41. Pişikleriň öň aýagynda 5 barmak, yzky aýaklarynda bolsa 4 barmak bar. Muny bilýärdiňizmi?:)

42. Mikrawalnowkada üzüm gyzdyraýmaň, ol hökman ýarylar.

43. 1896-njy ýylda Patrik we Gilbert, 3 sany adamyň meýletin gatnaşmagynda "90 sagat ukusyz" barlagyny geçirýärler. Barlag gowy geçýär we şol 3 adam 12 sagat ukudan soň öňki kaddylaryna(ýagdaýlaryna) gelýäler.

44. Adamyň dyzynyň-arka-tarapynyň Türkmen, Rus we iňlis dilinde ady ýok.

45. Mizan(Terezi) asman täleýnamasyndaky ýeketäk jansyz zatdyr.

46. Demiňi saklap-özüňi öldürip bolanok. Eger adam şeýle etse, huşdan gider(çaşar) we ýene dem almagyny dowam eder.

47. Sogan arassalanymyzda sakgyjy çeýnesek onda biz aglamars.

48. Eger adama mawy tarelkada ýada gapda nahar bersler, onda ol adam az iýer.

49. Geçi şekillileriň we osminogyň kese-çyzyk göreçleri bar.

50. Ýer ýüzündäki harby guramalaryň hijisinde, "Harby Salam" çep elde berilenok.

51. Bibli-niň(Hristian dininiň mukaddes kitaby) ahyrky sözi "Omyn"

52. Bambuk agajy 24 sagadyň içinde 3metr ösüp bilýär.

53. Ýaponiýada garpyzyň bahasy 100$ çenli ýetip bilýär.

54. Bibli-de diňe 2 jandar, ýagny azdyryjy-ýylan we Walaam eşegi gürläpdir.

55. Owadanlyk esasy zat däl. Ýagny alymlar şeýle barlag geçirip görýärler. Bir erkek adamy, 10 sany owadan, bezegli, ajaýyp gyzlaryň arasyna salyp, şol gyzlaryň birini saýlamagy teklip edýärler. Bu barlag, başga erkek adamlar bilenenem birnäçe gezek gaýtalanýar. Netijede ol erkek adamlaryň hemmesi diýenýaly, iň az kosmetika ulanan, ýönekeýje, ýuwaş, az hereketli gyzy saýlaýarlar.

56. Käte biz düýşümizde nätänyş adamlary görýärs, hem ol adamy biziň aň-düşünjämiz ýasandyr ýada başga sebäpleri bardyr öýdýäs. Emma bu beýledäl. Şol gören adamymyz, biziň, öň haçanam bolsa bir ýerde görüp, ýatda saklamadyk adamymyz.

57. Almaň şänikleri zäherli hasaplanylýar. Sebäbi almaň şäniginiň düzüminde sinil kislotasy bar.

58. Adamlaryň arasyndaky birkemsiz gatnaşyk diýip aşyk-magşuklaryň ynamyna aýtsa bolar.

59. Günüň dowamynda adamyň agzynda ortaça 1,5 litr suwuklyk(başgaça ady bar, owadanlaşdyran boluşum) emele gelýär.

60. Erkekleriň orgazmy ortaça 6 sekunt, aýallaryňky bolsa ortaça 23 sekunt.


Internet sahypalardan toplan: IDEALLIDER

Bilim, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir