Bir himiýa mugallymy, professor özüniň ýiti zehinine we ukyp-başarnygyna görä, Nobel baýragy bilen
sylaglanýar. Günleriň bir güni ol sapak okatmaga baranynda, bir talyby ondan:
— Hormatly professor, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda üç müňden gowrak ylym adamy barka, Nobel
baýragyny näme üçin size mynasyp gördüler? Sizi
beýlekilerden tapawutlandyrýan aýratynlyk nämede?
— diýip sorapdyr.
Soragy diňlän professor bu üýtgeşik sowala:
— Hawa, dogrusyny aýtmaly bolsa, şu zatlar üçin
men ejeme hoşal bolmaly. Sebäbi ejem men okuwçykam, başgalaryň ejeleriniň soraýan zatlaryny menden
üýtgeşik edip sorardy — diýýär. — Başgalaryň ejesi:
«Oglum, gyzym, aýt hany, mugallymyň beren soraglaryna gowy jogap berip bildiňizmi?» diýip soraýan
bolsa, meniň ejem: «Sen bu gün mugallymyňa nähili
sorag berdiň?» diýip sorardy. Ine, meniň beýlekilerden tapawutly tarapym. Şondan soň men hemişe-de
soramagy we bilmedik zatlarymy sorap öwrenmegi
endik edindim. Häzir hem özümi gyzyklandyrýan islendik meseläni sorap öwrenýärin we ýene-de dowam
ederin — diýip jogap beripdir.


Chesme:Edebiyat we Sungat gazeti.!

Edebiýat, Shatlyk. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir