Mosartyñ "Rekwiem re-minor"-y bilen, Atajan Eýýubyñ "Awaza"-syny iki telefonda 1 wagtda aýtdyryp, aýra gulaklyklaryñ her biriniñ bir ses çykarjysyny bir gulagma salyp diñledim.
***
Žurnalyñ baş sahypasynda ýerleşdirilen Anjelina Joliniñ suratyny ruçka bilen redaktirläp, ýüzüne murt we sakal çekdim. Gözüne äýnek geýdirip, saçyny hüžžertdim. Bir hili Talstoýada meñzemän duranok şula...
***
Sowdajydaky gazly içgileriñ ählisini bilgeşleýinden elimden gaçyrdym. Soñra olary elime alyp silterledim. Gapaklarny açdym. Çogan köpürjikleriñ netijesinde azalan içgileriñ azalanyny bildirmezlik üçin gaplary biraz gysyp täzeden gapaklarny ýapdym we sowadyjynyñ doñýan kamerasyna saldym.
***
Özümizden aşaky gatda ýaşaýan goñşymyzyñ balkonuna süýjüden boşan gaplary zyñyşdyrdym. Meniñ zyñanymy bilmediler.
***
Joramy myhmançylyga çagyrdym. Gürleşýän oglany barada aýdyp berdi. Öwdi. Men gepe başladym. Ol oglany tanamasamam, tanaýanlygym we onuñ baryp ýatan kezzaplygy barada bir näçe toslamalary otardym. Tanyş gyzlarymyñ biriniñ gürleşip başlan oglany bilen joramyñ söýgülisiniñ adynyñ meñzeşliginden peýdalanyp, ýanymda däl tanşyma jañ etdim we ol oglan barada köp zat gürleşdim. Ol gyz ol oglanyñ özüni almak üçin guda ugratjak bolýanyny aýtdy. Telefony öçürdim we jorama "ikiñiziñem suratyny görkezen oglanyñyz şol bir oglan" diýdim. Joram lapykeç boldy we gepleşýän oglanynyñ belgisine sms ýollap, ony gara sanawa goşdy. Aglady. Gynanansyradym...
***
Okap oturan kitabym içimi gysdyrdy. Kitabyñ arkasyndaky awtoryñ suratynyñ ýüzüne, gyzyl ruçkany gaty basyp "bolgusyz kitap ýazypsyñ" diýip ýazdym.
***
Aşhanada unaşyñ çorbasyny özi taýýarlap, ýaýan hamyryny inçejik-inçejik aş görnüşde kesmegi maña ynanan uýamyñ ynamyny ödedim. Toý pişmeleriniñ şekilini juda gowy görýän. Gowy görýän zadymy edip lezzet aldym.
***
Uýam bilen ejemiñ seriýal görýän wagty golaýlanda, tuneriñ pultyny gizledim. Köp gözlediler. Tuneriñ ýüzünden kanallary üýtgedip bolmaýanlygy üçin olar bu gün aglaşmanjyk, ir ýatmaly boldular. (Pulty hammam haladynyñ jübsinde gizläpdim).
***
Ýatýan krowadymyñ üstünde dik durup böküp oýnadym. Soña baka krowatda böküp ýere düşdüm we ýene onuñ üstüne münip bökdim. Demim demime ýetmedi.Aýagym agyrýar...
***
Günim gowy geçdi. Samsyklabildim. Ynandyñmy?! Alladyma.
Küýsedim!
Bu günki eden işlerim
-
Fermersha
3 years ago
- Angel senmi? Ozal şol paýlaşypdy ýalñyşmasam
-
Sada...
3 years ago
- :-D
-
soho
3 years ago
- Gowy :-)
-
ODINOKIY
3 years ago
- Samsyklaç Hem Suwjuk Zatlar
-
#Yigit
3 years ago
- Gowmy Nirden siz
FanB... 3 years ago- Dispearos Sen gyzmy