Iň uly şokolad teňňesi.

Iň uly şokolad teňňesiniň agramy 658 kg.
2012-nji ýylda Italiýanyň Bolonýa şäherinde BF Serwizi SRL tarapyndan gurnalan Ciocco Show sergisinde halka hödürlendi.

Alýumin banklaryndan taýýarlanan iň uzyn zynjyr

Iň uzyn alýumin zynjyry 66343 bankadan taýýarlanypdyr.Ol ABŞ-nyň Wiskonsin ştatynyň De Per şäherinde taýýarlanýar
Jemi zynjyryň uzynlygy bäş kilometrden gowrak.

Dünýädäki iň uly futbolka.

Dünýädäki iň uly futbolkanyň uzynlygy 85,74 metr, ini 55,13 metr. Rekordyň goýlan ýeri Neşwil, ABŞ.

Iň uzyn piknik stoly.

Iň uzyn piknik stoly San-Fransiskoda oturdyldy.
Uzynlygy 305 metr.

Iň beýik it.

ABŞ-nyň Illinoýs ştatyndan bolan Nowanyň beýikligi 89,2 sm, agramy 72,5 kg.

Dünýädäki iň uzyn ýük awtoulagy.

Dünýädäki iň uzyn awtoulag. Amerikalylar Jen we Bred Kempbelliň adaty bolmadyk gurluşykçylyk ukyby bar.
Uzynlygy 9,75 metre ýetýän uly tigirlerde iň uzyn ýük awtoulagyny döretdiler.

1 sagatda öndürilen iň köp gül küýzesi.

Bu ýazgy, 2009-njy ýylyň 28-nji iýunynda bir sagatda 150 küýze ýasaýan küýzegär Mark Bilese degişlidir we şonuň bilen küýzegär ýarmarkasynda ýaryşda ýeňiji boldy.

Iň agyr erkek bodybilder.

Daniel Sekarezi bu rekordyň eýesidir. Agramy 134,99 kg, beýikligi 1,87 m.

Sygyrlaryň iň uly ýygyndysy.

ABŞ-ly Denis Tubangi 2429 sygyr bilen baglanyşykly zatlaryň ýygyndysyna eýelik edýär.
Denis kolleksiýany 1990-njy ýylda ejesiniň aşhanasynda sygyryň heýkeljigini görüp başlady.
Ýygyndydan iň halanýan zady, goňşulary tarapyndan bagyşlanan kiçijik ölçegli oýunjak göle.

Iň çalt kofe taýýarlyk.

Awstraliýaly Barista Lisa Tomas iň çalt kofe taýyarlamak rekordyny täzeledi.
Bir sagatda 420 kapuçino ýasady. Ýagny, minutda ýedi käse kofe!

Dünýädäki iň uly burger ýygyndysy.

Germaniýada çalt naharlara bagyşlanan dünýäde iň uly kolleksiýa bar.
Nemes Garri Spurl 3724 elementden ybarat bolan bu ýygyndyny düzdi.

Iň uzyn ýüňli eşek.

Puatu eşegi üçin seýrek hadysadyr, dünýäde bu tohumyň diňe 400 töweregi wekili bar, uzynlygy bir metre ýetýän iň uzyn ýüňi hem bar.

Iň uly ekzoskelet.

Wankuwerli Jonatan Tippett Ginnesiň rekordlar kitabyna dört aýakly äpet roboty bilen girdi.
Ony proýektini düzmek üçin 10 ýyl töweregi wagt gerek bolupdyr we ony ýygnamak üçin diňe bir ýyl gerek bolupdyr.
Robot aerokosmika tehnikalary ýasalmak üçin ulanylýan polat turbalasyndan ýasalypdyr.
Robot iki sany elektrik hereketlendirijisi bilen dolandyrylýar, ýüregi hem bar - litiý-ion batareýalaryndan.
Robotyň parametrleri:
Agramy - 1600 kg,
Boýy - 3,96 m,
Uzynlygy - 5.1 m,
Ini - 5.51 m.

Iň uly gaýtadan ulanylýan maddalardam ýasalan mozaika.

Adu Dabiniň öňdebaryjy ekologiýa toplumy Masdar şäheri täze dünýä rekordyny goýdy.
Abu-Dabidäki halkara howa menzilinden uzak bolmadyk ýerde gaýtadan işlenen materiallardan: karton, alýumin gaplar, plastik çüýşeler üçin uly mozaika oturdyldy. Elementleriň sany 90,500 bölek.
Mozaikanyň meýdany 1015 inedördül metr.

Tutankhamunyň iň uly portreti.

Kairde,Uly Müsür muzeýiniň öňündäki meýdançada Tutankhamunyň portreti goýuldy.
Kofe üçin öndürilen plastik bulgurlar material hökmünde ulanyldy, jemi 7265 bulgur ulanyldy.
Ýasamak üçin wagt - 12 sagat.

2020-nji ýylyň iň gowy filmi.

Günorta Koreýanyň “Parazitler” komediýa dramasy baý adamlaryň öýlerinde iş tapmak üçin aldanan garyplaryň maşgalasy hakda gürrüň berýär.
Bu film uly täsir galdyrdy.
4 Oskar, Sputnik, Altyn globus - 2020-nji ýylda baýraklaryň we sylaglaryň sany boýunça öňdebaryjy boldy.

Dünýädäki iň uly alma.

Ýapon agronomy Çisato Iwasagi 1,849 kilogram agramly alma ösdürip ýetişdirdi.
Bu waka 2005-nji ýylda bolupdy.
Şondan bäri iň uly alma rekordyny täzäl bilen ýok.

Iň lezzetli piwo.

Hünärmenler 2013-nji ýylda Primator Weizenbier atly çeh piwo içgisiniň tagam hilinde öňdebaryjydygyny kesgitlediler.
Çehiýanyň hemişe lezzetli we ýokary hilli piwo bilen meşhur bolmagy bu geňdäl. Şol marka iň oňat bugdaýdan ýasalan içgi diýen ada hem eýe boldy.

Iň owadan dag.

Resmi taýdan 1966-njy ýylda dünýäniň iň owadan dag ady bilen Peru Andlarynyň iň owadan we barmasy kyn depeleriniň biri - Alpamaýo sylaglandy.
ÝUNESKO bu dagy tebigy täsinligi bar bolan daglaryň arasynda iň owadan dag hökmünde ykrar etdi.

Iň kiçi ýazgy.

Ine,iň kiçi ölçegde tekst ýazmak geň galdyryjy, ony adam gözi bilen görmek mümkin däl, diňe 400x mikroskopda görmek mümkin.
Şeýle ýazgyny Beýik Britaniýanyň ýaşaýjysy Graham Şort goýdy.

Iň uzyn seriýal.

72 ýaşly ýa-da ömürli seriýal. “Ugurgörkeziji ýagtylyk” 1937-nji ýylda radio seriýasy hökmünde dünýä indi we 1950-nji ýyllaryň başynda telewizorda görkezildi.
18 müňden gowrak bölümden we durmuş hekaýalaryny bulaşdyran we üýtgedilen köp sanly gahrymandan ybarat.

Iň gymmat zajigalka.

S.T. Dupont kärhanasy müşderilerine ajaýyp sowgady, ýagny takmynan bahasy 75 müň dollar bolan zajigalkany hödürledi
Bu aksessuar ak altyndan ýasalyp, takmynan 470 göwher bilen örtülendir.

Salar de Uýuni

Dünýädäki iň uly duzlukdyr.Gurap, gözýetimde 4050 inedördül kilometre çenli uzalyp gidýän açyk duz taryhda uly köliň yzydyr.


Şweýsariýada 2700-e golaý Santa Klaus dagda lyžyda typdy.

Şweýsariýanyň lyža kurortynda täze möwsüm ilkibaşda 2017-nji ýylda Santa Klausyň köpçülikleýin gelmegi bilen açyldy. Çärä Santa Klaus ýaly geýnen 2665 adam gatnaşdy. Bu netije Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Amerikan aýalynyň rekord mukdarda pişigi bar

Ginnesiň rekordlar kitabynda bir adam bilen ýaşaýan rekord mukdarda pişigiň bardygyny belläp geçildi.Amerikaly Linea Lattanzio-nyň öýünde 700 pişik bar.

Dünýädäki iň uly salat Peruda taýýarlandy

Perunyň Trujillo şäheriniň ýaşaýjylary 784,53 kg agramly artokok salatyny taýýarlap, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdiler.

Russiýaly bir türgen 436 kg ştangasy bilen dünýä rekordyny goýdy

Russiýa Federasiýasyndan 40 ýaşly türgen Mihail Şiwlýakow 436 kilograma barabar ştangany götermegi başaryp dünýä rekordyny goýdy.Rekord ussatlaryň kategoriýasynda goýuldy,bu kategoriýa gatnaşyjylaryň ýaşy 40 ýa-da ondanam köp.

Meteorologlar Demirgazyk ýarym şarda pes temperaturany hasaba aldylar
1991-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Grenlandiýanyň meteorologik stansiýasynda temperatura -69,6 ° C hasaba alyndy.Bu görkezijini BMG(Bütindünýa Meteorologik gurama) Demirgazyk ýarym şarda iň pes hasaba alnan temperatura diýlip ykrar etdi we Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizildi.

Uzak uçuş

Russiýanyň ýokarysesli strategiki bombaçy uçar Tu-160 uçuş aralygy boýunça täze dünýä rekordyny goýdy.Uçar howada 25 sagatdan gowrak wagt geçirdi.Ýoluň uzynlygy 20 müň km-den gowrak.

Ýer togalygynyň iň garry ýaşaýjysy, 118 ýaşyny belledi!

Ýapon zenany Kane Tanaka özüni gaty gowy duýýar we durmuşdan lezzet alýar. Geljekde hatda Tokioda tomusky Olimliýa oýunlarynda Olimpiýa fakel estafetasyna gatnaşmagy meýilleşdirýär.

Iň uly meduza

Meduza Nomura, dünýädäki iň uly meduza hasaplanýar. Bu meduza diametri uly adamlaryň ortaça beýikliginden ýokarydyr.

Dört aýakly ekzoskelet Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Dört aýakly ekzoskelet Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.Prosthesis dünýädäki iň uly ekzosklet boldy. Gigantyň beýikligi 3,96 metr, uzynlygy 5.1 metr. Bir ýarym tonna agramly ekzoskelet sagatda 32 km tizlige ýetmäge ukyply. Döredijiler şeýle enjamlaryň ýaryşyny gurnamagy meýilleşdirýärler.

Koenigsegg giperawtoulagy täze rekord goýdy

Şwesiýaly giperkar Koenigsegg Regera tizligi sagatda 400 km tizlikde täze dünýä rekordyny goýdy. Awtoulag sagatda 400 km tizlige 31.49 sekuntda tizlige ýetmegi başardy. Şol bir wagtyň özünde,onuň tizligi iň soňky pes tizlige gelmesi 8,62 s.

Iň güýçli maňlaý: Jon Ferraro

Amerikaly Jon Ferraro maňlaýy bilen bir metal demir aňsatlyk bilen egilip, dyrnakda çekiç we kellesi bilen beton plitany döwüp biler. Häzirki wagtda Jon Ferraro Ginnesiň rekordlar kitabynyň goşa rekordsmeni.Ilkinji gezek sement bloklaryny kellesi bilen döwdi, ikinji gezek agaç tagta 5 kellesi bilen çüýlemegi başardy.

Dünýädäki iň uzyn deňiz köprüsi

Dünýäniň iň uzyn deňiz köprüsi 55 km-a eýe bolup Hytaýyň günortasynda açyldy diýip, HHR Merkezi telewideniýesi habar berýär. Gonkong, Makao we Guangdong welaýatynyň Žuhai şäherini baglanyşdyrdy.

Uzyn bökmekde pişikleriň arasynda rekord saklaýjy

ABŞ-ly pişik Elli.1,83 metr aralygy bir ýerden böküp Rekordlar kitabyna goşulmak hukugyny tassyklady.

Iň uly skripka.

Nemes ussasy uzynlygy 4,2 m we ini 1,23 m bolan skripka ýasady. Skripka kemençesiniň(smyçogynyň) uzynlygy 5,1 m. Bu skripkany çalmak üçin üç adam gerek: ikisi kemençäni herekete getirmeli, biri kirişlerini basmaly.

Çemodana girmek üçin iň az wagt sarp edildi

Nýu-Yorkorkly Lesli Tipton 5.43 sekuntda çemodanyň içine girdi.


Diliň göterip biljek iň agyr agramy

Diliň iň agyr göterilmegi boýunça dünýä rekordy Tomas Blektorn tarapyndan goýuldy. Blektorn, agramy götermek üçin diline gaňyrçagy ildirip, 12,5 kg-ny göterip bildi. Blektorn 5 sekuntdan gowrak agram saklamagy başardy.

Iň geň iýmit iýýän adam

Adaty bolmadyk iýmitleri iýmek barada aýdylanda bolsa, hiç kim fransuz Mişel Lolitony unutmaýar. Lotito ömründe 18 welosiped, 15 supermarket arabasy, 7 telewizor, 6 çilim, 2 krowat, bir jübüt lyža, bir kompýuter we hatda bir ýeňil Cessna uçaryny iýdi.

Dünýädäki iň çalt okyjy.

2009-njy ýylda aradan çykan Kim Peek kitaplary çalt okap bilýärdi we okan zatlarynyň hemmesini diýen ýaly ýada salýardy.Kitap 1 sahypasyny okamak üçin oňa 8-10 sekunt gerek boldy we sahypalary dürli göz çen-çaky bilen aýratyn okady. Synag geçirilende, tekstiň takmynan 98% -ini ýatdan aýdyp bilerdi. Muny nädip edendigini hiç kim düşündirip bilenok.


iň kiçi sapança

Şweýsariýaly hünärmenler dünýädäki iň kiçi işleýän sapança döretdiler. Uzynlygy 5,5 sm, agramy - 19,8 g, kalibr - 2,34 mm, okuň agramy - 0,128 gr.

Brian Berg dünýädäki iň sabyrly adam!Oýun kartlaryndan çylşyrymly konstruksiýalary ýygnaýar, soň bolsa ... özi ýok edýär!


Şu wagta çenli iň gödek futbol oýny

1969-njy ýylyň 3-nji noýabrynda Hauli(Hants) bilen Tongem ýaşaşlar kluby Surreýiň arasyndaky futbol oýnunda toparlar ikisi üçin takmynan 22 gyzyl kartoçka aldy. Netijede, oýunçylaryň hemmesi meýdançadan birine çykaryldy!

Professional kanatdaýöreýji Raýnhardt Klaýndl Germaniýanyň Frankfurt şäherinden 185 metr beýiklige çykyp, täze dünýä rekordyny goýdy.

Hindi dükany Radhakant Baijpai iň uzyn gulak saçlary boýunça rekord saklaýar.
Uzynlygy 25 sm-den gowrak, adaty bolmadyk uzyn saçlaryny şowlulygyň we abadançylygyň nyşany hasaplaýar we şonuň üçinem ony kesmek niýeti ýok.

Wirtual hakykatda iň uzak durmak.

Jek Makni wirtual hakykatda 36 sagat 2 minut 16 sekunt sarp edip, şu güne çenli wirtul dünýäde iň uzak wagtlap durup bilip,Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

«Oasis of the Seas» - dünýäde iň uly kruiz gämisi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

Keniýaly Kimani Maruge dünýäniň iň garry okuwçysy boldy.Ol 84 ýaşynda 1-nji synpa bardy.
Gynansagam, orta bilim şahadatnamasyny doldurmak üçin iki ýyl galanda ýogaldy.

Iň uly hopak(ukrain milli tansy)
Iň uly hopak Harkow şäherinde (Ukraina) tans edildi. Şäher merkezinde 432 adam ukrain halk tansyny ýerine ýetirip, rekord goýdy.

Kino taryhynda iň köp girdeji gazanan gorkunç film
Kino taryhynda iň köp girdeji gazanan gorkunç film “Ono” filmi boldy.
Filme eýýäm 0,5 milliard dollardan gowrak pul ýygnamagy başardy.

Iň çalt otly

MLX 01, dünýäde iň çalt otly, sagatda 600 km geçmäge ukyply ukyply.


Dünýädäki iň uzyn ulag dyknyşygy Hytaýda hasaba alyndy. Uzynlygy 260 kilometre ýetýär.

BMG-nyň ýygnagynda iň uzyn çykyş 4 sagat 29 minut dowam etdi.Bu çykyşy Fidel Kastro ýerine ýetirdi.

24 sagadyň içinde 150,000 gezek ýüp bökmek.
36 ýaşly ýapon adamy Hijiki Ikuýama ýüp bökmek boýunça täze dünýä rekordyny goýdy.


Hiç bir programmadan maglumat ulanylmady
Çeşme:Internet sahypalaryndan
Taýýarlan we Terjeme eden:Реалист01
Wagty:12.01.21ý 10:46
#Talypçy

Bilim, Реалист01 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir