ATEISTIÑ DÜŞÜNMEDIK ZATLARYNYÑ BIRI: YSLAM NÄME ÜÇIN GULÇULYGY ÝATYRMADY!?

Hawa gadyrdan okyjy!
Ýene şol köneki heññamlaryñ aýdymy!
Ateist bilen Musulmanyñ arasynda çözülmeýän dawa jeñjelleri, munuñ soñunyñ uruş-sögüşlere ýazýan ýiti meseleleri täzeden gozgap uruşsyz-sögüşsiz siziñ bilen paýlaşmakçy bolýaryn..!
Häzirki ýazjak bolýan zatlarymyñ hemmesi Kuran bilen baglanyşykly. Ateistler bu soraglary ''problemma'' ''ýalñyşlyk'' diýip kabul edýärler.
Ol soraglaryñ biri hem Gulçulygyñ gadagan edilip-edilmändigi hakynda ateistler bilen musulmanlaryñ arasynda birnäçe çekeleşmeler bolup geçip dur.
Niýetim şol çekeleşmeleri täzeden tütetmek däl-de düşünişmekden ybaratdy
Ateistleriñ esasy gozgaýan meselesi bolan ''Yslam dini näme üçin gulçulygy gadagan etmedi???
Geliñ bulara jogap bermek üçin başdan başlalyñ!
Hezreti Muhammet 571-632-nji ýyllar aralygynda ýaşapdy. Özi, Arap däldi. Ýöne şo ýerlerde dünýä gelipdir. Hiç kim ol wagtlar şo ýerleriñ hökümdary bolmandyr. Näme üçin gulçulyk gadagan edilmändir bilsin!
Buta çokunýanlar köp, gullar, adam däl haýwan ýaly ulanýardylar (bu dogry ýöne).
Mysal getireliñ, Rejep Taýyp Erdogany. Aýdaly Erdogan elini stola uraga-da ''Indi TL dollardan has uly!'' diýip bilermi? A diýip bilmez!
Ýagny hezreti Muhammet gidip ol ýeriniñ hökümdaryna ''Indi gulçulyk ýok!'' diýip bilermidi?
Yslam dini geleninden soñ hezreti Muhammet pygamber bolanyndan soñra gulçulyga gyzgyn bakmadygy hakykatdyr. Hezreti Muhammet şol döwrüñ şertlerine görä, gulçulygy aradan aýryp bilmezdi.
2. Sebäpleri: 1)Gullar eýesiz we öýsüz galardylar. Dilegçilik eder ýörerdiler. Aýratynam ekonomik tarapyndan ülkä uly krizis getirip bilerdiler. 2) Ynsanlar gulsuz galar we hezreti Muhammede bolan ýigrençleri artardy.
Şulara meñzeş sebäpleri bardyr. Şol sebäpden Hz. Muhammediñ ýagşylyk üçin etsem-petsemleriniñ biri hem: Gulçulygy ýuwaş-ýuwaşdan aradan aýyrmak. Yslam gulçulyga şeýleräk täzelikleri getirdi:
1. Gullar indi kirli we ýyrtyk-myrtyk eşik geýinmesinler, özlerine timar bersinler.
2. Özlerine degişli birnäçe haklary bolmaly.
3. Eýeleri näme iýip-içse şondan iýip-içsinler, zaýalanan naharlary däl-de...
4. Gullara ''gul'' diýilmesin ''jigim'', ''öwladym'' (oglum) diýip ýüzlenilsin.
5. Gullar haýwan ýaly ulanylmasyn.
Gullara birnäçe haklar berdi. Köçede dilegçilik edýän, bu haklary beren Musulmanyñ guly bolmak islemezmi?
Ýigidi öldürip hakyny iýme...
Ýeri bolýar, ''Muhammet düzgün girizipdir, ýöne gulçulyk integem bar?'' diýjekleriñizem bar bolmagy ähtimal!?
Bu hezreti Muhammet aleýhissalamyñ günäsi däl! Hz. Muhammet (s.a.w) köne döwüriñ daş-töwereginiñ añ-düşünjelilerine görä ýuwaş-ýuwaş yslamy ýaýdy. Gowy görülýän häsiýetlere endik edilmegi, ýagşylygy ündedi.
Hz. Muhammet (s.a.w) ölüminiñ öñ ýanyndaky pursatlarynda gullary azatlyga çykardy. Gullaryny söýendigini (gullary hem hz. Muhammedi) aýtmagymyz gerek.
Guly azatlyga çykarmaklygyñ sogapdygyny hem aýdardy.


https://www.islamiforumlar.net

Bilim, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir