Ýylyň iň köp girdeji gazanan zenan türgenleri
Ykdysady neşir bolan “Forbes” žurnaly soňky 12 aýyň iň köp girdeji gazanan zenan türgenleriniň sanawyny mälim etdi. Sanawda ýaponiýaly tennisçi Naomi Osaka 1-nji ýeri eýeledi. Ol soňky 12 aýyň dowamynda 37,4 million dollarlyk girdejä eýe bolupdyr. 22 ýaşly tennisçiniň gazanan girdejisi zenanlaryň arasynda rekorda deňdir. Ozalky rekord russiýaly Mariýa Şarapowa degişli bolup, ol 2015-nji ýylda 29,7 million dollarlyk girdeji toplapdy. Karýerasy boýunça Amerika Açyk we Awstraliýa Açykda çempion bolan Osaka geçen ýylky sanawda 24,3 million dollar bilen 2-nji orny eýeläpdi.

Şu ýylky sanawda amerikaly tennisçi, mundan öňki 4 ýylyň birinjisi Serena Williams 2-nji orna mynasyp boldy. Ol soňky 12 aýda 36 million dollar gazandy. 3-nji basgançakda Mariýa Şarapowa bolup, golaýda tennisi taşlan ýyldyz 29,7 million dollarlyk girdeji ýygnamagy başardy.

Sport, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir