Sowuk we gyzgyn duşuň peýdasy. Siziň, öňüni alyp biljek 10 sany
ýarawsyzlygyňyz
Köpiňiz gidroterapiýanyň peýdasy barada eşidensiňiz. Ýöne her dürli gyzgynlyk adam organizmine nä derejede täsir edýärkä? Gyzgyn ýa-da sowuk düşüň kömegi bilen sizi her dürli ýarawsuzlykdan saplap biljek maslahatlaryň bir näçesini siziň ünsüňize hödürleýäris. 1-nji peýda. Sowuk duş siziň aňyňyzy arassalaýar. Sowuk duş kelläňizi biderek pikirlerden arassalar we size uzak gün işjeň bolmaga ýardam eder. Sowuk duş dem alyşyňyzy çaltlandyrar we organizmi kisloroddan gandyrar, şonda organizm sowuklamaz. 2-nji peýda. Sowuk düş Metobolizmi çaltlandyrýar. Sowuk duş organizmdaki maddalaryň çalyşygyny çaltlandyrmaga kömek eder, bu-da öz gezeginde adamyň agramynyň azalmagyna getirýän eken. 3-nji peýda. Sowuk duş bagt we begenç gormonlaryny höweslendirýär. Özüňizi duýşuňyzyň ugry ýokmy? Onda sowuk duşy kabul ediň! Sowuk suw beýni damarlaryny herekete getirýär, olar bolsa bagt we begenç gormonlaryny oýarýan impulslary iberip başlaýarlar. 4-nji peýda. Sowuk duş immun ulgamyňyzy höwäslendirýär. Tiz-tizden sowuklap başladyňyzmy? Gün tertibiňize sowuk duş kabul etmekligi giriziň. Ol gan aýlanyşgyny gowylandyrar, şeýlelik bilen gany her dürli zyýanly infeksiýalardan arassalaýar. Ondan başga-da, sowuk duş gan basyşyny sazlaýar. 5-nji peýda. Sowuk duş adam hamyna berkidýär. Siziň hamyňyzyň sagdynlygy babatda mesele ýüze çykdymy? Mümkin siz gyzgyn duşy ýygy-ýygydan kabul edýänsiňiz, ol hem öz gezeginde siziň deriňizi we saçyňyzy guradýandyr. Sowuk suw hamyňyzy we onuň öýjüklerini çekip pugtalandyrýar, saçyň kökleriniň gowşamagynyň öňüni alýar. 6-njy peýda. Gyzgyn duş köşeşdirýär. Özüňizi oňaýsyz duýýarsyňyzmy? Gyzgyn duş kabul ediň! Ol ganyňyzyň oksitosin derejesini ýokarlandyrar, size ynamlylyk berer we ruhuňyzy göterer. 7-nji peýda. Gyzgyn duş adamyň hamyny toksinlerden arassalaýar. YzYgiderli gyzgyn duş, adamyň hamynyň könelişen öýjüklerini aýyryp, sizi negatiw energiýadan halas edýär. 8-nji peýda. Gyzgyn duş burnuňuzyň boşlugyny arassalaýar. 15 minutlyk gyzgyn duş burnuňuzy nemlerden arassalar we dem alyşyňyzy gowular. Eger-de, moçalkaňyza iki damja efir ýagyny damdyrsaňyz, onda duşuň peýdasy güýçlener. 9-njy peýda. Gyzgyn duş myşsalaryňyzdaky dartgynlygy gowşadar. Gyzgyn duş gan aýlanyşyny çaltlandyrýar we myşsalaryňyzdaky agyrylary aýyrýar. Agyr türgenleşiklerden soň ýardam beriji serişde! 10-njy peýda. Gyzgyn duş agyr kelle agyryny ýeňilleşdirýär. Myşsalaryň dartgynlygy—agyr kelle agyrynyň sebäpkäridir. Gyzgyn suw myşsalary gowşadýar, netijede kelle agyryny aýyrýar.
Sowuk we gyzgyn duşuň peýdasy. Siziň, öňüni alyp biljek 10 sany ýarawsyzlygyňyz
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- Eşitmedik maglumatlarym, Ýetireniñe minnetdar bro
-
Yzganttm
4 years ago
- @Arslanalayew menem makalanyza goshant goshjak
yagny, gyzgyn dushda suwa dushup bolanyndan sonra her ayagyn dyzyndan ashagyna chenli sowuk dush akdyrsanyz onda siz ayakdan aylanyan ganlan hereketi sazlashyp yureginede peydasy bar( yagny ayakdan aylanyan gan liniyalaryndaky gerdejikler oyanyar) diyip maglumat bar...
-
IDEALLIDER
4 years ago
- Sowuklamasy bolup, ony hem bilmän sowuk suwa gireniň zeleli has beter köpeler. Bu aýdanym ýürek, nerw kesellerinden ejir çeken gyzgyn suwa giren adamlarada degişli. Umuman awtor! Howply taraplaryny hem görkezmeli ekeniňizdä!!!
Hamitbek Tajimuradow 4 years ago- Совук сув нахили кабул едип башламалы? 1 ден совук сува йубунсан кесел боларсын