Başa-baş göreşiň garyşyk stiliniň russiýaly söweşijisi Habib Nurmagomedow UFC-niň “Ýylyň sabmişni” baýragyna mynasyp boldy. Baýragy alandygy barada ol Instagramda habar berdi diýip, eurosport.ru belläp geçýär.

“Bu baýrak meniň üçin we mirasym üçin diýseň möhüm ähmiýete eýe. Ýyllar geçer, emma taryh saklanyp galar. Meniň karýeramda ençeme ýyllar ýatda galjak möhüm pursatlar köp boldy” – diýip, Nurmagomedow ýazdy.
Ol baýragy oktýabr aýynda amerikaly Jastin Getjini ýeňende ulanan “üçburçluk” demikdiriji emeli üçin aldy. Söweşden soň Habib karýerasyny tamamlaýandygyny habar beripdi.

Habib 24-nji ýanwarda Abu-Dabide geçiriljek UFC 257 turnirinde Dastin Porýe bilen Konor Makgregoryň arasyndaky rewanşdan soň UFC dolanyp biler diýlip habar beriş serişdelerinde gürrüň edilýär.

Sport, Rahmanberdi__M tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir