Essalowmaleykim hormatly dost, doganlar. Hemme sag salamatmy? Men bu mowzugy açmagymdan magsat kimdirleri howsalalandyrmak däl. Emma her bir ynsan öziniñ ýaşap ýören jemgyýetinde nämeler bolýandygyny bilmäge haklymyka diýýän. Şonuñ üçin resmi internet sahypasynda okan zatlarymy hem-de öz pikirlerimi sizler bilen paýlaşmagy makul bildim. Ýurdumyzyñ ynsan ruhy we beden saglygyna degişli remi saýty bolan "saglyk.org"da şeýle habar çykarypdyrlar. Okap baha berersiñiz:
СOVID-19 WE ÝURDUMYZ: KÖNE WE TÄZE SORAGLAR
7-nji awgustda Hans Kluge, BSSG-nyň Ýewropa regiony boýunça edarasynyň müdiri Twitter-de şeýle habar paýlaşdy:
"Şu gün Dr. Tedros ikimiz Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkmenistandaky #COVID19 ýagdaýy barada duşuşdyk. BSGG ýurtda köpelip barýan pnewmoniýa hadysalary barada örän aladalanýandygyny bildirdi. BSGG toparyny ýurduň içinde özbaşdak СOVID-19 barlaglarynyň nusgasyny almaga we BSGG-nyň ýurduň daşyndaky laboratoriýalaryna barlaga ibermegä çagyrdyk. Prezident razy boldy".
Saglyk BSGG-a we Türkmenistanyň Saglyk Ministrligine iberen soraglary, teklipleri, we hyzmatdaşlyk çakylyklary häzire çenli jogapsyz galýar. Saglyk bu guramalardan şeýle maglumatlaryň ilata elýeter edilmegini sorap gelýär:
↪ COVID-19 ýokuşanlaryň, sagalanlaryň, ýoganlanlaryň gündelik sany (paýtagt we welaýatlar boýunça).
↪ Pnewmoniýa bilen kesellänleri��, sagalanlaryň, ýogalanlaryň sany.
↪ СOVID-19 barlagyndan geçen adamlaryň sany, pozitiw we negatiw netijeleriň sany.
↪ Nähili barlaglardan nirede geçip bolýandygy we bahalary barada anyk maglumatlar.
↪ СOVID-19-a garşy göreş üçin ýazylan milli meýilnamany doly görnüşde lukmanlara we ilata elýeter edip goýmak. Ol şu wagt elýeter däl.
↪ Lukmançylyk işgärleriniň iş protokoly, kesellän işgärleriň sany.
↪ Hassahanalar we ol ýerdäki näsaglar bilen geçirilýän iş protokoly barada maglumat.
↪ Dermanlaryň we zerur lukmançylyk esbaplarynyň üpjünçüligi.
↪ Ilat üçin şu maglumatlary sada, düşnükli, takyk beýan edýän döwlet saýtynyň açylyp dolandyrylmagy.
"Ýokardaky käbir soraglary okap geñ galdym bizler ýurdumyzda çyndanam covid-19 virusy barmy özi diýen sorgymyza häli şindi resmi jogap tapmadyk. Bular bolsa sagalanlaryñ we ýogalanlaryñ sany diýip otyr?!"
Täze soraglar we teklipler:
↪ Goňşy ýurtlardaky ýaly, СOVID-19 alamatly we pnewmoniýaly näsaglaryň statistikasy birleşdirilip alnyp barylsa we ilata aýan edilse.
↪ Fewral-Awgust 2020 aýlarynda pnewmoniýadan ýogalan näsaglaryň sany aýan edilse.
↪ Ýokardaky habarda bellenilişi ýaly, "özbaşdak" geçirilen "garaşsys" barlaglaryň netijeleri doly çap edilip, ilata aýan edilse, örän pese düşen BSGG-a bolan ynamyň biraz hem dikelmegine getirer diýip çaklaýarys.
↪ BSGG ilata düşündiriş berse. Näme üçin şeýle teklibi fewral-iýul aýlarynda etmedi? Bu näçe adamyň ölüminiň, betbagtçylygyň, we kösençligiň öňüni alyp bilerdi! Şu ýagdaýda BSGG-nyň jogapkärçiligini çäklendirýän faktorlar näme?
Meniň elimden gelýän zat barmy?Hawa! Sen Ministrlige jaň edip, ýokardaky soraglary sorap bilersiň we BSGG-nyň Türkmenistandaky ofisine ýa-da sosial sahypalaryna ýüz tutup bilersiň.
↪ Saglyk Ministrliginiň nomeri:+993 12 40-04-16, +993 12 40-04-07;
↪ Türkmenistandaky BSGG edarasynyň nomeri: +993 12 48-83-25; +993 12 48-84-04;
↪ Instagram:@who_turkmenistan
@UN_Turkmenistan
"Meniň elimden gelýän zat barmy?Hawa! Sen Ministrlige jaň edip, ýokardaky soraglary sorap bilersiň -diýär welin ýokardaky salgylara ýüz tutyp bolarmyka bolanda hem soragyña dogry jogap almak nahili derejede başardarka!? bu belli däl"
COVID-19 ÖŇÜMIZDÄKI DÜMEW MÖWSÜMINI BETERLEŞDIRERMI?
Indiki dümew möwsümi COVID-19 sebäpli agyr geçip biler. Muňa birnäçe sebäp bar.
Biz eýýäm soňky aýyň dowamynda COVID-19 hadysalarynyň köpelmeginiň saglyk ulgamlaryna agyr degýändigini görüp gelýäris. Dümew möwsüminiň gelmegi bu ulgamlaryň ýüküne ýük goşar.
Şeýle hem, dümew / COVID-19 koinfeksiýasyna (birnäçe infeksiýanyň birlikde ýokuşmagy) pikir edişimizden has köp duş geldik. Çünki SARS-CoV-2 anyklaýyş barlaglarynyň ýalan-negatiw netije berme mümkinçiligi ýokary bolup, olaryň ygtybarlylygy alnan nusganyň görnüşine görä üýtgäp bilýär: mazok, gakylyk ýa-da tüýkülik.
Her bir nusga wirusyň tapyljagyny ýa-da gözden sypdyryljagyny kesgitläp bilýär. Hadysalary öwrenmegiň netijelerinegörä, käbir ýagdaýlarda, diňe aşaky dem alyş ýolunyň gakylyk nusgalary pozitiw netije beripdir.
Dümew/COVID-19 koinfeksiýasy dörände nämeleriň bolup geçjekdigi heniz näbelli bolup galýar. Ýagny, bir wirus näsagy beýlekiden has agyr syrkawladyp bilermi? Wiruslar biri-biri bilen bäsleşip ýa-da birleşip hereket edip bilerlermi we bu näsagyň ýagdaýyny beterleşdirermi? Bu soraglara, gynansakda, heniz jogap ýok.
Koinfeksiýanyň döreme howpuny azaltmagyň iň gowy usuly: dümewe garşy sanjym almak we agyz-burun örtügini geýmekdir.
"Eger mowzukdaky ýazylan habarlary başdan bir, ortadan bir, we ahyryndan bir stilinde okamadyk bolsañyz köp zatdan habar tapdyñyz. Emma başda aýdyşym ýaly birini howsala düşirimek niýetinden uzakdyryn. Elbetde gowy täzeligem bar Russiýada covid-19 sanjym tejribeden geçirlipdir iminno Wladimir Putiniñ gyzynda geçirlen barlagda gowy netije beren antivirus sanjymy adamda güýçli imunitet döredip bilýän eken. Inşalla tiz wagtda ýer ýüzi covid-19 belasyndan halas bolar. "Her näme bolanda hem il bilen gelen toýda baýram" diýlişi ýaly agzybirlikden we ynsanylykdan aýyrmasyn. Öziñiziñ ýakynlarñyzyñ saglygyna serediñ janyñyz sag bolsun.
Resmi maglumatlar saglyk.org saýtyndan alyndy.
СOVID-19 WE ÝURDUMYZ: KÖNE WE TÄZE SORAGLAR!
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- Günde öýümize polisiýa we lukmançylyk edaralaryndan adamlar gelýär gorag maskasyny dakyň diýip, ine ýene bir Covid-19 subutnamasy
-
Panturkist
4 years ago
- Türkmenistanda Covid-19yň ady aýlap aýdylýar. Koronalar maşgalasyndan bolan Covid-19 wirusy esasy howadan bilen dem alyş ulgamlarymza girmek bilen ýokuşýar. Ýagny ol howada tozanjyk mysaly uçup ýör. Hökümedimizem muňa göniden-göni Covid-19 adyny aýtman "tozanjyk" diýýär. Eger-de 10-20 ýyldan hökümedimiz halkdan Covid-19y gizlemek bilen halkara derejede we çäre görüler derejede günälenen wagty "biz tozanjyk diýip aýdypdyka" diýip özüni gorajak bolmagy mümkin.
Jeksparro 4 years ago- Bizde bar covid-19! Bar bolsa avtobuslarda bildirişler asylyar aralygyñyz 1-2 metr bolmaly diyip. A avtobus şafyorlary depilip dykylyança astanovkalarda durup adam mündürip durlar.