Seksual lezzeti alyp bilmezlik (anorgazmiýa)


Irki döwürlerde «frigidlik» diýip, aýal maşgalanyň seksual taýdan bozulmalaryna aýdylypdyr. Ýagny, bu söz olaryň seksual lezzeti alyp bilmezligini ýa-da jynsy gatnaşyga höwesiniň ýoklugyny aňladýar. Bu adalganyň sinonimi hökmünde «Anorgazmiýa» seksual gatnaşykdaky lezzet almanyň ýoýulmagy diýen sözi hem ulanýarlar.
Edil beýleki seksual bozulma kesellerinde bolşy ýaly, seksual gatnaşykda lezzet almanyň ýoýulmasynyň hem birnäçe görnüşleri bar:
1. Ilkinji sapar seksual gatnaşyk mahaly lezzet almanyň ýoýulmasy, bu görnüş hiç haçan lezzet almadyk aýallara degişli.
2. Seksual gatnaşykdan soň ýüze çykýan lezzet almanyň ýoýulmasy, bu ozal seksual gatnaşykdan lezzet alyp, soňra ondan jyda düşen aýallara degişli.
3. Situasion seksual gatnaşykdaky lezzet almanyň ýoýulmasy, oňa haçan-da aýal maşgala seksual lezzete belli bir şertlerde ýetip, şol şert bolmasa lezzeti alyp bilmeýän ýagdaýlary, meselem, seksual lezzeti öz-özüni sypalamagy (masturbirleme) bilen gazanmagy ýaly hadysalar degişli.
4. Adaty seksual gatnaşykda lezzet alyp bilmezlik, bu görnüşde aýal maşgala öz ýoldaşy bilen seksual gatnaşygyň adaty bolmadyk görnüşleri arkaly lezzet alýar.
5. Epizodlaýyn seksual gatnaşykda lezzeti alyp bilmezlik, aýal maşgalanyň seksual gatnaşygynyň käbir görnüşinde lezzet alyp, ýöne onuň elmydama üstünlikli bolmazlygy.
Şu näsazlyklary bolan aýallar seksual lezzeti alyp bilmeseler hem olar ýanýoldaşy bilen seksual gatnaşygy saklamaly bolýarlar. Sebäbi är-aýallyk we nesil öndürmek borjy muňa mejbur edýär.
Seksual gatnaşykda bolup, lezzet alyp bilmezligi aýal maşgalany sustupeslige, depressiýa getirmegi mümkin. Seksual lezzeti alyp bilmezlik bilen ejir çekýän aýallaryň sanyny anyklamak örän çylşyrymly mesele bolup durýar. Käbir maglumatlara görä, aýal maşgalalaryň 10-15 göterimi dogabitdi seksual sowuk-sala bolsa, 20 göterimine golaýy durmuşa çykmanka seksual gyzyklanmalaryň netijesinde neýrogumoral ýagdaýy işjeňleşip başlany üçin, ilkinji seksual gatnaşykda seksual lezzeti alyp başlaýar. Galan 65 göterimi wagtyň geçmegi bilen yzygider seksual gatnaşygyň netijesinde seksual lezzete ýetip bilýär. Mysal üçin, 10-15 göterimi 6 aýdan soň, 15 göterimi 1 çaga dogandan soň, 20 göterimi 2 çaga dogandan soň seksual lezzeti alsa, galan 15 göterimi başga erkek adamlar bilen seksual gatnaşykda bolanda seksual lezzeti alýarlar. Ýöne bu görkezijiler boýunça, ol aýal maşgalalarda seksual taýdan bozulma bar diýip aýdyp bolmaýar. Seksual lezzeti alyp bilmeýän aýallary bejermekde iň esasy zatlaryň biri, olarda şol lezzete bolan höwesi we oňa ymtylma hyjuwyny döretmekdir. Şeýle-de onuň sebäbine görä, dürli çäreleri görmek wajypdyr.


Artyknur Nohurow,
Aşgabat Nohurow

Bilim, Jeksparro tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir