Ynsan bolçulygynda, ynsap gytçylygy...

#gamgyn uýam bilen söhbetden soñ...

Bu gün meniñ bilen syryñy paylaşmak islediñ, saña goldaw berdim, "Aýt belkem yüregindeki yüküñ yeñlär" -diyipdim. Ýazanlaryñy okanymdan soñ öz yüregim ynjap gitti. Bu zamanyñ oglanlary näme bilen ýaşaýa. Gelejegini nämäñ içinde göz öñüne getiryänine düşinmek isledim. "Bü gün bir sada yürekli ynanjan gyzy aldasam dereje bilýän" diýilýän oglanlardandy ol gyzyñam söýgülisi. Ÿöne ol öte geçip ýalnyşýady. Gyz bilen duza gytçylyk ýok diýen bolup gülişýä, käbir akmaklar. Emma dowamady bar onuñ "duzy harlanyñ gözi gapylar, gyzy harlanyñ ömri kül bolar" diýsemem muny okap yene #ol pikirdäki oglanlar maña minnet eden bolar, yok men sizi günakarlamok. Dünýä bir uly zat, dünýädeki adamlaram bir ullakan zat. Her kimin dünýä garaýşy bar, emma öte geçýänlerem bar. Ol gyz men siz bilen paylaşyp sizin maslahatyñyzy almak isledi. Ÿöne size ullakan haýyş, dogry düşiniñ hiç kimi günäkär saýmañ. Ertir başymyzda näme barlygy belli däl. Olar hakda aýtsam, ikisem talyp söýgüli bolup bile bagt gurmak islän. Nesibe däl eken, arman ol oglan namart eken. Söýýan diýip bir biçäräni umytlara baglap oña ýalan gözler bilen garap dünýä meñki sen ýanymdakañ diýip, ony özune aşyk edýä. Günler geçýä dowam edýän bir günleriñ geçmegi bilen oglanyñ islegi barha artýa. Bir gün ol oglan gyzda bar bolan iñ gymmatly zadyny alyp, ony param parça edip gyzy namyssyz goýýa. Gyz çydaýa yüregi çydaýa, gyzyñ başyndan geçiren zatlary oný yaşamaga bolan umydyny üzýä. Ol göreşýä belki soñy däldir, bagtym bir çetde bardyr diýip düşünýä. Emma bir gün soñy gelýä, ol oglan sada garagözli gyzyñ gözleriniñ içine bakyp hiç utanmadan seni söýemok, seniñ namysyñy alanym ýalñyşlyk gitdi. Artyk seni gowy görmek islamok diýýä. Ýöne men ol oglana häzirden gynanmana başladym. Onuñ gelejegi öñünde emma indi ona gelejek ýok. Bir adamyñ suw ýaly cagasynyñ ömrüni kül edip onuñ üstine özüniñki bagtly bolor diýip umytly. Emma wagyt geler hasabyny berer. Gyza etejek arzyuwym, hem-de şeýle erkekligini unudan oglanlara etjek arzuwym hasapsyz zat ýok. Asyl görkezeniñi görmeli bolarsyñ. Unutmañ düýnüñiz we bu günüñiz eritiriñiziñ nahili boljagyny kesgitleýändir...

Haýsydyr bir internet sahypasyndan alyndy awtoram belli däl!

Bellik: Ýokardaky ýazylanlar asyl bolan wakamy ýa ýok anyk bilmedim emma onda-munda gulagymyza çalynýan wakalardandygy dogry. Köpimiz şuña menzeş wakalary eşidendiris, görendiris. Belkide käbirlerimiz şeýle ahmyrly wakalryñ nejis gahrymanlaryndandyrys. Howwa dogry okadyñyz men göniden-göni aýdýan biz okyjylaryñ arasynda hem bardyr şeýle wyjdansyzlar. Eger ýok bolsa men telpegimi asmana atyp bu gün gije gaty rahat uklardym. Emma gynansakda ýok däl-da şolar ýaly näletsiñenler. Oýlanýan, bu zamanyñ käbir oglan, gyzlary näme bilen ýaşaýarka, ýürek bilen däldigä anyk. Eger ynsan oglunda ýürek bar bolsa beýle wyjdansyzlyk edip bilmezdi. Şol wyjdansyzlar durmuşyñ manysyny ýeñles zatlar bilen düşinýän bolmagy ahmal. Käbir gyzlarymyz haýsy oglan pullyrak bolsa şoñ gujagyna özüni oklamagy hiç zatça görenok. Dogrusy bir gyza iki, üç oglan bilen gürleşmek moda bolupdyr. Öñler gyzlardan "Gürleşýäniñ barmy?" diýip soralýan bolsa, häzir "Gürleşýänleriñ barmy, ýa-da näçe gürleşýäniñ bar" diýip soraýan bolduk. Musurmançylykda gyz çaga dokuz ýaşyna barýança ölümi, dokuz ýaşdan soñra bolsa ar namysly, edep terbiýeli bolmagy dilenýän eken. Eşdip sizem haýran galdyñyzmy, dogrusy ilki eşdemde mende-de şeýle boldy. Belki şeýtmekleriniñ sebäbi gyz maşgala diñe özüniñ däl bütin maşgalasynyñ, dogan garyndaşynyñ ar namysyny göterip gezýänligindedir. Belki "Durmuşda ar namysyny saklap bilmän hem özüni hemem maşgalasyny ruhan öldüreninden gowusy çaga wagty, günäsiz wagty al" diýip dileýändirler. Diñe gyzlary günälemek bilen meseläñ düwüni çözilmejekdigi belli zat sebäbi, häzirde käbir oglanlar bir sada, ynanjañ gyzy aldap bilseler özlerine uly dereje bilýändigi anyk. Eger dile çeperçilik edip özlerini naýynjar hala salyp sada gyzlardan pul zat geçirdip biläýseler dagy olardan bagtly adam ýok. Onsañam gyzdan ýok jogabyn eşden oglanlar gyzyñ gepini edip ony masgaralamaga, şantaž edip gorkuzmaga girişýärler. Şeýle oglanlara bir sorag bersim gelýä: Sizlerde gyz dogan ýokmy? Sizleri doguran eje bir wagtlar siz haramzadalarça peýdalanyp ýören gyzlar ýaly ýaş we sada gyz bolmadykmy? We sizler aldadym diýip ýören gyzlaryñyz ýene birnäçe ýyldan öz ejeñiz ýaly eje bolamalydyklar hakda oýlaýañyzmy? "Jennet ejeleriñ aýagynyñ aşagyndadyr" diýlip musulmançylyk dinimizde hem ejelere uly hormat goýulan. A sizler bolsa gelejekdäki ejeleri aldap, peýdalanyp ýörsiñiz. Dogry siz etjegiñizi edip peýdalanyp taşlabam gidersiñiz emma aldanan gyz biçäre soñundan aldananyna çydaman öz janyna kast etmekçi bolsa nädersiñiz?! Şeýle ýagdaýa düşip öz janyna kast edýän gyzlar azdäldigi belli. Osan nädip gijelerne rahat uklap bilersiñiz? Nädip wyjdanyñyza hasabat bermän ýaşap bilersiñiz? Bir pursatlyk haram nebis diýip ynsan ykbaly bilen oýun etmek nädogrymyka diýýän. Bir azajyk edýän zadymyz ynsanylykdanmy ýa haýwanyýlykdanmy diýip pikirlenip görmegimiz gerek. Ekalogiýa degişli adamlaryñ aýtmagyna göra ýollarda ulag serişdeleriniñ köpelmegi netijesinde arassa howamyz hapalanýan eken. Men bolsa ol maglumata goşulamok howamyz käbir wyjdansyzlar sebäpli hapalanýar. Eger menden sorasalar Covid-19 virusnynyñ dünýä ýüzine girip gelmegine hem şeýle wyjdansyz, haramzadalar sebäp diýerdim welin köp adam bilen çekleşmeli bolýan şonuñ üçin ol pikrime kän urgy berjek däl. Gepiñ gysgasy biziñ hemmämiz bir gün gelip etmişlerimiz üçin hasabat bermeli bolarys. Belki şonda ökünip, toba ederis emma giç bolar, peýdasyz bolar. Hernäme bolandahem ynsanlygymyzy ýitirmäliñ doganlar! Hiç haçan öz haram nebsimizi wyjdanymyzdan üstin goýmalyñ. Goý kyýamat güninde hiç birimiziñ ýüzimiz gyzarmasyn...

15.08.2020

✏mrokas

Edebiýat, MrOKaS tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir