''NEKRONOMIKON'' KITABY HAKYNDA BILESIÑ GELÝÄRMI?

Gaty gizlin saklanylýandygy hasap edilýän El Hazret atly ýazyjynyñ ''Nekronomikon'' atly kitabynyñ aýratynlyklary hakynda kitapcy.com internet saýty habar berýär.
Siriýaly El Hazret bu kitaby 7 jiltden ybarat 900 sahypalyk kitap edip çykarypdyr. Kitapda Nuh pygamberiñ Tupanyndan öñki döwürlerde bolup geçen dini-fantastiki hakykatlary beýan edýär. Gadymy döwürlerde bolup geçen mifiki wakalaryñ hakyky ýüzüni onda okap öwrenip bolýar. Geljege seredip, ýaradyjy we gorkusyz ýaşap boljakdygy hakyndaky tilsimler, ýerine ýetirmeli zatlar hakynda maglumat berýär. Ýöne soñluk bilen Kitaby okan adam dällireýär we gorkunç şekillere girip ugraýar.
Häzirlikçe maglumaty berilýän ''Nekronomikon'' kitabynyñ ýekeje nusgasy ele salynan. Galan bölegi bolsa kimdir birileri tarapyndan gizlin saklanylýar.
Şol ele salynan nusgadaky kitabyñ içinde elhenç şekiller grek harpynda ýazylan ýazgylar iniñi tikenekledýär.
Kitabyñ bir sahypasynda göwresi adamyñka çalym edýän ýöne bilden aşagy garagurt möýüne kybap gelýän mahluk bar, bir tarapynda bolsa arkasy ganatly ýalañaç zenanyñ şekili bar.
Bu kitabyñ hemme jildini ele geçiren okyjy däli-telbe bolmagyna garamazdan dünýä ýüzüne höküm etjekdigi hakynda maglumat berilýär.

Salgylanma:
http://kitapcy.com/news/2020-06-29-11865

Bilim, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir