Salamjyklar! Kim ters jogap bermegi halaýa :) ýa-da haýsy ýagdaýlarda ters jogap berýäňiz?! Men aslynda ters jogap bermegi gowy görýän köplenç. Keýpim gowy wagty ýa-da gaharym gelen wagty hemem sorag berip bizar etseler. Käwagt bolsa käbir adamlaryň menden eşdesi gelýän jogaby bolany üçin şeýdýän. Iň köp berýän ters jogaplarym. Ejem işe gaýtjak wagtym: -Saçyňy daramadyňmy? (ejem köplenç saçymy örsem ýa-da togalap ýygnasam halaýa. Soň käwagt biraz üýtgeşigräk etsem daran däldirn öýdýä) - Ejejan daragy tapmadym (ýöne käwagt özi darak tapyp getiräýýä “ine darak” diýip) Köplenç toýdan gaýdyşyn gyzlar bolup restorandan çykýas weli haýsam bolsa birisi: -Indi nirä?! – diýýä weli -Diskoteka (toýdan soň öýüňe gitmän nirä gitjegaý) Jigime plan zady et diýsem: - Häzirmi? -Ýok ertir Taksi tutýan: -Zooparka -Ýaşaýaňmy ol ýerde -Garyndaşlarym ýaşaýa myhmançylyga barýan ýa-da -hawa ýolbarsyň ýanyndaky kapasada ýaşaýan! Käwagtlar -Telefon nomeryňy beräýdä -35-13-02 (jaň edenlerine ökünmezler sebäbi jaň eden dessiňe howa maglumatyny aýdyp berýä :) ýa-da milise bölüminiň biriniň nomeryny berýän)

Köneler, Harmandali tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir