Hak seni raýyňa goýmuş jahanda,
Ede bileniň et munda, çilimkeş!
Diwan gurlan güni hasap jaýynda,
Jowabyň nämedir anda, çilimkeş!
Kuwwatyň kemelder, güýjüň az durar,
Keýpi kellä gelse, aklyň azdyrar,
Süňňüňü syzdyrar, etiň gyzdyrar,
Bir nyşana budur sende, çilimkeş!
El götergil beýle nähak talaşdan,
Puluň köýer, içiň ýanar bu işden,
Erte garnyň doldurarlar araşdan,
Zähmi çykmaz, galar janda, çilimkeş!
Iki dünýä ýagşylyk ýok egriýe,
Kişi bolsaň, gadam goýgul dogruýa,
Binamaza, gybatkeşe, ogruýa
Ýoldaş bolar yowuz günde çilimkeş!
Magtymguly, möwlam jandan ýakyndyr,
Çilim bir şor suwdur, ten bir zemindir,
Iman bir tilkidir, göwre bir hindir,
Tilki tüssä dözmez hinde, çilimkeş!
Magtymguly Pyragy
Çilimkeşler barada Magtymgulynyň ýazyp giden setirleri
-
*Hemedany
3 years ago
- Magtymguly atam ýaly intek şahyr görmedim. Her setirinde 100 müň many bar.
-
#Bandit
3 years ago
- *Hemedany dogry aydyan dos!
-
*Hemedany
3 years ago
- Yslam dininden gowja habarly bolanlar Magtymgulynyň goşgusyna has gowy düşünse gerek!
-
Pegas
3 years ago
- Menem çilimkeş.
#Bandit 3 years ago- Gaty many kan Magtymguly aga