Ýadyňdamy dostym maý aýynyň gijesi
Meniň sagat wagtym, sen pyýan wagtyň,
Boşanda araklaň ençee çüýşesi
Görogla ad dakýan, adyly wagtyň.
Bulgurlar çakyşyp ses köpelýärdi.
Saglardan pyýanlar has köpelýärdi.
Şol wagt edermen dost köpelýärdi.
Dollar stakanlaň göterilýän wagty.
Şol toýdan ikimiz gaýdypdyk bile
Ýolda hiç birzat görnenokdy göze
Sen diýdiň şuwagt taý ýokdyr bize
Gandnlar azalyp il ýatan wagty.
Şol wagt sen pyýan men bolsa sagat.
Seredsem gije iki bolupdyr sagat.
Şeýdip polisiýada gelipdir gabat.
Gaçalymeý diýip gygyran wagtyň.
Gaçyrman tutdylar ýoluňy baglap,
Maşyna dykdylar goluňy toglap,
Öýüme habar edgineý, diýipdiň aglap,
Depilip maşyna mündirlen wagtyň.
Şol wagt göründi gözüňde ünji.
Gözleriňden gaçdy üç sany hünji.
Soň gaçdy dördünji onsan bäşinji.
Şoldy iň mert wagtyň, iň ejiz wagtyň.
15 sutka äkitmäýiň diýp ýalbaran wagtyň.
Dogry 15 günden dolandyň sen soň,
Indi içmezlige äht etdiň onsaň,
Indi içmezlige äht eden bolsaň,
Hemä çagajyklaň bagty, hemde öz bagtyň!..
Meniň sagat wagtym sen pyýan wagtyň 
-
Arslanalayew
4 years ago
- howa häzir köpeldi şular ýaly goşgyny prikol edýärler
-
Jeksparro
4 years ago
- :D gülüp hezil etdim vay içim
-
MrOKaS
4 years ago
- Beyik shahyryn goshgusy yumor gornishde hem oz beyikligini yitirmandir welin beydip sungata yenil el bilen aralashyanlaryn sany artyanyna gynanasym gelyar.
Perhat Sabirovv 4 years ago- Halypanyň goşgusyny prikol edip düzüpdirler öýdýän😀