Bir supradan tagam iýen dostlaryň,
Ýüz öwürip,kese baksa nädersiň.
Syr ynanyp,syrdaş diýen dostlaryň,
Pynhan syryň ile dökse nädersiň?!

Aýlanyp dur,çarhypelegiň çarhy,
Dostlaň bir-birinden köp eken parhy.
Bolmasa-da dostuň bahasy-nyrhy,
Seni "satyp" içiň ýaksa nädersiň?!

Hak dostundan borsuň mydam tamaly,
Aradan ötmese şeriň şemaly.
Ykbal duş eýlese bir bikemaly,
Olam çür depäňe "çyksa" nädersiň?!

Men bilmedim kime gülüp bakmaly,
Kalbyňdaky derdiň kime dökmeli.
Kim başarar,dymyp hesret çekmegi,
Dost diýenleň senden buksa nädersiň?!

"Dost-dostuň" aýnasy diýen danalar,
Çyn dostlar dost üçin jan berip,jan alar.
Dözmez dostlaň kyn gününde sanalar,
Kimler şol gün göwnüň ýyksa nädersiň?!

Wezipeli günüň "dostuň'' kän bolar,
Özlerem şeýlebir "jana-jan" bolar.
Adyň tutulanda-"pylan jan" bolar,
A birdenem bagtyň çökse nädersiň?!

Gapyňdan gelende gujak gereniň,
Sarpalap,törüňden orun bereniň.
Jan ynanyp,hossar diýip ýöreniň,
Gözňe barmagyn soksa nädersiň?!

Edebiýat, Нежная леди tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir