1 ugurda 1000 çukur
Ertir näme boljagny bilýän, her günüm meňzeş,
Näýli durmuş, gowumy, hany otyr, gel geç.
Näme içesiň gelýär, çaýmy ýa-da kofe
Saňa berjek soragym kän, jogap berseň bolýa.
Bizem erbet däl, ýaşamazça däl,
Men saýladym saz sungaty, başga zat gerek däl.
Ýyllaram eli egri, ogurlady günlerimi,
Düşünmersiň üns berip diňle, gürrüňlerimi.
Söýgi näçä durýar bahasy ýadyma düşenok,
Lirigim gymmatly ýöne jübä köplük düşenok.
Duşanok çyn dostlarym, kyn günümde üýşenok,
Bugün bar zat, ertir eýýäm ýok.
Ýel ýaly öwüsýär düşünip bolanok ýalança,
Durmuşa garşy göreş, eliňde bolmasa-da sapança.
Şükür edip ýaşa eliňde bar bolsa tapançaň,
1 turup 1000 ýykyldy, 1 ugurda 1000 çukur.
Uzakda galdym serhetden,
Gaçyp ýaşadym men her gepden.
Dolsada öňüm böwetden,
Şonnada gaçman höwesden.
Durmuş gülýär, herkim diýýär oňa gaharly,
Geçilýär ýodalar, gyş bilen baharly.
Emma her bir ýollarda million badak,
Goýmak isläpdim birwagt repiň soňuna baýdak.
Soň göz ýetirdim, repsiz ýaşaýyş ýok,
Bu dünýä ýaşok, gözlerimde ýaş ýok.
Der dökmeseň aş ýok, öňümde daş ýol,
Ýollarymda daş ýok.
Höwesim bar sungata, sylagym bar sungata,
Dörederin ölýänçäm, ýürek durmasa.
Meň adym kynçylyga garşy göreşiji,
Dilim repli, eli boş söweşiji.
Sungat diýip ylgadym, aýaklarym ýara,
Eger sen dost bolsaň gelle, ýürek ýaramy sara.
Herkim durman ylgady, bagtynyň bölejigne,
Hiçkimem bilenok soňky güni näçesine.
Uzakda galdym serhetden,
Gaçyp ýaşadym men her gepden.
Dolsada öňüm böwetden,
Şonnada gaçman höwesden.
Yhlas bilen ýapyşdym her bir işi edenimde,
Meň bedenimde ruhym ejizlik gözledi,
Ýörejek ýolumda, 1 ugurda 1000 çukur döredi,
Diňe öňe ýöredim.
Howwa, men öňe giderin, gepler geler arkadan,
Aladalardyr meni hemmeden ir garradan,
Rep meniň işim däl, bu meniň kalbym,
Sözlerim köre hasa, derman bolar hassa,
Mertleriň sany ýitýär, assa-assa,
Pikir etýän, öňümde ýene näçe bolar söweşler,
Görüpler duşmanlar we şoňa meňzeşler.
Barýan ýene bir ýerlere, bellenen bellige,
Dünýämi sowuk gurşady, ýyladanok elligem.
Dörediler kasetlar yzly-yzyna,
1 ugur saýladym, seretmerin yzyma.
Uzakda galdym serhetden,
Gaçyp ýaşadym men her gepden.
Dolsada öňüm böwetden,
Şonnada gaçman höwesden.
Pikirler köne-möne, gum sepip jaýla göre,
Diýdiler, diňe öňe gitdim yza seretmän.
Barjak ýolum çukur bolsa gelde meni halas et,
Hasap et dost diýip, herkime habar et.
Bermediler ak pata, arkadan urdular aýpalta,
Ýaralarma goý ak pagta, ornaşdym men rep tagta.
Geçilýär iňňän ýollar, utup hem utulyp,
Aladalar gelýär sokulyp, çykdym öňüne topulyp.
Ýykylyp, bukulyp gezdim sözlerimi saza ezzim,
Meň başlangyjym 1 9 9 2.
Ýollarym batgaly, aýlandym gapdala,
Gaty-guty petir ýaly, kalbymam gap-gara.
Şonda-da durmuşdan many gözlemäge çalyşýan,
Barjak ýolumy bilemok, şonna-da ýokary dyrmaşýan,
Kynçylyklaryň öňünde dag bolup duraryn,
7 gezek ýykylsam, 8 gezek turaryn.
Bilemok, kim çykar, hip-hopa arka,
Agla, gitaram agla, gözleriňde ýaş barka.
Bilemok, kim çykar, hip-hopa arka,
Agla, gitaram agla, gözleriňde ýaş barka.
#La Blaze
#Graff
1 ugurda 1000 çukur
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- Al, onda bir däl iki sany💗💗
-
BeZZaT.
4 years ago
- L+i+k+e=?
-
™Serdar™
4 years ago
- ❤️
-
Tm-Talyp
4 years ago
- ❤ +1
hickim77 4 years ago- Halan bolsaňyz ❤️