Şu ýyl «Altyn top» hiç kime gowşurylmaz
«France Football» žurnaly 2020-nji ýylda «Altyn top» baýragyny hiç kime gowşurmazlyk hakynda kararyny yglan etdi, diýip sports.ru saýty habar berýär.

Neşir bu gelen kararyny baýragyň beýanynda «koronawirusdan dörän çökgünlik zerarly adatdan daşary ýagdaýlarda gazanylan baýrak» diýen çykgydyň ýazylmagyny islemeýänligi bilen düşündirdi.
«Bu naýbaşy baýragyň eýesini kesgitlemekde adalatlylyk bolup bilme, hususan-da, oýunçylaryň statistiki görkezijileri babatda şeýledir. Käbir futbolçylar üçin möwsümiň garaşylmadyk ýagdaýda kesilendigini nazara alsaň, olary birmeňzeş bahalandyryp bolmaz» diýlip «France Football-yň» beýanynda aýdylýar.
Belläp geçsek, bu baýrak 1956-njy ýylda döredilenden bäri ilkinji gezek eýesiz galar. 2010-njy ýyldan 2015-nji ýyllar aralygynda bu baýrak FIFA-nyň howandarlygynda gowşurylypdy.
Bilermenleriň pikirine görä, şu ýyl «Altyn top» baýragyna esasy dalaşgärler Robert Lewandowskiý, Lionel Messi, Sadio Mane we Kewin de Bruýne bolupdyr.
Geçen ýylda «Altyn topy» «Barselonanyň» we «Argentinanyň» ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi eýeläpdi.

Sorag-jogap, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir