Täze durmuş guran iki ýaş çatynja bardy. Goş birikdiren ilkinji günlerinden başlap, durmuşyň ozal pikir edişleri ýaly beýle ýeňil däldigine düşünip ugradylar. Aslyýetinde, bir-birlerini halaman hem duranokdylar. Juda ýygy-ýygydan bolmasa-da, ilkinji tanşan günlerindäki süýji günleri ýatlaşýardylar. Emma häzir, sähelçe söz, ýönekeýje hadysa aralarynda dawa we tersleşigiň çykmagy üçin ýeterlikdi.

Bir agşam ikiçäk oturyp, ahyrky netijä gelmegi maksat edindiler. Ikisi-de, aýrylyşmagy islemeýärdi, emma durmuşyň beýle dowam etmegine-de razy bolup biljek däldiler.

Ýigit:
- Kelläme bir pikir geldi - diýdi: "Howlymyza bir nahal oturdalyň we eger bu nahal üç aýyň içinde gurasa, aýrylyşalyň. Guraman, ösüp-boý alyp gitse, gaýdyp aýrylmak barada pikir hem etmäliň. Bu wagtyň dowamynda-da her birimiz aýry otagda ýaşalyň." Bu pikir, gelniň hem göwnünden turdy. Ertesi gün, bir miwe agajynyň nahalyny satyn alyp getirdiler we bileje howlularyndaky bagda oturtdylar.

Aradan bir aý geçdi. Bir gije, bular bagda gabatlaşdylar. Ikisiniň hem elinde içi suwly bedre bardy...

Cheshme: duralga.ru

Edebiýat, MrOKaS tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir