(@Hanture islemeseniz pozaýyn (komentde ýazaýyň). Öň okamadyklar üçin paýlaşaýyn diýdim).
Salam dostlar. Meniň bu mowzugym musulmanlar üçindir. Ateist bolsaňyz okap oturmaň.
Musulmanlar siziň içiňizde Kurany Kerimi doly okap gören barmy? Eger bar bolsa siziň içiňizde köpçülik ýeriň togalakdygyna we kosmos ylymlaryna ynanýar, emma siziň Kurany Kerimiňizde älem modeli bilen alymlaryň aýdýan älem modeli düýbünden ters gelýär. Makalany soňuna çenli okaň! Bulary okap ateistlere aýdyp oturmaň olar barybir ynanmazlar.
Onda näme başladyk.
Neml süresi 24-nji aýat: ,,Onuň kowumynyň Allahy unudyp güne sežde edýändiklerini gördüm. Şeýtan olary dogry ýoldan azdyryp amallaryny gözel görkezendir. Olar hakykaty bilenoklar". Bu aýat Kurany Kerimde Saba kowumy barada ýazylsada Kuran ähli zamanlaryň mukaddes kitaby bolany üçin häzirki zamandaky gün merkezli planetar modele ynanýanlaryň ýüzüne basýandygyny görmek bolar. Şeýtan bulary gözel görkezýär
Naziat süresi 30-njy aýat: ,,(arapçasy: Vel-arda ba'de zalike dehaha) Soňra ýeri ýaýyp düşedik" dehaha kelimi medha kökünden gelýär. Buda düýeguşyň ýumurtgasyny taşlaýan ýerini aňladýar. El-udhiýýu kelimesi bolsa düýeguş ýumurtgasyny aňladýar. Ýagny ýeri düýeguş ýumurtgasyny taşlaýan ýer ýaly ýaýyp düşedi diýilýär. El udhiýýu kelimesi ulanylmadyk. Üns beriň düýeguş ýumurtgasy şekilinde togalady diýilenok. Egerde siz düýeguşyň ýumurtgasyny taşlan ýerini görseňiz ol ýeriň tekizdiginini hiç hili ot-çöp ýokdugyny görersiňiz. Bu aýadyň manysyny käbir togolak modelçiler üýtgedip düýeguş ýumurtgasy diýen zatlary çykardylar. Aşakdaky aýatlara näme diýjeksiňiz onda?
Zariat süresi 48-nji aýat:
,,Ýeri bolsa ýaýyp düşek etdik. Biz görnähili ýagşy ýaýyjydyrys". Ýeri düşek edip ýaýyp bolar. Ýer togolak bolsa näme üçin Allah beýle diýýär. Ol gös göni ýer togolak diýenok. Allah ony aýtmakdan ejizmi ýa? Allah islese ýeri üçburç islere bäşburç edip ýaradardy Allahyň islendik işe gudraty ýetýär. Allah öz kitabynda hakykaty aýdýar.
Rad süresi 41-nji aýat.
,,Olar biziň ýeriň töwereginden gysgaltýanymyzy görmeýärlermi?" Ýer togalak bolsa onyň haýsy töwereginden gysgaldyp bolar. Meň aýdyşym ýaly ýer disk şekilli tekiz bolsa onyň gyralaryndan gysgaldyp bolar.
Nebe süresi 6-njy aýat:
,,Biz, ýer ýüzüni düşek edip ýazmadykmy" togolak zady nähili ýazyp bolar? Maňa subut etda.
Bakara süresi 22: ,,Ol siziň üçin ýeri düşek asmany gümmez edip ýaratmadymy? Hem Asmandan suwlary düşürip, size rysk bermedimi? Bes, bilip durup Allahy özgelere deňeme"
Bu aýat bizlere öwredilen älem modeliniň ýalňyşdygyny bildirýär. Bu modele görä asman giňişlik birzat çäksiz bir zat. Men diňe Allahyň merhemetiniň çäksizdigini bilýän.
Rad süresi 3: ,,Ol ýeri ýaýyp, daglary peýda edendir..."
Hijr 19: ,,Ýeri bolsa ýaýyp giňeltdik we onda daglary peýda etdik hem-de dürli-dümen zatlary ösdürdik"
Nebe 6: ,,Biz ýeri astyňyza düşek etmedikmi?"
Enbiýa 30: ,,Kapyr bolanlar asman we ýer bir bolanyny, Bes, Biz olary bölenimizi we ähli diri jandarlary suwdan ýaradanymyzy bilenoklarmy? Henizem iman getirmeýärlermi?"
Alymlar näme diýýä 15 milliard ýyl ozal nähilir Bing Bang bolupdyr soň ýyldyzlar galaktikalar bolupdyr diýýä. Galaktika barada Kuranda näme ýazylan?
Furkan 59: ,,Ol asmanlar we ýeri we olaryň arasyndakylary alty günde ýaradandyr..."
Alymlaryň aýdýan 15 milliardy nire 6 gün nire?
Zümer 5: ,,Ol asmanlar we ýeri hikmet bilen ýaradandyr. Ol gijäni gündiziň üstünden orar gündizi hem gijäniň üstünden orar. Ol güni we aýy öz emrine tabyn edendir. Olar mälim edilen güne çenli şu hereketde bolarlar"
Ýagny ýer aýlananok. Hereket edenok. Hereket edýän gün we aý. Eger ýeriň hereketi sebäpli gije-gündiz bolýan bolsa Allah muny açyk aýdyň beýan ederdi.
Ýer aýlanýandygy aýdylan Kurany Kerim aýady barmy?
Fussilet12: ,,Bes iki günde ýedi asmany ýaratdy we her haýsyna öz buýurylan işlerini düşündirdi. Biz ýakyn asmany çyralar (ýyldyzlar) bilen bezedik we dürli apatlardan sakladyk. Bu gudratly we bilimli zadyň takdyrydyr"
Ýedi asmany nädip düşündirjeksiňiz? Men bu barada ýörite mowzuk açaýmasam bu mowzuk barha uzalyp gitjek. Ýakyn asmandaky ýyldyzlar näme?
Ahkaf 3: ,,Biz asmanlar we ýeri hemde olaryň ortasyndakylary hak bilen bellenen kyýamata çenli möhlet bilen ýaratdyk. Kapyr bolan kimseler bolsa özlerinden äge ediji zatdan ýüz öwürijilerdir."
Talak 12: ,,Allah asmany we ýeri ýedi gat edip ýaratdy. Allanyň emri we permany olaryň ortasynda amala aşar durar. Sebäbi Alla ähli zada Kadyrdygy üçin şeýle etdi."
Şems 1-6: ,,Kasam edýän Gün we onuň şöhlesine we onyň yzyndan gelýän Aýa. Güni äşgär eden gündize we ony oraýan gijä. Ýeri we ony ýaýyp goýana..."
Ýunus 5: ,,Ol güni şöhle ýaýradyjy we aýy nur saçyjy etdi we ýyllaryň hasabyny bilmekleriňiz üçin hersini öz menzillerine ölçäp goýdy..."
Bu aýatdan aňlamak mümkin. Aýyň öz ýagtylygy ýok. Ol saçýan nuruny günüň şöhlesinden alýar. Eger ýer aýlanýan bolsa onuň menzili ölçendi diýlen ýazga gabat gelmedimle?
Ybraýym 19: ,,Eý ynsan! Allah asmanlar we ýeri hikmet bilen ýaradanyny görmediňmi? Eger-de ol islese sizi ýok edip ornuna täze halk döredip biler."
Araf 54: ,,Elbetde Perwerdigäriňiz Allah asmanlar we ýeri alty günde ýaradyp, öz arşyna ornaşdy. Ol gijäni gündize orar we gije gündizi howlugyp kowup barar. Ol gün we aý hemde ýyldyzlary öz emrine boýun synan halda ýaratdy. Ýaratmak we buýurmak diňe oňadyr. Ähli älemler Perwerdigäri Alla beýikdir."
Gün aý ýyldyzlar diýýär. Ýer diýen ýeri ýok sebäbi ýer hereket edenok.
Bakara 258: ,,...Meniň Rebbim direldýär we öldürýär...Meniň Rebbim güni gündogardan çykarýar. Sen bolsa günbatardan çykaryp berdä?..."
Ýagny bu ýer-dede ýeriň dälde güniň hereket edýäni ýazylan. Ybraýym Nemruda ,,Güni günbatardan çykaryp berdä?" diýýär.
Ybraýym 33: ,,Ol hemişe aýlanyp duran güni we aýy siziň üçin boýun egdirdi. Gije-gündizide siziň üçin boýun egdirdi."
Enbiýa 33: ,,Ol gije we gündizi hemde gün we aýy ýaratdy. Olaryň hersi öz peleginde ýüzip ýörendir"
Hereket edýän ýene gün we aý.
Tekwir 1-3: ,,Gün orap goýulanda. Ýyldyzlar öz peleginden dökülende. Daglar hem ornundan göterilende"
Bu aýatlarda Allah kyýamat alamatlaryny beýan edýär. Eger Alymlaryň aýdýan ýyldyzlary uzakdaky günler bolsa olar nädip ýere döküler? Özlerem trilýon ýagtylyk ýyly uzaklyklarynda bolsa?!
Intifar 1-2: ,,Asman ýarylanda, ýyldyzlar saçylanda..." bu aýatlarda hem Kyýamat aňladylýar. Eger bize öwredilen älem modeli dogry bolsa ol nädip ýarylar.
Görşümiz ýaly Kurany Kerimde ýeriň togolakdygy öz okunyň we güniň daşynda aýlanýany ýazylmadyk. Meniň ynanyşym ýaly tekiz dünýä modeli görnüşi ýaradylan. Men dini düşündiriş bermek islemändim. Indiki mowzuklarymda ylmy çemeleşjek bolaryn.
Ýene bir zady bellemek isleýän
Kamar süresi 1-nji aýat:
,,Kyýamat sagady ýakynlaşyp aý ikä bölündi" bölündi arapça inşakka diýmekdir. Onuň ebjed hasaby nähilidir bir sanlary çykarýar. Ol sany hijri kalendaryndan milady kalendara geçirsek ABŞ aýa uçan ýyl 1969-y görkezýärmiş. Hawwa bu şeýle emma adamlar aýa gonmady adamlary aldadylar. Bu baradaky pikirler ikä bölündi. Aldanmak pitne edilmekdir. Pitne hem Kyýamat alamatydyr. Kyýamat pitnelerinden Özüň aman sakla eý belent Allam.

Bilim, hickim77 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir