I.
Terjimeçilerim,
Salawmaleýkim!
Meniñ adym Puşkin,
Bilemok siz kim?
"Öldürildi şahyr ~
Namys ýesiri"
Diýseler-de heniz,
Ölemok - diri.
Dünýäde ýaşasa,
Ýekeje şahyr,
Men entek-entekler
Ölmerin ahyr!
II.
Men namys ýesiri,
Siz pul ýesiri.
Öldürjek bolýañyz ~
Men bolsa diri!
Meniñ öz öýüm bar,
Hem-de öz sesim.
Ýoýmaga haky ýok
Ony hiç kesiñ!
III.
Betgelşigem bolsa
Öñki durşum bes.
Siz Puşkini ~ Musin
Edipsiñiz tas.
Bu neneñ ryswalyk,
Hem bihaýalyk,
Näme diýer muny
Gören halaýyk?
Ykbalymy size
Ynanan gör kim?
Men buýsançly Puşkin,
Bilemok siz kim?
IV.
Men çydap bilmerin
Hiç beýle hala.
Häziriñ özünde
Çykyñ duele!
Sebäbi, şeýtmäge
Bar meniñ hakym.
Men ~ buýra saç Puşkin,
Çýort bilsin, siz kim?..
Berdinazar Hudaýnazarow
Puşkiniň monology #talypçy
-
Jeksparro
3 years ago
- Düşünmez ýaly näme bar? Berdinazar Hudaýnazar beýik Puşkiniň içgepletmelerini çeper obraz bilen dile getiripdir...
-
Jeksparro
3 years ago
- Men - buýra saç Pişkin,
Çýort bilsin, siz kim???
:D terjimeçilere sögýär...
-
soho
3 years ago
- bet goshgy eken, minnetdar yetirenine!
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- Sag boluň, Minnetdar
-
sssss_1
3 years ago
- Örän gowy Sabirow
Paris 3 years ago- Dusunmedim walla