aydymy sonky çykanlardan dalmi, şolam gowja
-
Maxat
16 years ago
Hajy Ýazmämmedow & Mahri Goçowa - Çynara
-
annageldi
16 years ago
- Hajyn halypasy Ahmet buldok tejenden. Buldogamam halk aydymdan gidya. Hajy estarada aydym bilen albom chykaran bolup biler yone halk aydymy onem aydyady.
-
Nehir
16 years ago
yöne kişiligini yazgaryanyny birhili gördüm,"öňüne adam geçmezdi. indi bolsa onda ne sungat galdy, ne-de bir adam sypat!" ,ertirki gün şeyle yagday (huday saklasyn welin) seň söygülü aydymçyn başyna gelse şey diyip geçayjekmi
Maxat | 2008-05-31 15:39:09
Maxat, bu dünýäde her kim özüne jogap berýär. näme üçin biziň zehinli bagşylarymyz adygansoňlar zaýa bolýarlar. meň ine şuňa gaharym gelýar. adam ýaly aýdymyny aýdyp gezibermeli bor-da, walla. bular, atabaýdan başlap, (başyny şo başlady) mesligine çydanoklar. annuş (myratdurdyýew) nätdi? agzynam hapalamady, neşede etmedi. özüni tutdy we ýurduň iň baý adamlarynyň biri boldy. özbaşyna 3-4 sany hususy restorany bar diýip eşitdim. toýada $1500 dollara gelýar diýip gürrüň edýärler. ýogsa şolam meň pikimçe kasoýça ýa-da hajyça aýdanok. halk aýdymyny aýdan boldy. (suwa gelendir.) gül ýaly aýdymyň işini görüpdir. döwran, parahat, dagam arassamyka diýýän. pälwanyň arassadygyna ynanýan. sebäbi, pälwan dindar oglan. aýdymlarynyň aglabasy din bilen baglanyşykly. (ýa hezreti muhammet, hormatyna muhammediň, ya resul alla, soltanym, ýetim çaga we beýlekiler). pälwandan arkaýyn.
hajyn "çynara" diyen aydymy sonky çykanlardan dalmi, şolam gowja
Maxat | 2008-05-31 15:39:09
"çynara" aýdymynyň lirikasyny-sözlerini ýatlat. häzir ýadyma düşenok. gaty görme.
-
Nehir
16 years ago
Hajyn halypasy Ahmet buldok tejenden. Buldogamam halk aydymdan gidya. Hajy estarada aydym bilen albom chykaran bolup biler yone halk aydymy onem aydyady.
annageldi | 2008-05-31 15:49:56
hajy bilen araň gowumy? hajy öň meň iň gowy görýän bagşylarymyň biridi. indi, birhili däl. olam onuň soňky aýdýan aýdymlary sebapli. olary ýaman ýuwan görýän. hiç hili many ýok, meň pikirimçe.
Hajyn halypasy Ahmet buldok tejenden. Buldogamam
annageldi | 2008-05-31 15:49:56
ady dagy nähili eken-ä. itiň ady-laý. özüne başgarak lakam tapmadymyka, görgüli!
-
Maxat
16 years ago
- hany dikki-dagy bn kino düşüpdirlera, şonda agajyn üstünde aytyany,
çynar boyly çynara
seyle çyk agşam ara
yolda goyma gözlerim
gel kenara-kenara...
-
Nehir
16 years ago
hany dikki-dagy bn kino düşüpdirlera, şonda agajyn üstünde aytyany,
çynar boyly çynara
seyle çyk agşam ara
yolda goyma gözlerim
gel kenara-kenara...
Maxat | 2008-05-31 16:08:13
aý, hawa, erbet aýdym däl. diňlemezçe däl. häzirki döwürde iň moda aýdymlaryň biri. menem hajyň üstüni doly gömemok, kasoýyňam. ikisem talant. ýöne, hajyň soňky albomyny diňlämde, birhili ýüregim gysýar. şol bir aýdan sözüni gaýtalap dur. öňkileri gaty gowydy. kasoýyňam täze albomy erbet däl. içinde gowja aýdymlary bar. ýöne, onuňam toýda aýdyşynda derek ýok, eken-leý. şu iki bagşy agzy hapa bolman, ýygnanja pulllaryny tüssä bermän, özlerine siňdirselerdi, hökman türkmenistanyň ibrahim tatlises'i bolardylar. meniň muňa sözüm ýok. arman, ýöne, oglanlar ýaşlyk etdiler-dä.
-
CeriumOxide
16 years ago
- Maxat! Nehiriň hajy barada aýtýanlaryna razylyk berýän
shul iki aýdimi diňläp gör.
Çynara(Janly ýazgy)
Mähri(köne ýazgy)
-
CeriumOxide
16 years ago
Bilbil Orazowaň ses-ä ýogyn turbadan çykýan ýaly. Onyň-a düýbünden bolanok.
howa bilbil orazowanyň sesi ýogyn, ýöne käbir aýdimlara gowy gelişýär sesi, "ýadyňda dälmi"nem gowy aýdypdyr("Anastacia"ň sesem ýogyn ýöne özüne gelişýän aýdim aýtýara). bibil orazowany goýmagymyň sebäbi aýdymy hakeýki bolşy ýali aýtmagy
ýadyňda dälmi - Muhammetmyrat Muhammetgulyyew
belki mundanam pälwan gowy diýmegiň mümkin, belki sesi gowy bolup biler, ýöne şul aýdymyň stili şeýle, onsoňam men pälwanyň sesine zat diýemmok, aýdymy aýdyş stiline diýýän hemme aýdymlaryna "gypsy kings"iň stilini goşjak bolýar
-
Azik
16 years ago
- Agzalar bu ay Paliwanyn Stambul şaherinde konserti bar. Gatnaşmak isleyanler gelip bilerler.
-
CeriumOxide
16 years ago
annageldi, senem aýdymçymyň-aý, dost! tüweleme!
şu mowzugy gör ;)Annageldi gitarist
-
agayunus
16 years ago
- palwan halmyradow
"ýalňyz sazanda"
aýlanyp saz çalýan köçeme-köçe,
millet içre restoranda, barlarda.
ýok, men mes bolamok al-şerap içip,
ýa minnet çekemok ynjyk ýarlardan.
men gedaý; hiç kime elim seremok,
men "hudaý"; hiç kime edemok hüküm,
ýöne men saz çalýan yzyny üzmän,
men saz çalýan, şu dünýede parahat.
çal sazyňy tarlaryňy çepikläp,
çal sazyňy paýradyp göz ýaşyňy,
goý, üstüňden gülübersin süpükler,
üns berme, çal sazyňy ýaşlygym.
millet şerap süzýär, sen gözüň süzýäň,
millet arabaly, a sen pyýada,
ýöne sen saz çalýaň yzyny üzmän,
sen saz çalýaň, şu gowgaly dünýede
men dünýeden doýmadym, doýurdylar deýýuslar,
yşkyň täjin sypyrdylar başymdan.
weýran bolmyş köne şowhunly ýurtlar,
bir men galdym, şol öňkije bolşumdan.
barly wagtym meýlis gurdym barymdan,
ýoksyl wagtym ýeke tekä geçmedim.
göwherdim men, gara guma gardylar,
derýadym men, gurap galdym çeşmeden.
ýigrendiler, aşa söýenim üçin.
meýdimi öz yşkym bilen ýakdylar.
gowgaly dünýeden gitjekdim gaçyp,
a Jennede goýbermedi sakçylar....
-
lukss89
13 years ago
- palwan taze aydymlanna we kliplerine garashyas yaman az cykaryan aydym dinleyjin kan gayrat koprak aydym cykar garashyas!
-
zagajkis
13 years ago
- yok etsenay palwany su wagt gotuni acyp gorsen gowuja supurenem daldir, cyrsap gaydandyr. gotunin boky bilen aydym aydanam bolyar.
PS: Sol aydym aydanda gotuni we ondaky boky goz onune getirip gorun hany.
-
lukss89
13 years ago
- ей готи боклы намане гурлейан осрак от шамашайырды готден гурлемесене тряпка
-
zagajkis
13 years ago
- nesip bolsa sol aydanlarymy osuragyn oz yuzunede aytjak. gapdaldan gotuni sokyanlar yyrtdyrtmajak bolsanyz sokman gotunizi. nesip bolsa mara baryan 1-2 gunden.
-
lukss89
13 years ago
- мара барсан яланач гайдарсында хаха)))))))))))))))
-
Multik
13 years ago
- Zagajkis! Tersine adyñy agzap tutmaýynlaý, sebäbi oglanlañ buýsanjyny ýere salañoklaý!
Dogry aýdýañlaý "s......z, sebäbi sen ýalylar Pälwanyñ aýryp zyñan kagyzyna-da degenoklaý!
-
Multik
13 years ago
- Zagajkis!
Niredeeeeeee sen!
Pälwanyñ bokyça barmow sen, sho bolubilseñem armanyñ ýokdurlaý!
Çort, kime dil ýetirýäñow sen, gel Mara, bu sözüñ üçin üstüñe s......r!
-
zagajkis
13 years ago
- ay aldynay bok-sok, bokuca yok zat diyip. bokuny gowy goryan oydyan shonun. suyjimay?
ber gotuni onda gitde palwana. seni edip durka onun cala supuren gotundaki bokuny hokman goz onune getirginin. dadybam gor.
multik gaty gorme welin, sana zat diyilmanka cisen bolsuna diyyandirin.
-
magnit
13 years ago
- mara barsan hökman ma$yn aldyrarlar :-) aýlanyñ käwagt )))
-
Multik
13 years ago
- S......z! Beýle gürleme hiç wagtam, sen Pälwanyñ ýüzden 1-nede degeñok. Sen kim Pälwan kim?!
Pälwan diýilýän beýik oglan namazly-orazaly oglan. Günde 5 wagtyna namaz okap, yslam dinini berjaý edýän oglan. Diýarymyzda ony tanamaýan gaty az bolaýmasa!
Indi sen kim?!
Iñ bolmanda adyñama oñaryp bileñok, idili adam bolsañ ilki bilen adyñy oñar!?
-
magnit
13 years ago
-
magnit
13 years ago
Pälwan kakan murgap-dandygynam ýatladaýyn :-)
-
Ayjagash
13 years ago
- Palwana soz yokla. Aydymlary manyly. Hasam gitarada aydyan aydymlary gowy.
-
sazanda2
13 years ago
- tuweleme oglanlar, size soz yok!
2008y mayynda acylan tema,
sunyaljak, arhiwden gyzyklyjalarny cykaryana kop sagbolsun aydyan!
MuhaciR 16 years ago- men tomus sana palwanyn öz nomerini tapyp bereyin. tomus talyplaryn dushyshygy bolar, ana shonda nesip. öz nomerimi yazyp iberjek hazir sana.