Könelen namazlyk uniwresitetde okayan dowrumiz 80-nji yyllardy. zeytuny sanap iyyan dowrumiz. bolyan kwartiramyzdaky şertlerin owerligi yokdy. 2-3 oglan bolup yaşayardyk. şol şertlere garamazdan sowalgamyzyn 1/3-ne kitap alyardyk. onumizde ideallarymyz, maksatlarymyz bardy. Dini parzlarymyzy yerine yetirmage synanyshyardyk. dashymyzdan syn edip yoren tanysh oglanlarymyz birgun bizin bilen has yakyndan tanyshmak arzuwlarynyn bardygyny aytdylar. olary oye çagyrmaly diyen netija geldik. myhmanlarymyz \"dowrebap\" yaşayan oglanlardandylar. namaz, dini maglumatlardan kan habarly daldiler. bir salymlyk olaryn unsi kitaply tekjelerimizde eglendi. kitaplaryn atlaryny okadylar. kellelerinde kabir soraglar peyda bolupdy. ol dowrun meşhur gurrunleri başgady. imanyn esaslary dile getirilmeyardi. namaz bir yonekey dap hokmunde gorulyardi. gyz-gelinlerin yaglyklary - dowletin esasy problemasydy. elbetde, ozune degişli bolmayan işler bilen meşgullanmak ynsanyn nebsine has yenil gelyar. dowrebap yaşamaly, din modasy geçdi diyip hasaplanyan dowurlerdi. şol dowurde kop dostlarymdan tapawutlylykda namazlarymy wagtly-wagtyna kylmaga synanyşyardym. ertir namazlaryna turmak uçin buldilnik sagadyma çatylan magnitafonym açylyp, Mustafa Ismailyn Lokman suresini okayan kasetasy aydyp başlayardy. naçe jan etsemem dostlarymy namaza turuzyp bilemokdym. ertir namazyndan sonra Allanyn kelamy bolan Gurhandan birnaçe sahypa okayardym. bize tazelikde yaşamaga gelen oglanlardan birinin meni goz astyndan synlap yorendigini son bilip galypdym. talyplyk yyllarymyz hem geçdi. herkim oz welayatyna gidip, oz durmuşyny gurmaga başlady. ayryljak wagtymyz, menin namaz okamagymdan tasirlenip, namaz okamaga başlan bir oglan bilen namazlyklarymyzy çalşdyk. aradan yyllar geçdi. wagtyn geçmegi bilen dostlar bilen aramyzdaky bolan bag gowşady. yylda bir sapar janlaşmak bilen onyardyk. dostlarymyn durmuşyndan kan habarym yokdy. emma ozumin jogapkar işlerin birinde eşlemegim sebapli, sosyal sredamyn tasirindenmi biljek dal, namazlarymy onkisi yaly wagatly-wagtyna okamayardym. sonabaka has hem namazdan sowaşdym. son-sonlar namazy terk etdim. yaşkak \"Remezan musulmany\" diyyan, dine Remezanda ybadat edyan adama owrulipdim. şeylelikde yaşym 40-a golaylapdy. dinden halys sowaşypdym. bir bahana bilen talyplyk dowrumizde bile yaşan oglanlaryn birine myhmançylyga gitdim. ol mana Alla Tagala bolan soygusi barada gurrun beryar. iman barada gurrun edyardi. namaz wagty gelende dostumdan utananlygym sebapli namaz okamaly boldum. gozume ynanmadym, namaz okamak uçin onume atan konelip, yupleri çykyp, gyralary sokulip giden namazlyk - şool biri-birimiz bilen çalşan namazlygymyzdy. bu namazlyk nadip bu dereja geldika?! bir namazlygy bu dereja yetirmek uçin, gor, naçe wagtlap, naçe rekagat namaz kylmaly bolandyr! namazlyga seredyan we ozumden utanyan. mendaki galan namazlygyn pikirini etdim, ol entegem başdaky tazeligini yitirmandi. oyun bir gizlinrak yerinde durandyr... - Nadip boldy, bu yşky nirden tapdyn? diyip soradym - Birwagtlar senin okayan namazlaryndan we Gurhanyndan tasirlenipdim. Hiç bir kitap mana senin halyn yaly tasir edip bilmedi, jogabyny berdi. ozumden şeyle utandym... oye gelip hiç duzuw uklap bilmedim. gozumu yumsam basyrganyardym. ozume gelmeli, Alla Tagala yakynlaşmaly. yone muny etmek şeyle kyndy... namaz okamaga duranymda hamana birine gorunmek uçin edyan yaly bolyardym oz yanymdan we taşlayardym... yene-de ozumi zorlap dine yatsy namazyny goyberman wagtly-wagtyna okap başladym. bir gun yaltalyk menden ustun çykyp, namazymy okaman yatyp galdym. basyrganyp oyandym. duyşumde jahennem odunyn bir dilini gordummikam diyyan. şeyle grkdum. şu wagta deniç beyle gorkmandym. bu gorky bu dunyanin gorkusy daldi. yatsy namazymy kyldym we butun bedenimi gurşap alan gorky bilen yatdym. sonky gunlerde naçe yyllap elime almadyk Gurhnanymy açdym, okajak boldum, emma bolmady. harplary birinji gezek goryan yaly bolup, okap bilman telim wagt seredip oturdym. Gurhan meni terk edipdi. gunde 1-2 setirden okaryn diyip maksat edindim, gapdalyndan Gurhnanyn terjimesini (manysyny) hem okadym. ayatlary edil birinji gezek okap goryan yalydym. Bakara Suresinde \"Sabyr we namaz bilen Alladan yardam islan\" diyilyardi, Nisa Suresinde bolsa uruş/soweşde namazyn nadip kylynyşy yazylyardy. hatda uruş hem namazy taşlamaga bahana hokmunde gorlenokdy. men na hetdime yaltalyk zerarly namazy taşlap bilerin?! dostum yadyma duşdi. ona beren namazlygym şeyle konelipdi. men yaltanyn namazlygy bolsa şol onki bolşy yalydy. parz namazlarymyn daşyndan onki okamadyk namazlarymyn kazasyny almaga başladym. birnaçe gunin içinde balagymyn dyzlary agaryp başlady, dyzlarymda yadawlyk peyda bolyardy, emma namazlygyn şol durşudy. şeylelikde 3-4 yyl geçdi, emma namazlygymyn şol tazeligi. dine ayagymy goyyan yerimin renki çala solupdy. Alla jan, dostumyn soygusi nahili soygi, nahili yşkkan, kim bilyar naçe gije, naçe gundiz Allaha ybadat edip namazlygy şol dereje koneldip bildi?.. Hadyslar: \"In ustun namaz, ayakda durma wagty uzyn bolan namazdyr.\" -Ogurlyklaryn in erbedi namazdan ogurlamakdyr. -Kişi namazyndan nadip ogurlar? -Rukuw we sejdesini doly yapmazlyk bilen namazyndan ogurlar. Pygamberimiz (saw) buyurdy: \"Birinizin gapysynyn onunden bir çeşme aksa, kişi gunde 5 gezek şol suwa yuwunsa, kirinden yz galarmy?\" \"Yok, tamiz bolar\" diydiler. \"Ynha, 5 wagt namaz hem şeyledir. Alla namaz sayasynda butun gunaleri tamizlar.\" \"Islendik bir kişi, gowy edip taretini alyp namaz kylsa, şol namaz bilen indiki namazynyn arasynda eden butun gunaleri bagyşlanar.\" \"Islendik bir musulman parz namazynyn wagty gelende, ol namazyn taretini gowy alyp, namazyny gorky we hormat arasynda, rukünlerinem (namazyn esasy hereketleri) doly yerine yetirse, bilsin, bu namaz onun uly gunalerinden başga, öň eden butun gunalerinin garşylygy bolar. Butun yyly hem şeyle bolar.\" \"Amal işlan! Amallaryn iň hayyrlysy - namazdyr!\" \"Maňa zenanlar we hoşboy yslar söydurildi, emma gözümiň aydynlygy namaz boldy.\" Bir adamyn soragyna Pygamberimiz (saw) jogap berdi: \"Allah gullaryna 5 wagt namazy parz etdi\", ol adam jogap berdi \"Bulardan ne az ne-de kop etmerin\" diyip, and etdi, Pygamberimiz (saw) \"Şol adam sözünde dursa hökman Jennede girer\". \"Çaga sagyny çepinden ayyryp biljek yaşa geleninden, oňa namaz kylmasyny aýdyň.\" Pygamberimziň (saw) musulman bolan kişa ilkinji öwreden zady namaz bolardy. \"Küpür bilen imanyň arasynda namazyň terki bardyr.\"
Konelen namazlyk
-
agajanh
16 years ago
- gerkez ol bir zady terjime eden yali. Men calaja 1-2 setir okadym
-
balkanly
16 years ago
- mende haçandan bari şeyle bir zat okamana garaşyardym. aslynda mende bu yazgyny okap otyrkam özümden utandym. gowy mowzyk.dowamyny islarin!
-
sinoptik
16 years ago
- Sagbol, gowy terjime!
-
yako174
16 years ago
- menem namaz bln baglanshykly bir waka aytjak:
25 yillap Dagistanda,dagystanlylaryn bashinda bolup,Ruslaryn bashyna bela bolan Sheyh Shamil,urushda bir agyr yara alyp ozunden gechyar...kop sagatlardan son oyanan palwan,bash ujunda duran ejesinden ilkinji soran zady:\"Eje namazym gechtimi?\"bolupdyr...
-
mermaks12
16 years ago
- tuveleme merwligyz oran govy movzuk.
-
ata
16 years ago
- bäh, meň säwliklerimi gelip, bärik ýazýan ýal-ow, öňki mowzugyňda-da utanyp girmändim diýen ýaly säwlikler barada.
Ýaňyja-da \" Täsir güýji barada mowzuk açypdym, şol ýerde-de bolşy ýaly, esasy zat, diýýäniňi amal etmek we amalyňy diýmek bolmaly. Ýogsam, ýalanyň ne täsiri, ne-de paýdasy bolar. Bu babatda maňa gep düşmez, ýöne ýene-de bilýänjelerimi paýlaşmak niýeti bn bärik bir-iki oňat ýazgy-maglumat goýmakçy, enşallah!
Aşakda...
-
ata
16 years ago
- Men shu yerde azajyk namaz we namazyn peydalary hem-de hikmetleri barada yazayin diydim, bilyanje zatlarymy, ensalla, azajygam bolsa peydasy deger:
Namaz, Yslam dininin 5 shertinden biridir, Yslamyn 5 sherti bolsa:
1-Shayatlyk sozi;
2-Namaz;
3-Oraza;
4-Sadaka(zekat);
5-Haj.
Shularyn hemmesini oz icinde jemleyan bashga hic 1 ybadat gornushi yok, diñe namaz olary oz icinde jemleyar, nadip, ynha sheydip:
1-Namazda, her soñky otyryshda \"Sehadet sozi\" aydylyar;
2-Namaz okamagyñ ozi 2-nji shert;
3-Namazda hic zat iyip-icemzok, yagny, namaz wagty oraza tutyas;
4-Namaz okap her wagtyn oz sadakasyny beryas;
5-Namaz okamyzda Kaba tarap seredyas, yagny many alemde Hajja gidyas!
Namaz barada Gurhanda oran kop ayat bar, oran kop hem hadys, 1-2 sanysyny yazsak:
Toba suresinde:
\"Shu muminleri busdula! Olar ki, kop TOBA ederler, kop ybadat ederler, kop hamd(shukur) ederler, kop oraza tutarlar, kop ruku ederler, kop secde ederler, onatlygy emredip, erbetlikleri gadagan ederler, olar Allanyn (hemme yagday ucin) goyan serhedini gorarlar!\" (Toba suresi)
Kevser suresinde:
Namaz kyl we Gurban kesiwer!
Muminun suresinde ilkinji 10 ayatyn ikisinde (ayat sany boyunca):
2-Olar namazlaryny hashyet icinde(takyk, dogry we lezzet icinde) okarlar;
8-Olar namazlaryny wagtly wagtynda we hemishe okamaga dowam ederler;
10-Ynha, shular, hakyky warisler (gutulanlar, jennetlikler)
diyiyar.
Bir hadysda bolsa sheyle diyilyar:\"Namaz dinin diregidir, kim ony yerine getirse, (Yslam) dinini yerine yetirer!\"
Hatda, bu babatda halk aydyshygy bar ekeni, bizde beyle zada kopden bari rugsat berilmeyadi, ynha, shol aydyshyk:
\"Namaz dinin diregidir, nurudyr,
Din gamisini namaz yoreder,
Hemme ybadatyn namaz piridir,
Namazsyz-niyazsyz Yslam bolarmy!?\"
Yene bir zat, eger icinizden arapca okayanynyz bar bolsa, adamzadyn atasy kabul edilyan Hz.Adem arapcada \" ﻤﺩﺍ \" yaly yazylyar, (ulaldyp bilsem ulaltjak)
1-nji harpy \"I (elif)\" ayakda kiyamda namaza duran adamy yada salyar;
2-nji harpy \"ﺩ (del)\" bolsa, namazda rukudaky adamy yada salyar;
3-nji harpy \"ﻤ (mim)\" bolsa namazda sejda duran adamy yada salyar.
Birem yene namaz barada bir hadys:
Bir sahaba Pygamberimizin yanyna ozunin guna ishlanini we shol sebapli name ceza cekmeli bolsa tayyardygyny aydyar, pygamberimiz bolsa:\"Sen wagt namazyny okadynmy?\" diyyar, ol bolsa okamanlygyny aydyar. Pygamberimiz ona abdest alyp jemagat bn namaz okamagyny buyuryar we ol okayar, son yene-de halki aydan zatlaryny gaytalayar. Pygamberimiz yen shol 1 soragy sorayar, ol hem:\"Elbetde, ey Allanyn Resuly, sizin arkanyzda jemagat halynda yanyja okadym!\" diyyar. Shonda Pygamberimiz:\"Senin yanky okan namazyn, senin eden shol (kici) gunäñi pozdy (sebabi, onda okunc bardy we toba edipdi, yene-de jezasyna razydy, bulary hem unutmalyñ!), yok etdi, indi menden jeza berilmegini talap etme!\" diyipdir we shu mysaly beryar:Siz hergun deñize 5 wagtyna girip yuwunyan birinde kir gorup bilersinizmi?\" diyip sahabalara sorayar, olar bolsa gorup bilmejeklerini aydyarlara. Pygamberimiz bolsa:\"Anha, shonda kir tapmayshynyz yaly, gunde 5 wagt namaz okayan biri hem many aleminde kirlerinden tamizlenyar!\" diyipdir.
Pygamberimiz namaz barada:
-Gozumin nury;
-Dinin diregi;
-In halayan zady;
hokmunde bellap gecipdir.
Hz.Alynyn ayagyna giren yay okuny nadip ayirjaklaryny bilman durkalar, hic-hili agyry duymazlygyna sebap bolyan namaza duran wagty sahabalaryn ayranlygyny bilyansinizdir!
Hazirlikce bular, sag bolun!
-
Tapjangul
16 years ago
- Sagbolun ata aga gowy yazipsiniz.
-
mylayym
16 years ago
hemme zatdan öňürti sen gyzmy oglanmy?
merwli gyz diyip dura:) gyzla ondadamy gaty gowyja gyz:)
barde ol bir gyzykly wakany guruun beripdir, name ol 80 yylda okuwyny gutaran bolsa oz ejesi bilen yashdash bolarda:)
-
ata
16 years ago
- Meň ýalyň biri hemişe wagt namazlaryny çykjak bolup durka, çalt-çaltdan okaýan ekeni. Günlerden bir gün ol ölüp, ruhy bakyýete ýelk ýasanmyş. Oňa ilkinji soraglar soralyp başlapdyr. Sorag-jogap netijesinde, şol şahys jezasyny çekip, günälerinden tämizlenmeli bolupdyr. Ony içi otdan doly 1 çukuryň gyrasyna eltip, içine oklaýarlar jogapkär melekler. Şonda ol ähli sebäpleriň gutarany üçin, umytsyz ýagdaýda galypdy. Oda ýetmäkä, elinden agsak, ak sakally bir garry adam tutup aldy.
Şahys ol garrydan kimdigini sorap öwrendi. Asyl okan namazlary bolsa nätjek. Şonda ol garry ýaşula:
-Wagtynda meni näme üçin halas etmediň? - diýende ol:
Meni wagtynda we doly okamaýardyň, ynha-da netijesi diyipdir.
-
ata
16 years ago
- şu wagt ukym tutup, elim haýsy harplara gabat gelse basyp başlady, masgara bolmakam gidip ýataýyn :)
Tapjangül, jigim, minnetdar!
Merwli_gyz bir gyz, şübhelenýänler üçin :)
Ol bärde kä Türkçe maglumatlary we wakalary TM diline terjime edeni üçin oglan bolaýanog-a :)
Merwli_gyz, minnetdar, jigim! Eliň-gözüň dert görmesin! Şeýle ýazgylaryň höwri köp bolsun! Biribar seni we bizi yhlasly amal eden bendeleriniň hataryna goşsun we bizden razy bolsun!
-
jankaka
16 years ago
- dowamyny dileyan yone seresaplyk bn
-
Tapjangul
16 years ago
- budrayjeklere komek ederısle jankaka gaygy etme.:)
-
kakabay
16 years ago
- öňünde tapjan duran bolsa büdremän geçip bolmazla,gül duran bolsa ony ysyny alman geçip bolmaz!
-
Harmandali
16 years ago
80inji ýyllardy diýýäň gaty gorme yone menä saňa ynanmakda kynçylyk çekýän. sen lakamyň merwli\'\' GYZ\'\'.onsoňam şu seň yazan zatlaryň oz başyňdan geçen däl bolmaly.
Ol nirede bu men bashymdan gechdi diyip yazypdyr. Ol gyz barde bir bolan wakany terjime edip goyupdyr gorunip dura!
Merwli_gyz Molodec. Ata aga size-de minnetdar! Yazyp durun shu yaly mowzuklary belki menem bir gun dogry yola dushern.
-
ata
16 years ago
Yazyp durun shu yaly mowzuklary belki menem bir gun dogry yola dushern.
,
Hawa, onsoň dogry ýola düşme ymtylyşyň dowam edýärmi:)
Men-ä şunça synanyşýan welin, nebsim eger-eger eýgerdenok! Allah maňa bu babatda kömek etsin-dä! Diňeje namaz okamak üçin namaz okamak, ýagny, Allahyň buýrugy bolany üçin namaz okamak, elbetde, peýda berer, ýöne sogabynyň möçberi taýdan az boljagy hem aýdyň görünýär. Ýene-de okamazlykdan okamak has amatlydyr, hökmany ýagdaýda, ynha, şeýle diýibem dowam edýärin.
Eh, gowja görýän namazlygym uzakda galdy menden. Her göremde begenip gidýän, gowy zatlary hakydama getirýän, üstünde ençeme gezek namaz okan namazlygym! Enşallah, ýakynda ýene seni görerin we saňa alnymy, maňlaýymy degirerin, seň üstüňde Allaha ýalbararyn!
-
hoshowaz
16 years ago
- merwli_gyz!
oran onat yazypsyn. eger garshy bolmasan shol yazanlaryny printerden chykaryp oydakilere berjek?!
"bir chaga atasyndan sorayar:
- ata adamyn omrinin dowamyllygy nache?!
- azan bilen namazyn arasy.
- o nahili?! sheyle gysgamy ol?!
- howa balam. ynha ol sheyle:
ol azan - namazsyz azan, ol namaz - azansyz namaz." dushundinizmi?! dushunmediklere dushundirish:
chaga doganda gulagyna azan okalyar, yone bu azan namazsyz azan. adam olende bolsa jynazasy(jynaza namazy) okalyar. yone ol namaz azansyz namaz.
uns berip okanynyz uchin sag bolun. shu mubarek ayda bizem hayyr dogada yatlawerin gardashlar! hemmanizin alla yarynyz!
hudaytagala shu mubarek ay sebapli, tutulyan orazalar sebapli, musulman bolanlary magfyret etsin, gunalerini bagyshlasyn, dogry yolda bolsa dogry yoldan ayyrmasyn, egri yolda bolsa dogry yola getirsin!
musulman bolmayanlara-da dogry yoly gorkezsin, hidayet etsin, iman yshygyny gorkezsin, yureklerine iman nuryny, pygamber(a.s) soygusini bersin!
hemmanizin oyunize agzybirlik, asudalyk, jebislik, mashgalanyza sabyr-kanagat, umyt-soygi bersin!
hemmamizi pygamberimiz muhammet(saw) layyk ymmat eylesin!
sonky demimizde ymanly gitmegi nesip etsin, ahyryetde-de nur jemalyny gormek, pygamberimize(saw) gonshy, sahabalara(r.a.e.) yaran etsin!
doga dilegleriniz kabul bolsun! Amin...
-
ata
16 years ago
- hoshowaz, berekellah!
gowja teswir ya hakykat - minnetdar!
hawa, meni hem dileglerinizde yatlasanyz, oran hoshal bolaryn. Gutlaglary ayratyn mowzuklar halynda kop yazypdym, barde-de gysgaca gutlayaryn!
-
ata
16 years ago
- Namaz
Namaz yslamyň imandan soňky iň möhüm emridir.
Namaz diniň sütüni we musulmanlygyň binýat daşydyr, (Tirmizi).
Namaz imanyň alamatlaryndandyr.
Namaz ähli ybadatlaryň mazmunydyr.
Namaz – gul bilen Allahyň arasyndaky iň ýokary ýakynlyk, iň belent gatnaşyk we arassa hyzmatdyr.
Namaz – Allahyň gudratyna göz ýetiren, beýikliginiň öňünde akyly haýran bolan ynsanyň, bu hormatyny we haýran galmagyny iň mynasyp söz we hereketler bilen amal etmegidir.
Namaz – guluň günde bäş gezek Ýaradanyň huzuryna çykmagy, Onuň diwanynda durmagy diýmekdir. Ynsan bu beýik diwanda ähli mätäçligini we dileglerini hiç hili araçysyz, göni Allaha arz edýär, Oňa sygynýar, diňe Ondan ýardam dileýär. Şeýlelik bilen, Pygamberimiziň magrajda Allah bilen cöhbetini musulman her namazynda simwoliki ýaşaýar. Bu syra yşarat edip, Pygamberimiz: «Namaz mü’miniň magrajydyr» diýipdir.
Namaz mahlukatyň ähli ybadat görnüşlerini özünde jemleýär. Kurany Kerimde beýan edilişine görä, ähli mahlukat Allah Tagalany hemişe zikir we tesbih edýändir.
«Allahy zikir, tesbih we Oňa ybadat etmeýän hiç bir zat ýokdur. Emma siz olaryň bu tesbih we ybadatlaryna düşünmersiňiz», (Isra, 44).
Dik ösüp oturan agaçlar kyýamda durana, dört aýakly haýwanlar ruku’da, süýreniji haýwanlar bolsa sejde edýäne meňzeýär. Allaha ybadat etmegiň bu görnüşleriniň hemmesi namazda jemlenýändir.
Melekler hem, ähli janly-jandarlar ýaly, hersi bir görnüşde Allaha ybadat edýändir. Olaryň bir topary kyýamda, bir topary ruku’da, bir topary sejdede Allaha ybadat edýändir. Iň kämil nusgada ýaradylan ynsan bolsa, melekleriň we janly-jandarlaryň ybadat ediş görnüşleriniň ählisini özünde jemläp, Allaha gulluk edýär.
Namaz Allahyň ägirt şanyny we soňsuz gudratyny beýgeldýän iň ajaýyp şekil we sözlerden durýandyr.
Namazda tekbir, towhyd, tesbih, methu-sena, hamd, şükür, hormat, tewazug, tazarru’, nyýaz, ähli mü’minlere haýry-doga we Pygamberimize salatu-selam jemlenendir.
Kuran okamak hem bir ybadatdyr. Namazda-da az hem bolsa Kuran okalýar.
Mü’min mumsulmanlaryň biri-biri bilen salamlaşmagy hem aýratyn bir ybadatdyr. Namazyň hem soňunda salam bardyr.
Yslama görä, tefekkür hem uly ybadatlardan biridir. Mü’minler jemagat bolup okalan namazlarda Allahyň soňsuz gudraty we azamaty barada oýlanmaga mümkinçilik tapýarlar.
Iýip-içmegä rugsat berilmeýändigi üçin namazda oraza hem bardyr.
Namazyň zekat we haj bilen hem baglanyşygy bardyr. Çünki, namaz bedeniň we ömrüň zekatydyr. Namazyň kybla bakyp okalmagy hem haj ybadatyna yşaratdyr.
Görşümiz ýaly, namaz ähli bedeni ybadatlary öz içine alyp, hemmesiniň özeni we mazmunydyr.
--------------------------------------------------------------------------------
Namaz okamagyň hökümi
Namaz yslamdan öňki dinlerde hem emr edilipdir. Namaz hijretden 18 aý ozal, magraj gijesinde, bäş wagt görnüşinde farz buýrulýar. Magrajdan öň hem Resulullah (a.s.) we mü’minler namaz okapdyr. Ýöne olar namazy iki wagtyna – ertirine we agşamyna okapdyrlar. Şeýle hem, namaz okamak olar üçin farz däl-de mendupdy.
Namaz – Kuran, hadys we ijmag bilen anyk kesgitlenen farzdyr. Ol akyly ýerindäki, kämillik ýaşyna ýeten her bir musulman üçin berjaý edilmeli iň belent wezipedir. Dinimizde ýedi ýaşyna ýeten çagalara namaz emr edilip höweslendirilýär. On ýaşyna ýetende ol çaga namazyny okamasa, okamagy talap edilýär. Bu barada Pygamberimiz şeýle aýdýar: «Çagalaryňyzy ýedi ýaşyna ýetende namaz okamaga höweslendiriň, on ýaşyna ýetende okamasa, okamagy talap ediň...», (Ebu Dawud, Ahmet b. Hanbel). Bu möhüm farz ybadatyny amal edenler Allah Tagalanyň ençeme lutuf we inaýetine ýeterler.
Namazyň farzdygyny inkär etmek, mü’mini dinden çykarýar, emma farzdygyny inkär etmän, diňe ýaltalyk sebäpli bu ybadaty amal etmeýänler ruhy taýdan uly ýitgä we zyýana galýarlar. Namaz okamazlyk dünýä we ahyret azabyna sebäpdir. Ahyret azaby barada Allah Tagala Kurany Kerimde şeýle buýurýar:
«Olar günäkärlerden sorarlar: «Sizi «Sakar» jähennemine tarap süýreýän nämedir?» Günäkärler şeýle jogap bererler: «Biz namaz okanlardan däldik», (Müddesir, 40-43).
Pygamberimiz bolsa hadysy şeriflerinde şeýle aýdýar:
«Kim ikindi namazyny terk etse, amaly biderek bolar», (Buhary, Nesaýy).
«Kim äsgermän üç ýola yz-yzyna juma namazyny terk etse, Allah Tagala onuň ýüregini möhürlär», (Nesaýy, Tirmizi, Ibni Maje).
Unudyp, ýa-da uklap galandygy sebäpli namazyny okamadyk kişi soň kazasyny okamalydyr. Hadysy şerifde:
«Kim unudyp, ýa-da uklap namazyny geçirse, ýadyna düşende derrew okasyn (kaza etsin)», (Ebu Dawud, Ibni Maje, Nesaýy) diýilýär.
Kurany Kerimiň ençeme aýatynda mü’minleriň namaz okamagyna emr edilýär. «Namazyň wagtynyň kesgitlenip, mü’minlere farz edilendigi şübhesizdir», (Nisa, 103).
Hadysy şerifde:
«Allah Tagala musulman aýal-erkeklere, ähli kişä günde bäş wagt namazy farz edendir» diýilýär. Ibni Omardan rowaýat edilýän başga bir hadysda bolsa, Pygamberimiz şeýle buýurýar:
«Yslam bäş zadyň üstünde bina edilendir. Olar:
Allahdan başga ilahyň ýokdugyna we Muhammediň Allahyň ilçisidigine şahadat etmek,
Namaz okamak,
Remezan aýy oraza tutmak,
Zekat bermek we
Haj ybadatyny berjaý etmekdir», (Buhari, Müslim).
--------------------------------------------------------------------------------
Namazyň peýdalary
Namazyň ynsana dünýewi-uhrewi, maddy-ruhy birgiden peýdasy bardyr.
1. Günde bäş wagtyna namaz okaýan ynsan hemişe Allahy ýatlaýar, özüni elmydam Onuň huzurynda ýaly duýar. Bu bolsa ol ynsanyň akylyna erbet düşünjeleriň gelmegine pursat bermeýär. Aslynda dünýädäki ähli erbetlikleriň gözbaşy Allahy unutmak we ýürekde Allah gorkusynyň bolmazlygydyr.
Ýüreginde Allahdan gorkusy bolmadyk we Allahy unudan öz nebsini, keýpi-sapany, bähbidini araýan tekepbir ynsandyr. Ol hak-hukugy, adalaty äsgermeýär. Şeýle adamlara ne kanun, ne polisiýa, ne-de sud täsir edip biler. Ol pursatyny tapsa, haram-halal diýmän ham-hyýalyny amal etmäge çalşar.
Ine, şonuň üçin Allah Tagala ynsan oglunyň kalbyna bir garawul goýupdyr. Ol garawul bolsa, hemişe Allahy ýatladýan, we Ondan howatyrlandyrýan namazdyr. Namazly kişi akylyny, gözüni, gulagyny, elini, aýagyny..., ähli agzalaryny erbetliklerden saklar. Başganyň malyna, janyna, namysyna göz gyzdyrmaz. Namazyň bu aýratynlygy Kurany Kerimde şeýle beýan edilýär:
«Namaz oka. Çünki, namaz ynsany fahşadan (zyna ýaly uly günälerden) we münkerden (her hili gabahat we bet işlerden) saklar. (Ankebut, 45)
Pygamberimiz hem bu barada hadysy şerifinde:
– Biriňiziň gapyňyzyň öňünden bir derýa akyp ýatsa we her gün bäş gezek şol derýada ýuwnan ynsanda, heý, kir-hapa galarmy?– diýip sorady.
Sahaba:
– Ýok galmaz – diýip, jogap berdi.
Bu jogapdan soň, Resulullah:
– Bäş wat namaz hem şonuň ýalydyr. Suwuň kiri ýuwup aýryşy ýaly, namaz hem günäni ýuwar – diýip, namazyň ähmiýetini nygtaýar, (Buhary, Müslim, Tirmizi, Nesaýy).
2. Namaz mü’miniň gündelik durmuşyny tertibe salýar. Musulman gündelik işlerini namaz wagtlarynyň arasynda berjaý edýär. Tertip-düzgünli işlemek ynsany durmuşda başarnykly, rahat ýaşadýar.
3. Namaz ynsanyň nebse erk etmegi, hasap bermek we öz-özüňe gözegçilik etmek ukybyny artdyrýar. Şeýlelikde, Ýaradanyň huzuryna çykjakdygyna ynanýan musulman eden işlerinde hata goýbermezlige yhlas edýär.
4. Allah Tagala bäş wagt namaz okaýan kişini jennete saljakdygyna wada berýär. Emma ynsan okan namazyny diňe Ýaradanyň ryzasy üçin, edep-ekramyna laýyklykda amal etmelidir. Bu barada Ubade b. Samitiň gürrüň beren hadysynda şeýle diýilýär:
«Gullaryna farz eden bäş wagt namazynyň ähmiýetini peseltmän, nogsansyz berjaý eden kişini Allah Tagala jennete saljakdygyna söz beripdir. Emma namazyny okamaýanlar üçin, şeýle wada ýokdur. Islese azap eder, islese bagyşlar», (Ebu Dawud, Nesaýy, Ibni Maje).
Mundan: «Namaz okamaýan asla jennete girmez» diýen manyny çykarmak dogry däldir. Allah islese, guluny razy bolan bir ýagşy işinden, ýa-da yslama eden hyzmaty sebäpli ähli günälerini, ybadat borçlaryny bagyşlap, jennete salyp biler. Bu Onuň lutuf we merhemetine degişli bir aýratynlyk, emma Hak Tagala namaz ybadatyny many-mazmunyna laýyklykda nogsansyz, doly amal eden kişini jennete saljakdygyny wada berýär. Bu barada Ebu Hureýreden gürrüň berilýän hadysda şeýle aýdylýar:
«Kyýamat gününde guldan ilkinji soraljak hasap – farz namazydyr. Eger bu namazy doly amal eden bolsa, örän ýagşy. Tersine bolan ýagdaýynda şeýle aýdylar: «Görüň, munuň okan nafile namazy barmy? Eger nafile namazy bar bolsa, farzdaky ýetmezçiligini şolar bilen dolduryň. Soňra beýleki farz amallary üçin hem şunuň ýaly höküm berler», (Tirmizi, Ebu Dawud, Nesaýy).
Şonuň üçin farz, wajyp ýa-da sünnet diýip tapawut goýman ybadatlary doly amal etmek mü’miniň esasy maksady bolmalydyr. Çünki, ybadat – dünýewi rahatlygyň, ruhy bagtyň çeşmesi bolşy ýaly, ahyret üçin hem iň uly taýýarlykdyr.
5. Namazyň dünýewi we uhrewi iň möhüm peýdalaryndan biri-de namaz okaýan kişiniň ýagşy niýet bilen eden amallarynyň ybadat hökmüne geçmegidir.
Ynsanyň namazyny okap, Allahyň hakyny doly berjaý edip, eklenjini halal ýerden gazanmak niýeti bilen bitirýän işleri, görkezýän gaýraty, ahyret nukdaýnazaryndan, boş we peýdasyz iş bolmaz. Olaryň hemmesi ybadat hökmüne geçer. Şeýlelikde, ynsanyň ähli ömri ybadata öwrüler. Onuň gaýraty we zähmeti Allahyň dergähinde asla riýa bolmaz.
Eger-de şol kişiniň eklenç üçin eden işi halka peýdaly iş bolsa, şol işden peýda görýän adamlaryň sanyça-da sogap gazanar. Şu bähbitleri gazanmagyň ýeke-täk hökmany şerti – farz namazyny okamakdyr.
--------------------------------------------------------------------------------
Namazy terk etmegiň zyýany
Namazyny okamaýan adam ýokarda agzalan peýda we bähbitleri ýitirmekden başga-da, dünýäde we ahyretde uly zyýana galýar. Şol sebäpli, aň-düşünjeli dindarlar namazlaryny mümkingadar nogsansyz berjaý etmäge çalyşýarlar. Eger-de, geçiren namazlary bar bolsa, gijikdirmän kazasyny okamaga, şeýlelik bilen namaz borjundan halas bolup, Allahyň huzuruna çykmaga taýýar bolýarlar.
«Tembihul gafilin» atly kitapda namaz okamazlygyň zyýanlaryny beýan etmek babatda şeýle bir tymsal getirilýär:
«Hapysa, şerraý bir adam bir gün şeýtan bilen duşuşyp oňa şeýle diýýär:
– Eý, Iblis, meniň hem saňa meňzäsim gelýär, şonuň üçin näme edeýin?
Muňa haýran galan Iblis şu jogaby berýär:
– Geň zat, şu wagta çenli maňa imrinip, maňa meňzäsi gelen ynsana duşmadym. Eger hakykatdanam maňa meňzemegi ýüregiňe düwen bolsaň, onda iki zady terk et. Bular seniň iblis bolmagyň üçin ýeterlikdir. Olaryň biri namaz, beýlekisi bolsa, ygrarlylyk».
Ýene şeýle bir rowaýat aýdylýar:
«Köçede aýlanyp ýören perişdeler bilen şeýtanlar bir jaýyň gapysyna ýetenlerinde özara jedel edýärler. Melekler:
– Bu öýe biz girmeli, şeýtanlaryň bärde işi ýok! Şeýtanlar bolsa:
– Bu öýe biz girmeli, melekleriň bärde işi ýok – diýişýärler. Jedel dowam edip durka, azan okalyp başlanýar. Jedel gutarýar. Şeýtanlar umydyny üzüp, öýe melekler girýär. Namaz okalmaýan öýe bolsa, şeýtanlar çapak çarpyp girenlerinde, melekler umytdan düşüp, ol öýden daşlaşýarlar.
Şonuň üçin, köneler aýdypdyrlar: «Namaz okalmaýan öý, şeýtanyň mesgeni, namaz okalýan öý bolsa melekleriň mekanydyr».
Emma, şonda-da käbir musulmanlaryň dürli bahanalar bilen maddy we ruhy, dünýewi we uhrewi bir giden peýda berýän namaz ýaly beýik bir ybadatdan, külli haýyrdan daş durup, biagyrlyk edýändiklerini görýäris.
Olaryň öňe sürýän esasy bahanalary şulardyr:
1. Namazy diňe garranyňdan soň okalmaly borç hasaplamak, ýaşlyk – dünýä işlerine bagyşlanýan, garrylyk bolsa ahyrete ýönelinýän wagtdyr diýen düşünje.
Bu düşünje – ynsany namaz okamakdan daşlaşdyrýan iň giň ýaýran düşünjedir. Ýöne bu düýbünden ýalňyşdyr. Çünki, namaz kämillik ýaşyna ýeten her bir ynsanyň ölinçä boýnunda durýan farz ybadatydyr. Bu farzyň ýaşlyk ýa-da garrylyk bilen hiç hili baglanyşygy ýokdur. Her okalmadyk namaz guluň boýnunda borç bolup galýar. Ahyretde azaba duçar bolmazlyk üçin, ölmeziňden ozal bu borçdan gutulmak, geçirilen namazlaryň kazasyny okamak şertdir.
Ýaşlygynda namaz okaman, garranyňdansoň okamaga başlan biriniň birgiden namaz borjunyň boljakdygy köre hasadyr. Garry halyna bu borçlarynyň kazasyny doly okap biljegi bolsa şübhelidir. Ynsan geçiren namazlarynyň kazasyny okaýanda-da borçdan doly saplanmaz. Namazyny wagtynda okamandygynyň jogapkärçiligini ýüreginde göterer. Diýmek, garranyňdansoň namaza başlamak düşünjesi – nebsiň oýnundan, şeýtanyň hilesinden başga zat däldir. Şeýle hem, ynsanyň garrylyk ýaşyna ýetip-etmejegi barada hiç hili güwäligi ýokdur. Islendik wagt ölüm gapyňy kakyp biler. Ynsanyň ertire çykjagyna-da anyk kepilnamasy ýokdur. Hatda ýaşlykda okalan namaz bilen garranyňdansoň okalan namaz hem hiç wagt deň bolmaz. Ynsanyň ähli hyjuw we duýgulary bilen dünýä baglanýan ýaşlyk ýyllarynda nebsi bilen göreşip eden ybadatlary Allahyň dergähinde, elbetde, has gymmatlydyr. Garry halynda bolsa ynsanyň dünýä meýli peselýär, ölümini has ýakyn duýup başlaýar, islemese-de ybadata meýli artýar. Pygamberimiz bir hadysynda şeýle buýurýar:
«Iň haýyrly ýaş ýigit garry kimin ölümi barada oýlanyp, ahyreti üçin işleýän, ýaşlyk hyjuwynyň we joşgunynyň ýesirligine düşmeýän, gaflatda gark bolmaýan ýigitdir».
Diýmek, ýaşlar hem edil garrylar ýaly, ahyret barada aladalanyp, namaz we beýleki ybadatlaryny nogsansyz berjaý etmelidir.
2. «Eklenç aladasy, dünýewi işleriniň köplügi sebäpli namaza wagt tapyp bilmeýän» diýen düşünje
Bäş wagt namaz, taharet kylmak bilen birlikde jemi bir sagat wagtymyzy alýar. Allah Tagalanyň bir gije-gündizde bize beren 24 sagadyndan bir sagadyny dünýä, hem ahyretimiziň sagadatyna wesile boljak namazyň edasyna harçlamajak bolmak, hiç bir mantyga, akyla sygmaz. Iň biderek, boş işlere wagt tapýarkak, namaza gezek gelende, wagtyň ýokdugyndan zeýrenmek, diňe nebsiň we şeýtanyň aldawyna gitmekden başga zat däldir.
3. «Günde bäş wagtyna namaz okamagyň yzy gutarmansoň, ynsany ýadadyp irizer» diýen düşünje
Bu düşünje hem ýalta nebsiň bahanasydyr. Çünki, her gün iýip-içýän ynsan bularyň gaýtalanyp durmagyndan bizar bolmaýar. Gaýta ondan lezzet alýar. Edil şonuň ýaly-da, ruhuň azygy, kalbyň aby-haýýaty bolan namazyň gaýtalanmagyndan: ruhy ölmedik, kalby sönmedik ynsanyň irmegi, ýadamagy mümkin däldir.
Şeýtanyň ýürege salýan şeýle ýaramaz hileleri köplenç namaza ýaňy başlaýan adamlarda duş gelýär. Namazyny dowam etdirip, onuň magnewi feýz we bereketine ýetenler şeýle bahanalaryň gurbany bolmaýar.
Bu pikir we düşünjeler hiç bir esassyz, diňe nebsiň ýaltalygyndan, şeýtanyň was-waslaryndan döreýän bahanalardyr. Ynsan bu bahanalary ýeňmek üçin nebsi we şeýtan bilen hemişe göreşmelidir. Ýogsa, suw ýaly akyp gidýän ömür sermaýasy, şemal ýaly geçip gidýän ýaşaýyş nygmaty, synagdan geçip bilmezlik we zyýana galmak bilen jemlener.
Çeşme: yslam.info , ylmyhal.narod.ru
-
Fat4l!ty
15 years ago
- ata aga, dash edipsin, tuweleme..
-
ata
15 years ago
- fatal, ýitdiňle-how :)
men ýene 1 degişliräk ýazgy ýazaýyn:
Öň bir ýazgymda bir Yslam alymynyň dünýä mertebelerini 5 görnüşe aýyranyny ýazypdym:
1- biziň dünýämiz;
2- hz.isa(a.s) we hz.idris(a.s.) ikisi 1 mertebede;
3- hz.hydyr ata we hz.ylyas(a.s) ikisi 1 mertebede;
4- şehidleriň mertebesi;
5- gabyr durmuşy/mertebesi;
Gabyr äleminde 5 sorag soraljak diýlip bellenilýär Yslamy çeşmelere görä. Olar:
1- Rabbiň kim?
2- Diniň näme?
3- Pygamberiň kim?
4- Kitabyň näme?
5- Namazyňy okadyňmy?
ýokarda görlüşi ýaly, ilkinji 4 sowal imanyň şertlerine degişli, ýagny, bularda amal ýok, kabul ýa inkär bar diňeje.
A 5-nji sorag bolsa, Yslamyň şertlerinde biri bolan namaz wezipesi. Amal taýdanam ýekeje sowal gabyrda soraljak. Şoň üçinem nähili ähmiýetlidi belli bolsa gerek.
Ýene çeşmelere görä namazyň hasabyny gowy berip bilenleriň, soňky mertebelerde kän kynçylyk çekmejekleri beýan edilýär.
Garaz, namazymyzy gabyr we baky älemde özümiziň halas bolmagymyz üçin ýerine ýetirmegimiz wajyp bolup durýar görşümiz ýaly.
Iň oňat ýagdaýda amal edilen namaz eýesini günälerden hem uzak tutmaga sebäp bolýar aýat beýany arkaly. Netijesinde diňe halas bolmak däl, has beýik mertebelere eýe bolmaga-da sebäp bolup bilýär. Bu babatda Pygamberimiz (SAW) özüne goňşulyk mertebesini dilän bir sahaba şeýle diýýär: "Onda köpüräk sežde edip, maňa bu babatda goldawçy bol!"
Namazlaryny iň oňat ýagdaýda amal eden bendeleriniň hataryna goşmagyny Beýik Biribardan dilemek bn!
gerkez 16 years ago- hemme zatdan öňürti sen gyzmy oglanmy?başga bir mowzukda ejeňmi ýa halaşýan gyzyň madly mowzıkda joralarym diýip ýazýaň.bärde bolsa 2-3 oglan bolup yaşaýardyk diýýäň.okan döwrümiz 80inji ýyllardy diýýäň gaty gorme yone menä saňa ynanmakda kynçylyk çekýän. sen lakamyň merwli\'\' GYZ\'\'.onsoňam şu seň yazan zatlaryň oz başyňdan geçen däl bolmaly.yone turkçe garyşyk ýazypsyň.eger ýalňyşmasam ya sen turkiyede okan ya da turk mekdeplerde okan bolmaly.80lerde okadym diýýäň welin ynanar ýaly däl.