Konýa, 1244-nji ýylyň 18-nji oktýabry

Görmedigim görde galandyr. Haçan görseň dirilik bilen ölümiň arasynda elewräp ýörün, men hemişe jennet bilen jähennemiň arasynda rafda. Heýwere keseli adamy şeýle bir derejä ýetirýär welin, ölmänkä öldürip, adamyny diriligine mazara dykýar. Köçelerde ejeleri çagalaryny gorkuzmak üçin barmagyny çommaldyp, meni görkezýär; çaga garagol bolsa, kesekläp, üstümden gülýär, masgara edýär. Senetkärleriň, satyjylaryň dükanyna ýakynlaşdygym, «Küş-küş, gideweri, şumluk getiräýme» diýip, kowýarlar, kowalaýarlar. Hamyla aýallar ýüzüni sowýar, hamala gözleri maňa düşäýse, göwresindäki çaga şikesli dogaýjak ýaly. Ýöne bu adamlaryň hiç biriniň düşünmeýän bir zady bar: olar biz heýwere kesellileri görmejek bolup, ellerinden geleni edäýsinler, esasy zat biziň özümiz − heýwere keselliler olaryň özlerinden hem, olaryň nebsagyryjylykly, dözmezek nazaryndan hem uzagrak duranymyzy kem göremzok!
Heýwere − barypýatan azap. Ol her gün bedeniň, ruhuň bir bölejigini gemirýär. Başda teniň üýtgeýär, deriň reňki garalyp goňraslaşýar, eýlenen deri ýaly galňaýar. Eginlerde, dyzlarda, gollarda, ýüzde julk ýumurtganyň reňki ýaly reňk besse-besse bolýar durýar. Keseliň şu tapgyryndakaň, zol-zol gyzyp duran endamyňda, garynja ýöreýän ýaly alamatlary duýarsyň. Soňra nämedendigi bildirmez, ezýeti gowşap, agyrylar azalar, öwrenişip ugrarsyň. Birden mäzler ulalyp çişer, ullakan çykuwa öwrüler. Eller penjeleşip, ýüz-göz şeýle bir bozulýar welin, tanar ýaly bolanok.
Men häzir keseliň soňky tapgyrynda, gözümiň gabaklaryny ýumup bilmejek derejä bardym. Gözüm özümden bidin aglaýar, agzymdan elmydama sülekeý akyp dur. Saklap bilemok. Ellerimden alty dyrnagym düşdi, ýedinjisem şoňa golaý. Ýöne geň galaýmaly, saçym entegem öz ýerinde. Her hal, özümi bagtyçüwen saýmaly.
Eşidişime görä, pereňliler heýwere kesellileri gala diwarlarynyň daşyna kowýarmyşlar. Şäheriň derwezelerini bolsa, ýene giräýmesinler diýip, sürgüsini sürüp baglaýarmyşlar. Ýöne Konýada welin, beýle däl. Bu ýerde boýnumyzdan jaň asyp gezýäris. Şeýdip, adamlara duýduryp gezenimizden soň, şäherde aýlanmaga rugsat edýärler. Gedaýçylyk etmäge-de hernä ygtyýarymyz bar. Bolmasa, açlykdan ölerdik. Heýwere keselli bolsaň, diri galmagyň iki ýoly bar: birinjisi, dilegçilik edip gezmek, ikinjisi başgalara dogadileg etmek. Ikisi-de garnyňy aç edenok.
Hernä, ilat biz heýwere kesellileriň dogasynyň kabul bolýandygyna, Allanyň bize aýratyn göz bilen bakýandygyna ynanýardy. Nähili bidereklik! Şeýledigi çyn bolsa, biz şu ýagdaýa düşjekmi? Ýöne şoňa ynanýarlar. Bizi ýigrenseler hem, özleri üçin doga etmegimizi isleýärler. Näsaglaryna, ysmazlaryna, garrylaryna, her jüre derde ýoluganlaryna ýagşy dilegdoga edip ber diýip, biz heýwere kesellileri çagyrýarlar. Aklyk deregine pul berip, garnymyzy doýurýarlar, hoşamaýsyraýarlar. Şu adamlara düşünip bolsady! Köçelerde heýwere kesellileri itçe görmedik adamlar agyr kesele duçar bolaýsalar ýa-da ölüm howpy abandygy, biziň ýagşy dogamyzdan medet hantama. Jemgyýetde ýeke dirhemlik gymmatymyz bolmasa-da, ajalyň elini gezdirýän öýlerinde hanam özümiz, soltanam!
Heran-haçan doga-dileg edip ber diýseler, başymy egip, arapça manysyz sözler aýdyp, hüşgärlik bilen dileg edýänden bolýan. Başga näme edeýin? Şeýtmekden gaýry çäräm ýok, sebäbi Allanyň biz heýwere kesellileri eşidýändigine ynanamok. Maňa munuň beýle däldigi hakynda oýlandyryp biljek wakany hem heniz başymdan geçirip göremok.
Girdejisi gaty ujypsyzja bolsa-da, pul üçin doga-dileg edenimden, el serip, dilegçilik edenim gowy görýän. Bolmanda, gedaýçylyk edýärkäň, hiç kimi aldaňok. Juma günleri hepdäniň iň girdejili günüdir. Elbetde, aýlardan Oraza aýy bolmasa. Mübärek Oraza aýy geldimi, gedaýlaryň güni gelýär, gazanjy goşalanýar. Ylaýta-da, Orazanyň ahyrky güni, şäherdäki gedaýlaryň bary jübüsini doldurýar. Şol gün iň ýeksurun syrnyhlar hem, jübüsinde içýan saklaýan kişilerem, sadaka bermek üçin ýaryşa goýberilen ýaly bolýarlar. Her näçe günä iş eden hem bolsalar, bagyşlanar umydy bilen, Oraza tamamlanmanka, hökman haýyr iş etmek üçin alňasap, elimize ýa-ha iýer ýaly bir zat, ýa-da sähelçe-de bolsa pul tutdurýarlar. Şol gün ýylda bir gezegem bolsa, adamlar gedaýlardan gaçanoklar. Tersine, köçä çykyp, ondan-mundan gedaý, dilegçi gözleýärler. Olar tapan gedaýlary näçe eleşan, näçe ülhit bolsa, şonça-da begenýärler. Wyždanlary şonça-da rahatlyk tapýar. Näderejede eli açyk, haýyrsöýer adamdyklaryny subut etmek höwesi bilen, bir günlügem bolsa, olar bizi ýigrenmegi goýbolsun edýärler.
Dogrusy, bu günem örän düşewüntli gün boljaga meňzeýär. Sebäbi Möwlana Rumy hem wagyz, hem hutba üçin münbere çykýar. Metjit bireýýäm doldy, adamlar gysylyşyp durlar. Içerde ýer tapmadyklar hatar-hatar bolup howluda düzüldiler. Möwlana Rumy nirede wagyz etse, şäheriň gedaýlarydyr jübükeserleri bala üýşen siňekler ýaly bolup, şol ýere ýygnanýarlar. Hakykatdanam, bary bärde. Men ýaly, olaram desbi-dähil taýýar.
Arkamy kerkaw agajyna berip, metjidiň girelgesiniň göni garşysynda oturdym. Ýagşyň ter hem tämiz ysy uzakdaky baglardan gelýän hoşboý ysa garyşyp gidýärdi.
Ýaglygymy öňüme ýazdym. Men beýleki gedaýlar ýaly, gygyryp-çagyryp, ýalbarypýakaryp dilegçilik edemok. Gürlemäge-de zerurlyk duýamok. Öňümde gedaý okaramy goýýanda, sabyr edip garaşyp başlaýan. Heýwere keselli bolmagyň gowy tarapy bar bolsa, meger, şu bolsa gerek. Iňläp, ýalbaryp-ýakarmagyň, gözýaş dökmegiň, nähili betbagtdygyňy ýa-da halyň harapdygyny düşündirmegiň geregi ýok.
Ýüzümi açyp, birje gezek görkezsem, onlarça sözüň ýerini tutýar.
Şu günem şeýtdim.
Köp wagt geçmänkä, okarama birnäçe şaýylyk düşdi. Ählisi-de gädik misden. Käşgä, arasynda birje altyn teňňe bolaýsady. Ýüzündäki tugrasynda Günüň, ýolbarsyň ýada täze dogan Aýyň şekili bolan nyşanlaryň haýsy biri bolsa-da tapawudy ýok. Alaetdin Keýkubat kanunlaryny ýumşadaly bäri, Halap begleriniň zikgeleri, Fatymy dinarlary, Bagdat halyfynyň şaýylyklary, hatda italýan ory hem ulanylýan puluň hasabyna goşuldy. Olary Konýa häkimiýeti ykrar edýärkä, heý-de, gedaýlar kabul etmezmi? Pullar bilen birlikde gujagyma birnäçe gury ýaprak gaçdy. Aşagynda oturan kerkaw agajym gyzylsary ýapraklaryny dökýärdi. Şemal her gezek öwsende olar okarama düşüp duransoň, bu agaç bilen umumy taraplarymyzyň köpdügi barada oýlandym. Güýzde ýapraklaryny dökýän agaç her gün bedeninden bir zatlar kemelýän heýwere keselli näsaga meňzemeýärmi, eýse?
Menem çyp ýalaňaç agaç. Derim, beden agzalarym, ýüzüm dargap dökülýär. Bedenimiň her gün bir parçasy meni terk edýär. Ýöne agajyň tersine, men ýitiren zadymy yzyna alyp bilemok. Meniň üçin şine atara bahar möwsümi ýok. Şu gün elden gideren islendik zadymy müdimilik ýitirýärin.
Kimdir biri okarama pul oklaýsa-da, ony howul-hara, howsalaly, çekeräk durup, özide nazaryny nazaryma düşürmejek bolup taşlaýar. Adamlar pul beren mahaly, gedaýlaryň ýüzüne näme üçin seretmeýändir öýdýäň? Gözlerimize seredäýseler, nazarymyz arkaly özlerine kesel ýa-da bişowluk ýokuşar öýdüp gorkýarlar.
Jemagatyň gözüne biz ogrulardan, jenaýatkärlerden, hatda ganhorlardan hem beter. Şeýle gorkuly etmişli adamlary oňlamasalar-da, bolmanda, olara görünmeýän adama çemeleşilişi ýaly garamaýarlar. Ýöne nobat biz ýaly adamlara geläýse, biz olaryň gözlerine-de ilemzok. Bize bakanlarynda olar diňe ölümi görýärler. Onsoňam ölümiň şeýle ýakyn hem betnyşan bolup biljekdigine ynanaslary gelmeýär. Şonuň üçinem gözlerini nazarymyzdan bukýarlar. Şondan ötri-de ýanymyza gelip, pul oklajak mahallary, hamala, biz ýok ýaly hereket eden bolýarlar.
Men şular ýaly pikirlere çümüp otyrkam, ýeňsede bir ýerde uly galmagal gopdy. Biriniň: «Gelýär! Gelýär!» diýip, gygyrýan sesini eşitdim.
Elbetde, Rumy gelipdi. Onda-da nähili geliş! Aýagynyň aşagynda süýt ýaly ap-ak at bar. Dury sary reňkden tikilen donuna zer nagyşlar salnyp, hünjüdir merjenler tutulypdyr. Yzynda mürşitleri, muşdaklary, bilesigelijiler basgy, özi bolsa öňden buýsanç, paýhas hem asyllylyk ýaýyp gelýärdi. Töweregine mähir-mylakat, ynam hemde paýhas saçyp gelşine gowuja syn etseň, ol alyma garanyňda hökümdara has köp çalym edýärdi. Ol − şemalyň, oduň, suwuň hem topragyň soltany! Aty hem dimdikdi, oňa tüýs mynasyp atdy, üstündäki adamyň hormatlanýan adamdygyny bilýän ýalydy.
Okaramdaky zikgeleri dessine jübüme atdym. Ýüzümiň ýary açyk durar ýaly, bürenjegimi berk daňdym-da, köpçülige goşuldym. Metjidiň içi adamdan ýaňa hyň berýärdi welin, hatarlar juda gysbydy. Ýer tapmag-a beýlede dursun, dem almak hem mümkin däldi. Ýöne, heýwere keselli bolmagyň artykmaç taraplarynyň biri, oda iň mähelleli ýerlerde-de orun tapmagyň aňsatlygydy! Sebäbi hiç kim golaýyňda oturmak islänok, meni görenler dessine yza çekilip, uzaklaşma bilen bolýardylar. Şeýle bolany üçin, özüme bir ýerjagaz tapyndym-da, çöke düşüp oturdym.
Az salymdan wagyz başlandy.
− Eziz jemagat – diýip, söze başlan Rumynyň sesi kä belent, kä haýaltaň çykýardy. – Mahal-mahal hemmämizem şübhä düşüp, özümizi agyr derdiň aşagynda galan ýaly duýýarys. Biz uç-gyraksyz älem bilen deňeşdireniňde kindiwanja nokatjykdyrys. Bedenimiziň mümkinçilikleri çäkli, aň-düşünjämiziň, islegarzuwlarymyzyň, akylymyzyň serhetleri äşgär. Ynha, diňe şu zatlara garap, käbirleriňiz: «Amanat janymyň Alla üçin näme manysy bolsun? Aýbygadym dünýäde meniň näme ähmiýetim, agramym bolup biler?» diýip sowal berýär. Şu günki hutbamyzda, ine, şeýle sowallara jogap bermäge synanyşarys.
Iň öňdäki hatarda Rumynyň iki ogly otyrdy. Agyn merhum ejesine meňzäp dur diýilýän uly ogly Sultan Welet bilen dury ýüz-keşpli, kirpikmen, badam gözli, giň maňlaýly, ýöne töweregindäkileri gaharly nazaryndan geçirip oturan inisi Alaatdin. Olaryň ikisiniňem kakalaryna guwanýandygy görnüp durdy.
Möwlana Rumy sähel säginenden soň dowam etdi:
− Adam atanyň ogullary, How enäniň gyzlary şeýle bir ylym bilen mertebelendirilendir, ýagny ony daglar hem, gökler hem göterip bilmez. Şonuň üçinem Gurhanda şeýle diýilýär: «Biz şol amanady göklere, ýere we daglara teklip etdik, olar ony götermäge het edip bilmediler, ondan gorkdular, ony ynsan boýnuna aldy». Ynha, şeýle gymmatly bir dereje – makam hem wezipe berlip, şeýle möhüm gadyr goýlan ynsan ne sebäpden Allahyň özi üçin isleýäninden has pes zady maksat edinsin? Näme üçin özüni aşak çeksin? Näme sebäpden şa halyny geda etsin?
Rumy däne-däne seçelendirip gürleýärdi. Sözleri birneme kitap agtaran adamlara mahsus ynamlylyk bilen saýlapseçip aýdýardy. Säginmän, sakawlaman gepleýärdi, bir gezek ulanan meňzetmesini ikinji gezek aňsat-aňsat gaýtalanokdy.
Ol şeýle diýdi:
− Alla ýedi gat asmanyň çürbaşynda, tagtyň üstünde oturanok. Ol biziň her birimize birin-birin ýakyndyr hem dostdur.
Soňra ýene:
− Şu çekýän hasratlarymyz, ýüzbe-ýüz bolýan şunça ejirazaplarymyzdyr hupbatlarymyz, aslynda bilseňiz, bizi Ýaradana has ýakyn edýändir.
Ellerimize üns beriň, barmaklarymyz hemişe açylypýumlup durandyr. Tutupgoýberip, goýberip-tutup durýandyrys. Biri iç tarapa, biri daş tarapa. Ýumrugymyzy düwdükmi, hökman yzyna-da açylýandyr. Şeýle bolmadyk bolsa, ysmaz ýaly bolardyk. Biziň barlygymyz hem şeýledir. Şeýle bir pursat bolýar − ýumrugymyz açylýar, ýene bir pursat bolýar − ýumulýar. Ýüregimiz kä gysar, kä rahatlanar. Bu gapma-garşylyk ýaly görünýän ýagdaýlar barlygyň özenidir. Ganat kakýan guşlary synlaň. Ganatlarynyň hereketine üns beriň. Bir aşak, birem ýokarykdyr. Bir hasrat, birem bagtyýarlyk. Durmuşam şeýledir. Iňňän jaýba-jaý, sazlaşykly hem deňagram ýagdaýdadyr.
Başda eşiden zatlarym gulagyma ýarady. Şatlyk bilen hasrat bir guşuň goşa ganaty ýaly, biri-birine bagly hem garaşly zatlar. Bu barada oýlananymda ýüregim ýylap gitdi. Ýöne şol bada başga bir sorag beýnimi dyrmalady. Möwlana Rumy mahrumyýetiň, gaýgygamyň, hasratyň hem şübhäniň nämedigini bilýändir öýdýäňmi? Ol täsirli adamyň ogly bolup dünýä indi. Arkasynda hemişe kakasy, ýedi arkasy, abraýly nesilleri durdy. Kynçylygyň nämedigini bilmän, bolelin hem gurply durmuşda ýaşady. Dogry, başdaş aýalynyň aradan çykmagy ony hasrata bogandyr. Ýöne, meniň pikirimçe, şondan başga hiç hili kynçylyk gören däldir. Gözüni açyp göreni bol-telki durmuş; abraýly jemgyýetde ösüp-ulaldy, iň gowy alymlar tarapyndan bilim berlipdir. Hemişe halanypsöýlüp gelipdir, elmydama läliksiredilipdir, hemişe hormat görüpdir. Gel-gel, indi men ýaly heýwere keselliniň öňüne geçip, hasrat çekmegiň nämedigi hakda takal okamaga nä gaýraty çatýarka?! Ýüregimde ýigrenç ody alawlady, agzymda ajy tagam peýda boldy, ýuwdup bilmedim.
Ýüregim mynçgalanyp, Rumy bilen aramyzdaky tapawudyň nähili gorkulydygyna düşündim. Dogrusy, Alla näme üçin gapma-garşylygy ugurdaşlykdan, näsazlygy sazlaşyklylykdan, adalatsyzlygy adalatdan has gowy görýärkä? Ýa aşa köp, ýa-da çenden kem. Ýa çürbaşy, ýa-da düýp teýkary. Ynha, meniň paýyma pakyrpukaralygy, açlyk-horlugy, güzaby beripdir. Möwlana Ruma gezek gelende abadançylyk, yrfan, bagtyýarlyk-sagadat, jany sagatlyk hem üstünlik. Men adamlaryň ýüregini bulamazlyk üçin ýüzümi gizleýän, ol ortarada durup, bahasyz jöwher ýaly, ýalkym saçyp dur. Bir zady bilesim gelýär, Möwlana Rumy meniň ýerimde bolanda, näme gaýryp, nähili ýaşardyka, kim bilýär? Eýse, özi ýaly aýratyn abraýdan peýdalanýan biriniň − ynanç öňbaşçysynyň hem günleriň birinde ýalňyşyp, büdräp ýykylmagynyň ahmaldygy, heý, kellesine geldimikä? Çetleşdirilmegiň, hor-zar düşürilmegiň, ýanalmagyň, döşüňden itilmegiň, ýersiz-ýere äsgermezlik edilip, biderek gepleri eşitmegiň nämedigini bilýärmikä? Birje günem bolsa, kesekileriň zäherli diliniň awusyny dadyp gördümikä? Maňa berlen şu durmuş oňa berlen bolsa, şonda-da ol tagsyr Möwlana bolup bilermidikä?
Aňyma gelýän her sorag bilen birlikde oňa bolan görübilmezçiligim hem artdy. Ahyrynda Möwlana Ruma bolan ýigrenjim oňa muşdaklygymdan üstün çykdy.
Ornumda oturyp bilmedim, aýak üstüne galdym. Jemagaty iteleşdirip-basalaşdyryp daşaryk çykdym. Maňa töwerekdäkileriň kimisi igenç bilen, kimisi-de düşünmän seredişdiler. Şunça adam wagyz diňlemek üçin metjide girjek bolup çyr-çytyrka, diňleýjileriň arasyndan biriniň näme üçin daşaryk çykyp gidenine hiç kim düşünip bilmedi.

Elif Şapak - Yşk - romanyndan bölek

Edebiýat, Nol tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir