Gõzelleñ ãhlisin goyup, biryana,
Seçip-saylap, seni sõysem sõyermiñ?
Yer gõrküñe ashyk bolup gayybana,
Gül keshbiñe hormat goysam sõyermiñ?

Gar kürãp, tüweley her yan çarpanda,
Asman-zemin bir birini tapanda.
Gazaply ayazda, apy-tupanda
Yoluña seredip, buysam, sõyermiñ?

Hã açyldyñ asman yaly durlanyp,
Kã gülip nãz etdiñ, kã gaharlanyp.
Mübãrek garshyñda her yan pyrlanyp,
Perwanalar bolup kõysem, sõyermiñ?

Jemalyñ kalbymda mukam dõredip,
Hayran etdiñ yüregimi eredip,
Ya-da gõzleriñe gõni seredip:
"Gülüm seni sõyyãn" diysem sõyermiñ?
Halyl Kulyyew

Edebiýat, LadaKalina. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir