Adyny sen goý
Kada ýaly diňleýän, herbir aýtýan sözüň,
Gulagyň mende bolsun, kanunda bolsa-da gözüň.
Ýedi bolup gezseňem, gerseňem döşüň,
Peýdasy ýok döşüňdenem, köşek.
Meň 2-nji öýüm mekdep däl, Krasnavodsk,
Третий олимпийский, köne aeroport,
Zumeriň konsertleri, diwarlar bize billboard,
O mahallar Zumerchas-dy, Abdydaýy ýok.
Ýekeje adama diýdim, ýürekden berekella,
Oda aýnadan maňa seredip duran Ýaman.
Gaýta-gaýta, ýykarlar seni atdan,
Seň öýüňem, hip-hopyň ýokarky gat(yn)da.
Men taryhymy ýazýan halkyma,
Meň ýaly howlukmaç bl*t wagtymam,
Flowym arassa, 100de 100 pagta,
Kirli tagtyňyza bl*t meniň ýok wagtym.
Düzgünleri pozmak üçin hem düzüler,
Aýagymyň aşagynda pikiriň eziler,
Gö*ümde şort, aýakda nike,
Rýukzakda kanabys, ulagymam bike.
Gowy ment barmy, aýt haçan gördüň,
Gep isleýä faraonlaram haçan görseň.
Men söwdegär däl, hiçkimi satamok,
Bir towar satýan, bl*t oň adam ot.
Tema şol öňki, töweregiňe gürrüň berýän,
Ýaryňyza geň, baryňyza-da gyzykly gelýär.
Herkimem soraýa: "aýdaý dostlaryň näme,
Durmuşda bolýan zatlary, ýazýaňmy näme?".
Otur senem men ýaly, töweregiňe seret,
Adalat islärsiň, ýa diýersiň nämä gerek.
Ýazarsyň hakykat ýa-da pop biderek,
Meň ýaly ýazmak üçin talant däl, ýürek gerek .
Hiçhaçanam islämändim meni tananlaryny,
Diňä nigga bilýär, näme barada ýazanlammy.
Belki-de men, hip-hopy aýdyp bilemok,
Ýöne bilýän, sen men ýaly dinleneňok.
Flowym ýokarda, seňkiden soňsuz esse,
Gowy okaýan senden hat-da, dilimi kessem.
Men ýöreýän diýip, olar yzymdan ýetsin,
Ýetersiň öýdemok, ýöresemem ep-esli pesden.
Täze mekdebe salam, mekdebiň ýaparyn,
Gö*üňe sok kitabyň, alan bolsaň sapagyň.
Oýuny, ot däl, meň bilen etmek gadagan,
Gelip-gelmän, birinjilikdenem men ýadadym.
Agzyňyzy çermäň, galmagaly söýemok,
Men öýden çykýan güller üçin ýanamok,
Köp işi edýän dynjak bolup derdimden,
Diňe joint sarap, rep ýazýan keýpimden.
#Ýaman243
Adyny sen goý
-
Durmus_Myradow
4 years ago
- A93 bu goşgy stilde ýazylan däl, bu rep sitilinde ýazylan.
-
hickim77
4 years ago
- A93 Durmuş Myradow dogry aýtýa
-
Jupiter_Fire
4 years ago
- Rep bir gowy zat. Elbetde başarýanyñ eline düşende. Onam hemme başaranok.
-
A93
4 years ago
- Durmuş hawa, menem rep bolany üçin ýazdym şeý diýip. Goşgyň ýele ýanyndanam geçenok bu
A93 4 years ago- Gowy pikirler bar. Ýöne bitewülik saklanmandyr. Gerek-seret-ýürek-biderek ýaly lenç edilen kapiýalary ulanýanyna seredibem awtoryň heniz gowşakdygyny bilip bolýar