YSLAM DININDE BAŞGA PLANETALYLAR

XXI asyrymyzyñ ösen tehnologiýasy döwründe, indi adamlaryñ Paranormal fenomenler, anomal hadysalar bilen gyzyklanmaýany ýokmuka diýýärin. Başga planetalylaryñ açylmadyk syrlary, näbelli ýitirim bolýan zatlar, wagt gämisinde öñki döwürleriñ adamlary biziñ döwrümize gelmekleri, biziñ döwrümizdäkileriñem gadymy döwürlere gitmekleri we şuña meñzeş anomal, paranormal täsinlikler adamzady geñ galdyryp gelýär.
Meni bolsa her gün diýen ýaly ýary gijeler süýji düýşlerime girýän şol başga planetaly jenaplar, uçýan tarelkalar, uçýan ganatly uçarlara meñzeş zatlar gök ýüzünde gaýmalaşyp meni geñ galdyrýarlar.
ㅡ Şolar hakda ýazyp bizar edýär - diýýänsiñiz bilýärin. Ýöne, näme adam pahyr bir täsinligiñ añyrsyna ýetmese, ol hakda ýazyp durmasa boljak däl eken.
Arada dostlarym bilen başga planetalylar hakda gürrüñ çykanynda biri: başga planetalylaryñ bardygy Gurhanda ýazylgy ýeri ýok diýdi welin, şondan soñam dini kitaplary dörüşdirip özüme gerekli subutnamalary toplamaly boldum.
Şeýdip Yslamyñ kitaby bolan Gurhany kerimden we yslam kitaplardan, galyberse-de dünýewi kitaplardan maglumatlar yş berip ugrady.
Yslamyn keramatly kitaby Gurhany kerimde şeýle aýat bar: ''Olar, ýerýüzünde gezip aýlanmadylarmy, özlerinden öñküleriñ ýagdaýlarynyñ nähili bolandygyny görsünler! Şolar ýaly hem olar (her dürli) kuwwatly Ýer ýüzündäki (siwilizasiýalar) eserler bolubersin, olardan has üstündiler''. (125)
Eýsem bu aýat başga planetalylaryñ gadymy döwürlerde aýlanyp, syýahat edip durýan başga planetalylar hakda düşündiriş berenokmyka? Ýa-da şu aýatlar başga planetalylar hakda dälmikä: ''Görmedilermi, olardan öñ ençeme nesilleri heläk etdik, kiý olara size berip bilmedik şertlerimizi we gudratlarymyzy berip olary ýer ýüzüne ýerleşdiripdik''(126).
Ine şu aýatda häzirki birtopar alymlaryñ çözüp bilmeýän Müsür we Amerika piramidalarynyñ, galyberse-de beýleki geñ-tañsy gurulan taryhy galyndylaryñ syrlary ýatyr dälmi? Bu setirler aýdyñlaşdyryp düşündirip dur: ''Biz sizden öñ güýçli energiýaly, gudratly nesilleri ýaratdyk'' diýip. Ýokardaky aýatlaryñ üstünde ýaşuly mollalar bilen meñ aramda uly goh-galmagal turmagam mümkin. Belki hiç kim meñ bilen razylaşmazam. Ýöne men şol aýatlaryñ başga planetalylar hakynda aýdylan aýatlardygyna ynanýaryn. Bolman, şol aýatlar biziñ döwrümizdäkileriñ düşnükli dilinde aýdyp oturmaz: ''Biz başga planetalylary sizden öñ ýaratdyk'' diýip.
Gurhanda syrly täsin ýazgylaryñ bardygyny ahun-pirler bilýändirler.
Amerikanyñ Birleşen Ştatlarynyñ 52-nji etrap diýip atlandyrylan örän gizlin sistemada iki ýyllap in£ener bolup işlän Robert Lazar başga planetalylara degişli dokuz sany uçýan gapbarçanaklary öwrenipdir.
18 metr töwerekleýin ulylykdaky, 4,5 metr beýiklikde bolan Näbelli Uçýan Obýektleriñ (UNO) material elementi intek açylmadykdygyny R. Lazar gürrüñ beripdir. Soñra bolsa 1-1,5 metr beýiklikdäki 15-30 kg agyrlygynda kiçeñiräk göwreli, uly kelleli, gözüniñ almasy gap-gara uly gözli we saçsyz adamlara duş gelendigini R. Lazar aýdypdyr. Gumanoidler şol uçýan tarelkalary näbelli elementlerden ybarat metallardan ýasap, uçýan wagtlary hem hiç-hili ok-ýarag täsir etmez ýaly goragly (block) energiýasyny ulanýar ekenler. Olar şol tarelkalaryñ kömegi bilen Älem giñişliginde müñlerçe ýyllyk ýoly örän gysga wagt aralykda geçip, haýsy planeta baryp görjek bolsalar muny öñünden planlaýar ekenler.
Öñki döwrüñ yslam alymlarynyñ köpüsi biziñ ünsümizi Älem giñişligine çekdirmekden ybarat bolupdyr. Sebäbi türkmen alymlarynyñ birentegi Ýewropalylardan öñ ençeme astronomik açyşlary edip, bu ugurda uly üstünliklere ýetipdiler. Osmanly-türkmen hökümdarlygynda ýaşap geçen Ybraýym Hakky hezretleri (18.05.1703 - 22. 06. 1780 ý.ý.) şeýle diýýär:
Magryfetnamanyñ ýazary Ybrahym Hakky hezretleri şeýle ýazýar:
''Jenaby Hak Atarud (Merkuriý) ýyldyzyny semganyñ kätibi edipdir''
''Zöhre (Wenera) ýyldyzynyñ tebigaty sergin, nemli we ylymly bolup, bu ýyldyzyñ wasplary ýumşak, inçe, jana hoş ýakýandyr. Bu ýyldyzyñ şanyna düşen barlyklaryñ, şol wasplary bardygy görülendir''.
''Zuhal ýyldyzyna akmak, gorkak, gysganç, ýalançy, haýyn we zelel ýetiriji sypatlary bar.
Bu ýyldyzyñ häsiýeti Allanyñ rugsady bilen, ene garnynda galan çaga hem geçýändigini tejribeler arkaly subut edilendir'' diýýär.
Döwrümizdäki Türkiýede meşhur bolan Seýit Nursi Bediuzzaman şeýle diýipdir: ''Ylahy gudrat içinde hikmetli ýaradylan, ýer ýüzi ýaly planetanyñ hem bilimli säkinleri (ýuwaşlary) bardyr. Ol barlyklar, özleriniñ ýerleşen ýyldyzlaryna uýgun halda ýaradylypdyrlar. Yslam we Gurhan edebiýatynda her dürli görnüşli bu ýaradylanlara perişdeler we ruhlar diýip at berilýär''.
Bu aýdylanlardan çen tutsak ýokarda ady agzalan alymlar şol planetalarda ýaşaýyşyñ bardygyna, ýa ýokdugyna üns çekdirjek boldularmyka? Bar indi, ünsümiz şol ýyldyzlardyr, planetalara düşdem diýeliñ! Mundan çykaryljak netije näme-de? Ýa-da başga planetalarda ýaşaýyşyñ bardygyny ýa-da başga planetaly janlylaryñ bardygyny duýdurjak boldularmyka?
Ýene-de Bediuzzaman şeýle diýipdir: ''Käbir jisimler äkidip-getirýän, bir bölek asman ähliniñ uçýan gämisi we münýän zatlarydyr kiý, Allanyñ rugsady bilen şo gämilere münüp Älemi we belli Älemleri synlap gezýärler. Saýýaralardan ýagmyr damjalaryna çenli her dürli barlyklar hem melekleriñ ulaglarydyrlar. Balyk suwda, möjek toprakda ýaşaýyşy ýaly ýyldyzlaryñ alawlarynda hem (şol ýere uýgunlaşan) barlyklar bardyr.
Ýyldyzlar we saýýaralar bilen gyzyklanan yslam alymlarynyñ sanardan kän atlary Ahmet ibn Abdylla Merwezi, Abylkasym Abdylla ibn Amajur Türki Herewi we onuñ ogly Abulhasan Aly, Abu Nasr Faraby, Abu Abdylla Muhammet ibn Musa Horezmi Majusy, Muhammet ibn Muhammet ibn Ýusup kätip Horezmi, Abu Reýhan Biruny, Abu Nasr Mansur ibn Aly ibn Yrak, Abulhasan Aly ibn Ahmet Nesewi, Omar ibn Muhammet ibn Halyt ibn Abdylmelik Merwerudy, Reşideddin Ebu Bekr ibn Yshak ibn Abdyljelil Umary Watwat, Abu Mansur Abdyrahman Hazyny we beýlekileri agzap geçmek bolar. Bu ady agzalan alymlaryñ birnäçesiniñ eserlerinde gabat gelýän syrly jandarlar ýa-da perişdeler diýip atlandyrylan ruhany barlyklar aslynda gumanoidlermikä?
Ýa-da olar dinde aýdylşyna görä Allatagalanyñ ýaradan jyn-arwahlarymyka?
Ýyldyzly gijelerde asmana nazar aýlanyñda käwagtlar ýyldyz süýnýändir. Şol ýyldyz süýnmegi yslam dininde aýdylmagyna görä Asmanda gaýyp habarlary diñlemäge gelýän jynlar-şeýtanlara daş oklanýar diýip bilinýär. Belkäm ýere saý sebäp bilen meteoride çaknyşyp düşen uçýan tarelkalary nazara alanyñda yslamda habar berilen ýañky setirler ünsüñi sowýar. Belkäm gumanoidler erbet ýaradylan şeýtan ýa-da jyn-arwah taýpalarynyñ bir görnüşidir. NATO-daky çaklamalary diñläniñde bu gumanoidler tutuş Ýer şaryny eýelejek bolýarlar. Uçýan tarelkalarda gelýän gelmişekleriñ Ýerdäki adamlary ogurlap gitmekleri adamzady gaty biynjalyk edýär.
Soñky geçirlen barlaglara görä meselem Amerikanyñ Birleşen Ştatlarynda her ýylda 20000 (ýigrimi müñ) adam başga planetaly gelmişekler tarapyndan ogurlanyp gidilýär. Olar näme üçin hut ABŞ ýurdunda alynyp gidilýärkä? Ýa Amerikanyñ hökümeti bilen Başga Planetalylaryñ arasynda hakykatdanam gatnaşyk açyldy diýlen gürrüñler dogrumyka? Ony bilemok welin hut näme üçin ABŞ-da köp adam alynyp gidilýär. Ýa ABŞ-nyñ Älem giñişligine köp üns berýändigindemi? Ony aýtsañ Russiýa hem şol babatda Amerikadan kem galanok. Ol gaýtam Amerikanyñ Aýa çykmandygyny subut etjek bolup gara başagaý bolup ýörüşi. Ýöne onuñ Aýa çykyp çykmandygy gyzykly däl welin, şolar ine diýersiñ Dünýä agalyk etjek bolýan hasaplanýan gumanoidler bilen gaty kän gyzyklanýarlar.
Ýöne meñ pikirimçe olar Dünýäni basyp alyp eýelejek bolanoklar. Bular ýaly pikirler göýdük hem akmak adamlaryñ pikirleri. Gumanoidler Ýer şaryny basyp aljak bolsalar bu wagta çenli basyp alardylar. Geçen asyryñ ortalarynda Amerika gonan tarelkalaryñ birine amerikan harby güýçleri hüjüm edip ejize ganym bolup biräçe gumanoidleri öldüripdirler. Ondan soñra Akmak adamlaryñ arasynda Ýyldyzlar arasyndaky Uruş başlanmaly diýen ýaly Samsyk pikirlerem döräp başlady. Ýyldyzlar urşy hiç haçan bolmaz. Gumanoidler Ýeri basyp aljak bolsalar şeýle ösen tehnologiýa bilen Ýer şaryna sogan ekip biljek derejede güýçlikä olar bilen agyz deñäp oturmagam gülkünç bolsa gerek.
Yslam dini bolsa Gumanoidlere 1400 ýyldan gowrak wagt bäri syndan düşürmän gelýär.
Dogrudanam bu gelip gidýän akylly barlyklar (gumanoidler) yslam dininde agzalýan perişdelermikä? Ýa jynlar şeýtanlarmyka?
Ýöne Ibni Arabynyñ kitabynda agzalýan Adamzatdan öñem bir adam nesli ýaşap geçipdir diýlen gürrüñe üns bereniñde iniñ tikenekläbem gidiberýär.
Gurhanda agzalýan birnäçe aýatlarda bolsa dogrudanam Adam atadan öñ birnäçe siwilizasiýasynyñ bolandygy aýdylyp dur.
Netijede başga planetaly gumanoidler belkäm jynlar, şeýtanlar däl-de adamzat neberesinden galan akylly ýaradylanlar bolmaly. Dünýäde şu wagt üç adam jynsy Mongoloid, Ýewropeoid, Negroid, bolşy ýaly olaram adamzadyñ bir jynsy bolmaly.



kitapcy.com

http://kitapcy.com news/2020-06-19-11821

Bilim, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir