Uçradym söýgiňe — ýitdi özlügim,
Çyndan duýdum söýülmänem, söýmänem.
Gelip, dolduň ähli ýetmezligimi,
Asyl ýaşap bolýan eken köýmänem.
Indi has süýjedi ömrüň tagamy,
Aýdymlary has üýtgeşik serçeleň.
Göwnüme, itleriň üýrüşem ajap,
Göwnüme, hol kaktuslaram — ter çemen.
Söýýän çogly Güni, söýýän buludy,
Ýagşyny, ýamany söýýän gyradeň.
Dünýäde milliardlap adam ýaşaýar,
A meň üçin olaň sany bire deň.
Gijeler gündiz deý ýap-ýagty indi,
Gündizler gije deý eredip barýar.
Seň söýgiň gussaly Sapaň içinde
Başga bir Sapany döredip barýar.
Güýzüň duýgularyn duýgulam bilen
Bezeýän bolanja yhlasym bilen.
Bir uly YKBALY dünýä getirsin,
Ykbalyň birleşip ykbalym bilen.
Sözüm söz, melegim, artykmaçlygyň
Kemçiligiň bilen bolar gyradeň.
Çünki, sen iki däl, on däl, ýüz-müň däl,
Meniň üçin tapylgysyz BIRE deň!
Sapa Hommadow
Söýgi
-
Dowlet96
3 years ago
- +++++
-
Ulugyz
3 years ago
- Söýgi meň üçin-ä dermany bolmadyk kesel. Gowy zat däl. Ýöne goşgy ajaýyp.
-
Arzuwum
3 years ago
- gowy goşgy, paýlaşanyň üçin sagbol
Ahmedik_97 3 years ago- Sps minnetdar @YAKUP98 SHUL GOSHGYNY PAYLASHSAM BOLARM