Gadym bir zamanda mollalañ biri:
"Ýaramaz gylykly adamlañ bary-

Aýalbaz, ogrular, talañçy, kezzap...
Bu pany jahanda çekmesin azap.

Dert-belalar sowlup geçsin olardan!"
Diýip, Alla ýalbarýarmyş münberden.

Goşup baryn gowularyñ sanyna,
Doga okarmyşyn olañ şanyna.

"Olar mynasyp däl alkyşa, sena,
Hersiniñ boýnunda dag ýaly günä.

Bu etmäñ bolanok" diýenlerinde,
Molla aýdan: "Meñem aklym ýerinde.

Sizmi maña akyl, terbiýe berjek?
Ýurt ýykan kezzapdym özümem birçak.

Ömrümiñ kän ýylyn şemala berdim,
Şumluk tapsa - içi gülýänlerdendim.

Meñ toba gelmegme sebäpkär bolan
Dogrymy sözlesem, siz däl-de, olar.

Ýigrenji işlerini näletläp, pisläp,
Päk ýola düşmegi göwnümde besläp,

Olaryñ bolşuny çyndan ýigrendim,
Şeýdip, adam bolmañ ýolun öwrendim".

Käte duşmanmyzyñ hereketleri
Bize has peýdaly, gelende ýeri!

Awtor - Jelaleddin Rumy
Paýlaşan - Perhat Sabirovv
1.01.2021ý 23:02

Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir