Danalardan dürdäneler.


1. Çagalaryňa dymmagy öwret, gürlemegi özleri öwrener.

2. Ýagtylyk bolmasa reňkler görünmez, görünsede barysy gara bolar.

3. Paýhas tejribäniň perzendidir.

4. Uly şatlyga uly zähmet bilen ýetilýär.

5. Her bilýän zadyňy aýtma, her aýdan zadyňy bil.

6. Okamagy başarsaň, her-bir adamyň kitapdygyna düşünersiň.

7. Özüňe erk etmegi başaranyňdan soň, dünýä erk etjek güýji taparsyň.

8. Guran derýanyň geçmişi üçin sagbolsun aýtmaýarlar.

9. Göz gulakdan has anyk şaýatdyr.

10. Güle 1 hepde guwanmak üçin ýyl-boýy azap çekilýär.



Toplan: Hemra Täçgylyjow, esger.
Paýlaşan: IDEALLIDER.

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir