salam millet bu yere taze bir zat goşmagy yuregime düwdüm. gownunuzden turar diyip umyt etyan bir Aşyk yigidin soygulisine hatyny (hat hem dal her gün yazyan günlük diysenem boljak)bari gecirmekci bir okaşdyryp gorersiniz aşyklar şeyle bolmaly diydim men a bir okamda.yetişdigimden her gün yazmaga synanşarn.

Köneler, .x_xXx_x. tarapyndan 15 years ago
    .x_xXx_x. 15 years ago
  • 21.04.2008

    Gowjamy ýagdaýlar? Bu gün hem bu döwük galamymy elime aldym. Öňümde ak kagyz, elimde alam, akyl-huşumda bolsa sen. Sensiz geçen bu günler maňa bir boş ömür ýaly...
    Daşary çykdym weli el-ele tutuşyp ýören ýaş juwanlary gözüm olarda galdy, seni ýatladym. Ýanymda bolsadyň, elime alsam elleriňi, tutsam inçe billeriňden, bir posa bersem...
    Bular haýaldan başdan hiç zat däl. Iň bolmanda şu wagtlykça.
    Seň bn duşuşmagy arzuw etýän, ol gün meň üçin iň bagtly gün bolar. Beýle pursady hiç zada çalyşman.
    Wah ezizim, seni oýlap ýazyp otursam müňläp kitap dolar. Yzy üzülmez setirler biri-birini kowalar. Şonda-da seniň waspyňy doly ýetirip bolmaz. Gara göz, galam gaş, gara saç, inçe billeriňden aýlanaýyn.
    Gijäň rahat bolsun. Düýşümde seni görmek umydy bn

    Arzuwçyl söýgüliň ................
    .x_xXx_x. 15 years ago
  • bu hat birinji hat:

    20.04.2008

    Salam ezizim
    Bu günümem sensiz geçdi.Seni nähili göresim gelýänni bir bilseň...
    Öýden çykyşym bn awtobusa mündüm.Okuwa gitmeli sapaga girmeli...
    Seni oýlap göz öňüme getirip oturşyma okuw ýerine nadip baranymy bilmän galpdyryn.
    Aramyza bu aýrylygyň düşenine ýakyn wagtda 7 aý bolýa. Ikimize de berekella diýäýmeli. Men sen sensiz bu alys ülkelerde, sen bolsa mensiz ol gözel diýarymyzda. Iki yürejigiň hem arzuwy “Hany söýgüli yýaryma gowşup bilsem...” Soňky ýazan hatyňy okadym. Gülüp heziller etdim. Näme bar näme ýok hemmesini ýazypsyň.
    Bilýänmi näme? Mende seniň ilkinji hatyň häli hem bar. Ol haty okap häli gülesim gelýä.hehe. “şunça bile gezsegem men seni tanap bilmändirin”, “Men seniň hatyny okap aglaýan,näme üçin aglaýanymy bolsa özümem bilemok” şu setirleriňi okasam weli seniň ol gözýaşly owadan jemalyň göz öňüme gelýa
    Şu wagt hem ýanymda bolsadyň diýip duýgularymy hata döküp, ak kagyzy kir;edip otyryn. Bu günlük şular bn ýetiýän.ertir ýene kagyz ýüzünde görüşýänçak. Seni söýýän, diňe seni isleýän



    Söýgüliň ...........
    .x_xXx_x. 15 years ago
  • 23.04.2008

    Salam gözümüň nury,
    Her gün ýazýadym weli düýn ýazmandyryn. Bir gün elimden gaçyp ýetişdi.
    Bu günem boş geçdi. Baýramçylyk sebäpli okuw bolmansoň gün boýy öýde boldum.Oturup seni oýlaýan weli göz öňüme getirmekden başga alajym ýok. Elimden seni oýlamak, seni islemek we her günkü hal-ýagdaýymy saňa bildirmek gelýä.
    Haaa bu günüň bir üýtgeşik dostlam bn basketbol oýnamaga gitdik.gowja geçdi. Ylgadyk, bökdük. Garaz bir stress atdyk. Şu wagt hem şonuň ýadawlygy bar. Elimde döwük galamym ýatmankam seniň bn ýene bir gezejik gürleşeýin diýdim. Ýatmazdan ozal her ýaňagyňa bir öpüjük gonuduryp “Gijäň rahat bolsun ezizim.”diýmäge geldim. Bal süýjüsi düýşler gör. Allajan biziň päk söýgümizi baky eýlesin. Sag aman ýatyp tur.


    Ezizin ........................
    MURAT MN 15 years ago
  • slm hormatly avtor senin bu yazan zatlaryn menin baham 555555555 berekella very vell bu hatlary senmi yazdin ve ya bir yerdenmi göcürdin sana sag bolsunlarym menin yüregimden turdy gözlerimin yaşi yuvaş yuvaş akdy menin yagdayim edil hatda yazilişi yali yöne bize 6 ay bolya
    guler_yuzli 15 years ago
  • vah gowja yazilan setirler.bular yali uzak oylanybam yazip bolmaz kopurak yazsana hasam gowja bolardy:)gownumden turdym ullakan 5-lik:)
    kakabay 15 years ago
  • hoş geldin 5 x-ler!
    arazik yagdaylar dost!
    yalnyz 15 years ago
  • salam gardashlar we dertdeshler. menem bu yazylan hatlar barada oz dushunjami yazmakchy. dogrymy aytsam, mana gora, birhili bular yaly zatlar yazmak. menin dushunjame gora söygiňi soz bilen terjime edip bolmayanmyka diyyan, belki-de men garshylykly hichkimi soyup gormanson bu sheyledir. birhililay beyle zatlar yazyp oturmak. name diyjegimi-de bilemok. yone yene-de diyjegimi diyaydim oydyan.
    Ayka 15 years ago
  • bu setirler diysen manyly! soyyan yurek bu setirleri okap aglaman durup bilmez. sana mun sapar 555555555555555555555555555555555555555-lik az diysen boljak. senden haysyt yzyny dowam etdir!!!!!!!!!
    garagum 15 years ago
  • Hmmm... şeyle hat hiç yazyp görmedim. yazmakda hiçhili many hem goremok. halamokda...
    p.s. dost, sen maňa üns berme, dowam et! :)
Teswir ýazmak üçin Içeri gir