Salowmaleýkim hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Bilşiňiz ýaly, sahypamyz bir ýyldan bäri size, ýagny, biz agzadyr myhmanlara hyzmat edýär. Belki-de, günümiziň köp bölegi şu sahypada hem geçýändir. Şol sebäpli-de, köpüňiz, aýratynam, aktiw agzalar sahypadaky köp ýazgydyr olaryň eýeleri barada azda-kände belli pikire baransyňyzdyr. Sahypada surat mowzugy, hem açylyp, käbirlerimizi diňe bir ulanyjy ady boýunça däl, eýsem-de bolsa surat, ýüz taýdan hem tanadyk . Indi bolsa sahypamyzdaky agzalary beýleki agzalaryň has ýakyndan tanamaklary üçin, söhbetdeşlik geçirmegi makul gördük. Söhbetdeşlik üçin agzalaryň seçilme gezegi haýsydyr bir sanawa görä bolmaz, siziňem pikirdir maslahatlaryňyz boýunça tä belli bir karara gelinýänçä. Ýene-de iň aktiw agzalardan başlamagy makul gördük. Gezegi gelende olary aýratyn mowzuk halynda açyp, siziň dykgatyňyza ýetireris, enşallah! Söhbetdeşlik geçiriljek agzadan ilki mail arkaly ýa-da sahypada umumy ýerde rugsat alynar, razy bolmadyk ýagdaýynda onuň bilen söhbetdeşlik geçirilmez. Söhbetdeşlikde: 1- Söhbetdeşlik geçirilýän agzanyň islegine görä suraty goýlup biler; 2- Soralýan soraglar ahlak serhedinde bolmaly. Başga-da islenýän şertdir ýagdaýlar bar bolsa, bu babatda öz pikirleriňizi beýan etmegiňizi haýyş edýäris! Sag boluň!
Söhbetdeşlikler
-
ata
16 years ago
- hä, birem, Türkmenistandaky we dünýäniň dürli ülkelerindäki beýik, tanymal, alym, şahyr we ş.m. ynsanlar bilen hem rugsat alynyp, söhbetdeşlik geçirip, olary tanap we olaryň tejribelerinden peýdalanyp bolar.
Özüne buýsanýanlar şu wagtdan şeýle ynsanlry yrmak üçin ýeňlerini çermäbersinler:)
-
agajanh
16 years ago
- ata aga özüňiz birzatlar ediňdä...
söhbetdeşlikler geçirilip dursa gowy-ha bolardy...
-
ata
16 years ago
- wah, agajan, inim jan, üýşüp etsek has aňsat bolmazmy, kömek ederiňiz-dä:)
-
kakabay
16 years ago
- elimizden gelenini ederis ata aga .sen bir yagdayyny bir düşündir.
-
garabekewul
16 years ago
- ata aga \"uly bashlar kichi ishlar\"..\"ulynyn sozi kichi u/n permandyr\"....\"turkmenin kichisi bolandan,orsyň küjügi bol\".\"ulynyn aydanyny etmedik uwlar\"....bashlamak senden-ishlemek bizden.
-
ata
16 years ago
- Kakabaý, siziň etjek işiňiz, milleti tapawut etmezlik bn beýik ynsanlary sahypamyz üçin söhbetdeşlige razy etmek. Elbetde, Tm bolmagy has amatly. Eger tanşyňyz bolsa has amatly! Meselem, Agajanh-nyň babasy :)
Ikinjidenem, menden söhbetdeşlik üçin size gelen teklibi kynçylyk çykarman kabul etmegiňiz :)
Üçünjiden bolsa, söhbetdeşligi geçirilýän şahsa örän oňat soraglar sorap, oňat jogaplaryň alynmagyna sebäp bolmagyňyz!
Başga-da biir zat bolsa ýazaýmasam, kelläm taňkyrap galdy häzir :)
Garabekewül, men özümden başlamaýyn, ýöne birine eýýäm mail iberdim, aýtjak däldim welin, aýdaýyn: iň hormat goýýan agzalarymdan, iň aktiw we tejribeli agzalardan biri bolan diwana agamyza! Eger kabul etse, sahypadaky ilkinji söhbetdeşlik onuň bn bolar, soňam ikinji bolup ýene bagtly agalarymyzdan biri bolar, onam gezegi gelende öwrener ýörersiňiz-dä :)
-
kakabay
16 years ago
- ata aga birinji teklibiňe men razy elimden gelenini ederin tm-da bolmasamda bir zat edip ugruny taparys .
ikinji teklibiňe bolsa agam maslahatdyr.
üçünjiňe bolsa sorag ugurdan problem bolmaz .
yöne dördünjiň b\\n razy däl.
-
ata
16 years ago
- eý, meni-hä öçürdiň, Kakabaý :)
ýeňildim :)
Bellik: Çagalyk ýyllarym ýada düşüp gitdi
-
Harmandali
16 years ago
- Oho söhbetdeşlikler. Menem haçandan bäri pikir edip ýördüm agzalary has gowy tanamaklyk üçin. Bolmasa eýýäm 1 ýyl bäri saýtda bolsak hem kimiň näme ugurda okaýandygyny, näme iş edýänini, ol hakda birgiden zatlary bilemizokdyk! Menem goldaýan Diwanadan başlabereli. Gadymy agzalaryň biri özem ol hakda düýbünden hiç zat bilemok diňje ýazgylaryndan Türkiýada okaýandygyny bilýän näme okuw haýsy ugur bilemok. Onsoň Derman bilen söhbetdeş bolaly şu ýerde soraýmasam özünden sorasama eli degenokmy nämemi.
Agam mendenem kömek gerek bolsa guk diýäýiň men pahyryň elimden gelýän zady ýok weli başaranja zadymy ederndä.
Wiy agam siz bilenem söhbetdeşlik gurnaýalyň. Sizem gadymy hemem meşgur, sylanýan agzalarymyzyň birisi. Şeýlelik bilen birinji prikazyma golumy çekýän 1-nji söhbetdeşlik Diwana, 2-nji Derman, 3-nji Ata aga bilen geçer :) Kim garşy bolsa aýagyny galdyrsyn :P
-
kakabay
16 years ago
- 4-sem sen bolmaly borsyň harmandali.senemä köneleriň birisiň,beydiyenim b\\n saňa garry diyyan däldirin harmandali.
-
Maxat
16 years ago
- ana söhbetdeşem bolduk, erbedem bolmady :), ya başlamadykmy ya, hany onda başlan-da, ata aga uly bolmak ansad-a daldir yöne gayrat et, bir tema açyp göyber son yzam geler, diwana-da bir yerlerden geler-da
-
jankaka
16 years ago
- ATA AGA YAMAN GOWY PIKIR SIZ MEN TELEFONYMA BILYANIZ MAIL ADRESIMEM MEN GARSY DAL MYDAM TAYAR
-
Harmandali
16 years ago
4-sem sen bolmaly borsyň harmandali.senemä köneleriň birisiň,beydiyenim b\\n saňa garry diyyan däldirin harmandali.
Onda men ol 3 agzadanam gadymy agza :) Yone medenem gadymy agzalarymyz hem bara. Shahyr aga, Mihacir, Agajanjyk.. adminjyklar ilki bilen olar bilen onson yene-de bar a men bilen sooooooooooon…
-
kakabay
16 years ago
- kimay ol sooooooooooooooooooooooooooooooooooooooooooooon?
-
Maxat
16 years ago
- harmandali soon diyip yazjak bolupdyr inlisçe(tmçasy:yakynda), beydip yazanam gaty yakynda diydigi bolaymasa
-
ata
16 years ago
- diwana ya tm-da ya-da int girip bilmejek bir yerde bolmaly,jogap bermedi, bugun ya ertir bashga biri bn bashlanar, ensallah!
Bagyshlan!
son bardakilere jogap yazaryn! wagt ... :)
-
Feya
16 years ago
- mena yok :)
-
ata
16 years ago
- a sen name ucin yok, jigim?!
-
ata
16 years ago
- hazir garabekewul bn sohbetdeshlik dowam edyar, in azyndan hepdede 1-ini geciirmegi meyilnamalashdyryaryn :)
hazir shu yerde az sanly sanaw goymakcy, sholaryn tertibini agzalar bolup karar berelin, ynha, sanaw:
1-diwana;
2-derman;
3-harmandali;
4-ata;
5-farabi;
6-shahyr;
7-agajanh;
8-muhacir;
9-achilles;
10-tapjangul
hazirlikce bular. Yone Diwana secilayen yagdayinda-da, onun hazir az wagty bar yaly, kabir soraglarynyza jogabam berip bilmez o bashagaylygy bn :) Onam goz onunde tutun we kabul edyan bolsanyz, onda ilkinji ony secelin!
-
Harmandali
16 years ago
harmandali soon diyip yazjak bolupdyr inlisçe(tmçasy:yakynda), beydip yazanam gaty yakynda diydigi bolaymasa
bey diyjek bolmadym SOŇ diyjek bolupdymaaaaa.
Ata agam meni sona gechirayinsene! Ay hawa Diwana bilenem sohbetdeshlik gurnayaly biza sorag berers ol bolsa ozi haysysyna jogap beresi gelse bererda. Gozel gowni.
-
batyr
16 years ago
- Govi pikir. Eger amala aşirip bolsa gati govi bolar..
----Kabul----.
-
ata
16 years ago
- shazada bar-ow, ýatdan çykypdyr:) Bagyşla, jigim!
Bolýar, indiki gezek Diwananyňky, ýöne öz islegine görä we seýrek girýäni üçin seýrek hem jogaplar! Özüne ýagdaýy bildirerin, enşallah!
Seni welin yza geçirip bolmaz, Harmandälijik :)
Miwe bişdimi, ýygna güýz wagty diýip, özüňem bir ýerlerde ýazan ekeniň bir mahal, gezegiň geldimi, onda jyzama :)
-
ata
16 years ago
- indi gezek diwanada, ensallah, girende oz sohbetdeshligini gorup jogaplar-da :)
Az giryar ol sonky dowurler.
Indiki gezegem rugsat berse yene birininki bolar :)
-
ata
16 years ago
- hawa, diwana bn hem söhbetdeşlik gurnaldy.
Hem Garabekewül, hem-de Diwana ýene-de soragyňyz bar bolsa sorabermeli!
Indi ggezek Dermana ýetipdi, ondanam Harmandäli jigimiz rugsat alan ekeni :)
Men şu ýerde bir ýagdaýy aýtmakçy:
\"Men oglan agzalar bn söhbetdeşlik geçirmekçi, gyz agzalar bn hem, goý, Harmandäli jigim geçirsin! Sebäbimi, men gyz agzalardan gorkýan, iýerler öýdüp :)
Degişme bir ýana-da, gyzlar bn bir gyz geçirse amatly, rugsat alynyp. Munam iň oňat ýadgaýda hem-de mümkinçiligi bolan Harmandäli ýerine ýetirip biler. Bu babatda Şahyr ýa Muhaçir ýa-da Farabidir Agajanh maňa hiç zat diýmediler. Ýöne garşy hem bolaslary ýok diýen niýet bn yglan etdim!
Hawa, indi mikrofon Harmandälide!
Gezek boýunça bolsa welin, 1 gyz, 1 oglan ýagdaýda sanaw goýlup biler ýa-da teklipleriňize garaşýas!
Sag boluň!
-
agajanh
16 years ago
- neme ata aga ýene-de bir teklip. Söhbetdeşlik geçmezinden öň söhbetdeş bolunýan adamyň suratyny goýsaňyz. Eger özi razy bolsa.
saglygyňyz!
-
ata
16 years ago
- Öňden bäri söhbetdeşlige dowam edip gelýärdik. Arada tm gidip gelenim üçin, 3-4 hepde gowrak söhbetdeşlik bolmady. Iň soň derman bn söhbetdeşlik bolan bolmaly.
Indi sahypadaky ýaşulylarymyzdan bir bolan mc_merw, ýagny, Myrat aga bn söhbetdeşlik gurnamakçy, elbetde, özüniň rugsat berenligi üçin.
Myrat agadan sonra bolsa, gyz agzalardan jogapkarimiz Harmandala ish dushyar, goy, gyzlardan/zenanlardan birini yryp, sohbetdeshlik bashlatsyn:)
Harmandali, jigim, sana basharnyk :)
Basharyp bilmesenem, barik gelip \"guk!\" diyay, yene ozum oglanlardan birini allap-mullap razy ederin-lay :)
Hawa, indi bolsa agzalary Myrat aga sorag soramaga cagyryaryn!
-
ata
16 years ago
- Harmandaliden-a tolk yok!
Indi el_mariachi rugsat berse, shonun bn sohbetdeshlik gecirsek nadyar?!
Anna, rugsat beryarmin-how :)
"Hawa" bolsa, gysga wagtda sen bn sohbetdeshlik bashlar!
-
ata
16 years ago
- gezek jankakada!
bugun-erte acylar, ensallah!
-
ata
16 years ago
- Söhbetdeşlik gurnaýançy bolup, men-ä ýatyp galdym :)
Aslynda, bärde däl-de, maillerini alyp, şahsy razylyk almak isleýän agzalarym bardy, bu mümkinçilik mende ýok, degişli jogapkärlere şahsy haýyşym hem netijesiz galanlygy sebäpli, men bu işi doly berjaý edip bilmeýärin. az wagtlyk internede girmejekligim hem munyň üstesine. Gyzlardan jogapkär Harmandäli jigimiň passiwligi hem bir tarapdan :) Şol mynasybetli, meň ýerime has oňat söhbetdeşlik gurnajak aktiw bir agzany bu babatda jogapkär etmegi ähli agzalara teklip edýärin. Bu babatda:
1-Ceriumoxide;
2-Nadanbende;
3-Nehir;
4-Açilles;
5-Şahyr;
6-Farabi;
7-Hoshowaz;
8-Milliýetçi;
9-Maxat;
ýaly agzalary teklip edýärin özüm-ä!
Siz näme diýýärsiňiz bu babatda, agzalar?!
-
ata
16 years ago
- Ýokarda söhbetdeşlik geçirmek üçin sanaw goýupdym, ynha:
1-diwana;
2-derman;
3-harmandali;
4-ata;
5-farabi;
6-shahyr;
7-agajanh;
8-muhacir;
9-achilles;
10-tapjangul
1,2 boldy, yzyndakylardan we ýokardaky dalaşgär teklibimdäki sanawa giren agzalardan kabul edenleri bn derrewden söhbetdeşlik geçiribermeli, agza kän näme-de bolsa, tanasak gowy bolar her hepdede 2s-ni dagy :)
Hawa, kabul edýäňizmi, ýokardakylar?!
-
ata
16 years ago
- 6-shahyr;
7-agajanh;
8-muhacir;
9-achilles;
11-ceriumoxide
haýsyňyz oňaýly bolsaňyz, söhbetdeşlik geçirmekçi?! KAraňyzdan kim öňürti rugsat berse, şoň bn hem başlar!
-
ata
16 years ago
- täze dizaýn üçin şu söhbetdeşlikler barada-da teklibim bar, degişli mowzuga ýazmakçy!
-
ata
16 years ago
- gyzlardan jogapkär harmandäli bugünler ýatdy, oglanlar alyp çykaýmasa :)
-
Komendant
16 years ago
- bäş manat peyda barmy bu işlerden. Maňa-da aýdyň peýdaly iş bolsa. Online işler yokmy?
-
kakabay
16 years ago
täze dizaýn üçin
nämäň dizayni barada diyyaň agam!saytyňmy?onyaly bolsa meniňem teklibim bar.eger adminler rugsat berse...
bäş manat peyda barmy bu işlerden.
adam pahyr pul diyip öljegey...Online işler yokmy?
bar...şu vagt kirli eşiklerimi yuvmana yaltanyp durun.boş bolsaň gel,yöne-möne onlinem däl,super online bu...geregiň 5 manat bolsa tm-dan yadygärlik galypdy 5 manat,şoň bn razy bolsaň ,puldan arkayyn bolay...:)
-
Komendant
16 years ago
- Hay senä bir, diymäýin. Bir-biriňe peýda bermän geçjek. Uly-il pul gazanyp ýör. Senem işläp ýörensiň, maňa aýtmajak bolýaň.
-
kakabay
16 years ago
Uly-il pul gazanyp ýör.
uly il bolanda ol kimler.saňa bir zad yatladayyn dost.turkiyede şu vagt onatja krizise batdy.hiç yerde-de vagty vagtynda pul alyp bilenoklar.men naçe saytlara girip özüm yaly işlap yörenler bn tanyşyan ,şolaram edil meňki yaly durumda.şonuň üçün dost men vagtlayyn oyundan daşarda...
-
Komendant
16 years ago
Nähili durumda, işleýäňmi ya işläňok. Online işleriň bary ýalanda onda.
-
Komendant
16 years ago
şolaram edil meňki yaly durumda
Nähili durumda, işleýäňmi ya işläňok.
Online işleriň bary ýalanda onda.
-
ata
16 years ago
- serdar, seň bn söhbetdeşlige näme diýýäň?!
-
CeriumOxide
16 years ago
- :D bolýa agam!
msn messenger:owmadow@hotmail.com
-
ata
16 years ago
- ertir, ýagny, şugün soňurak açaryn, enşallah :)
-
ata
16 years ago
- salowmaleýkim agzalar we myhmanlar!
neme, men kän bir aktiw bolmamsoň, şu söhbetdeşlik jogapkärligimi talyplaň şugünlerdäki iň aktiw agzasy bolan Serdara (CeriumOxide ) gowşurmakçy!
Uly ähtimallyk bn "gysga wagtlaýyn boljak, yzy Allah kerim" diýer welin, bizem berk durup sypdyrmalyň beýle altyn agzany :)
Gysga wagtda iň güýçli agzalardan biri bn söhbetdeşlige başlarmyka diýýän!
Sag boluň!
-
ata
16 years ago
- Serdar, täze wezipäň hem gutly bolsun! Ýuwars-a :)
Wiý, ýadyňdan çykara, soň saňa "... aly hezretiňiz..." diýip degnaňa degjekler çykyp biler, budula hezretleri ýaly :)
Sabyr sende kän öýdýän meňkä görä, daş edersiň-laý :)
Täze wezipäňde başarnyk dileýän!
-
agayunus
16 years ago
- salam ata aga, näme şunça wagtlap görinmediňizlaý. göwniňize degdikmi ýa?:( mydamalyk hoşlaşýan ýaly edipsiňizle, jogapkärligiňizi serdar abiye tabşyrýaňyz? beýtmäňdä...goňşy saýtda şeýle-de güýçliler köpä siz bärik bize gerek (ýalnyş anlamak ýok). budulaý kimaý, şu wagt indi ýogama o. onsoňam olar ýaly beýleki maýdanoz agzalaram banlanan ýaly:) ata aga gitseňizä bolmaz, gitmersiňizem welin indi bärik kän gelmejege meňzeýäňizdä. wah, ýene-de bir iki sany daýawlardan birileri gelsedä...gyzlaram çekinýämi nämemi, ýazanoklareý. tomirus dagy çogup duran talanda how olar. howwa-da ýöne aýdylýan geplere oglanlar çydanok, gyzlar daşyndan okabam girip bilýän däldirler:(. aý bolýa-da, göriberýäs.
-
CeriumOxide
16 years ago
- ata aga hezil zat bolsa taşlap gaçmazdynla :D:D:D (oýun etýän)
ata aga bu wezipäni gysga wagtlygyna maňa berdi. menem maňa düşen wagtda elimden geleni etjek bolaryn!
-
ata
16 years ago
- ha-ha, men gelmejege meňzeýänmi, aý, indi geljegem bolsam gelmeli däl, sebäbi, şeýle bilinýän ekenim :)
aý, ynha, özüň bir güýçli we ýene-de güýçli diýip kä atlar ýazypsyň, getirip gyzyklandyrybermeli-dä bärini, jigim :)
aýdylýan geplere oglanlar çydaýar-la welin, biedep ýazgylaryň eýesine temmi hem berilmeginiň tarapdary bolýar.
Men özümi güýçli agza hasaplamok. ýöne bolup welin bilerin, onam islämok şu wagd-a! Bolýar-da, men özüm barada köp ýazdym wagtynda, indi goýaýyn. Öwnüp bildim-le men samsyk!
Serdar, saňa bolsa minnetdar, jigim! Eýýäm subut etdiň özüňi täzeje weziňäňde, berekellah!
Dowamyna garaşýas!
-
cendrillon
16 years ago
- ata,seriumoxide sohbetdeshlik etmegi tabshyryp govy edipsin;
hich hachan sohbetdeshliklere kop seredemokdym,ata,seni kritika etdigim dal velin, :) yone dogry zada dogry diymeli,ceriumoxide sohbetdeshlikleri has gyzykly gechirya,okasyn gelya;
soraglaram gyzykly;
berekella,ceriumoxide!
-
ata
16 years ago
- Sendi, şoň üçin men oňa tabşyrdym-da bu wezipäni :)
Galyberse-de, olam biziň mekdebiň önümi, meňzeşräkdiris görseň :)
Wajyp bir zat bolsa:
Söhbetdeşligi ilki men, soňam Serdar gurnap başlady. Söhbetdeşlikleriň hemmesine seredip gör, men jogapkärkäm, iň köp men alada etdim sorag soramak we soratdyrmak, rugsat almak we ş.m. babatda. Ynha, indi görşüň ýaly hem Serdar şeýle edýär. Galan agzalar hany?! Ynha, özüňi hem hasaba çekip gör bu babatda!
Maňa ýalňyş düşünme, menden Serdary has laýyk görýäniň üçin şeýle ýazýandyr öýtme! Men gynanýan şol ýagdaýa! Meň şahsy problemam/derdim bar, şoň üçinem şu işi edesim gelenok, asyl-a sahypalara giresim gelenok, ýöne bolaýýarmy?! Iň azyndan şu wagtlar.
-
ata
16 years ago
- Ýazsaň ýazyp oturmaly!
Men Serdardan örän razy bu babatda. Begenýän. Ýöne agzalardan nägile, aýratynam, aktiwlerinden. Gynanýan şoň üçinem!
Ynha, meň görýän ýagdaýym-a şeýle, Sendi uýam!
-
cendrillon
16 years ago
- lichno mena sohbetdeshliklerde zat yazamok,sebabi kellame dine shahsy soraglar gelya,shahsy soraglaryn ozume berilmegini islemanim uchin bashgalara-da beremok;
shu sebapli dine okamak bilen chaklenyan;
-
kakabay
16 years ago
- ata aga garrayan diysene munyaly işlere...:)
-
CeriumOxide
16 years ago
- cendrillon
sag bol welin meni beýdip utandyrma, men utanjaň adam, soň aljyraberýän:)
ata agamyz "tuz"-dyr, ata ýaly bolmak üçin köp çörek iýmeli, we gözüňi giňden açmaly.
başgada
lichno mena sohbetdeshliklerde zat yazamok,sebabi kellame dine shahsy soraglar gelya,shahsy soraglaryn ozume berilmegini islemanim uchin bashgalara-da beremok;
shu sebapli dine okamak bilen chaklenyan;
diýmeli dälde sorag sorabermeli, söhbetdeşlik geçirilýän agzadan(kynam bolsa, zordan) rugsat alynýa! şonuň üçin arkaýyn sorabermeli, bilesiň gelen zatlary!
-
ata
16 years ago
- Kakabaý, hawa, garraýan :)
lichno mena sohbetdeshliklerde zat yazamok,sebabi kellame dine shahsy soraglar gelya,shahsy soraglaryn ozume berilmegini islemanim uchin bashgalara-da beremok;
goşulamok! Barybir, gyzlar bn söhbetdeşlik geçirilenok, muny oglanlaram, gyzlaram gowy bilýärler. Ýagdaý şeýlekä, ýokardaky ýazgyň ýerliksizmikä diýýän!
Sorabermeli-dä şoň üçinem has gyzykly etmek niýeti bn. Ynha, Serdaryňam bady ýatdy bar-a :) 2 sanyjak söhbetdeşlik gurnady ýogsam. Maňa iň azyndan 5 diýipdi, men bolsa soňam dowam etdirjek bolup ýördüm ony :)
Serdar, han-ow, ýene biri bn başla-da:)
-
ata
16 years ago
- ha-ha, Serdar, öwüp bilipsiň :)
Birden özümi 1 zatjykdyr öýdäýmäýin:)
-
ata
16 years ago
- Serdar, kemaltm atly ýaşuly agzamyz rugsat berdi, indi onuň bn söhbetdeşlik geçiräý!
Agamyzy men hem gowy tanamok, gysgaça söhbetdeşlik gezginiň oňa geçenini bildirip, soraglar bn dowam ediber bolmasa?!
-
kakabay
16 years ago
kemaltm atly ýaşuly agzamyz
bah ata aga ,ol dost siziň yaşyňyzdanam ulumy?
-
ata
16 years ago
kemaltm atly ýaşuly agzamyz
bah ata aga ,ol dost siziň yaşyňyzdanam ulumy?
hawa-la:)
Ol öýlenen we bir(näçe) çaganyň kakasy diýip bilýän :)
Kurs merkezinde mugallym bolup işleýär.
Bärdäki selbishka onuň talyplaryndan biri bolmaly mysal hökmünde.
-
kakabay
16 years ago
- salavmaleykumlar agam!okuvlar nahili agam?jan-saglyklar oňatmy agam?
Ol öýlenen we bir(näçe) çaganyň kakasy diýip bilýän
tüveleme. siz aytmaşyňyza görä ulu adama meňzeyar.kemal aga diyyaniňiz sakarçägelä däldirdä?
Kurs merkezinde mugallym bolup işleýär.Bärdäki selbishka onuň talyplaryndan biri
selbiň 1-2 gezek duş gelipdim yazgylaryna,soňky dövürlerä olam yitdi özä.
-
ata
16 years ago
- goňşy obada her ikisem :)
Kemal aga takmyny 30-35 ýaşlarynda bolaýmasa :)
suratyny görüpdim ilki geläýen wagtlary, soň aýran ekeni. Ol sakarçägelimi ýa däl - onçasyny-ha biljek däl welin, aşgabatly bolaýmasa. Iň azyndan aşgabatda ýaşaýar we işleýär häzir.
okuwlar, iş-güýçler hem, şükür Allaha, oňat!
Seňkiler hem oňatlykdyr, enşallah!
Minnetdar, jigim!
-
ata
16 years ago
...yone name uchin gyzlar bilinesleri gelenok, dushunemok men-a shuna Onsuzam bu senin oz turkmenlerin bir-birini tanasan gowy dalmi name???
Bagul
Jigim, elbetde, bir-birimizi tanasak amatly.
Ýöne bärde oglan agzalar kän, gyz agzalar az. Bu ýerde olara gaty-gaýrym we biedep soraglaram soralyp bilýär. Jogapkärler yzygiderli yzarlap, barlap we gerekli ýerlerde çäreler görmese, onda oglanlar ýene bir hasap welin, gyz maşgala örän ynjar.
Aslynda, kä gyz agzalar bn dost sahypada söhbetdeşlik geçiripdik. Şonda kän bu ýagdaý bolmady. 1-je gezek bolan wagty hem, moderlerden birine haýyşt edip aýyrdypdym.
Şu mowzukda ýokarda kä gyz/zenan agzalar seň soragyňa jogap hökmünde ýazgylar ýazypdylar, şolaram bir oka, onsoň az-kem ýagdaýa düşünermikäň diýýän!
Gyzlaň suratlaryny goýma ýagdaýy hem şeýle.
Elbetde, bu agzaň öz erki we agzadan agza öýtgär bu pikir.
-
gochi90
16 years ago
- Bu name mane dushinemok
-
Bagul
16 years ago
- Ata aga shu blokda yazylanlary okadym yone ol sohbetdeshlik ozuni tanatmak uchin edilyarmika diyyan, beyle diydigim ozun bilen tanyshdyrmak ucin.YOne gyzlar bilen sohbetdeshlik mahalynda shu yerdaki oglan agzalarymyz hem akyllyja bolmalymyka diyip pikir etyan. Ayy yone bilmedim menin pikirimche oz turkmenlerini tanamak, oran gowumyka diyyan:):(
-
ata
16 years ago
- isleseň seň bn söhbetdeşlik geçirip bileris, jigim!?
-
Bagul
16 years ago
- hmmm,gelenime yany 2 gun boldy, :( Nesip bolsa ol hem bolar Ata aga.
-
ata
16 years ago
- onda bolýar!
Yryp bilseň, başga-da gyz agzalar bar bärlerde, ýöne soňky wagtlar gelmeklerini goýdylar diýen ýaly!
Oglanlar bolup urşup ýörüs onsoň bizem :(
Enşallah, bulam geçer we agzybir bolarys!
Häzir 2-3 agzanyň söhbetdeşligi dowam edip dur welin, kän sorag soranoklar-a, ýeke özüm alyp çykýan ýaly , soňam şoň üçin "pathalym!" diýip ýüzlenýäler agzalardan käbiri maňa.
Aý, bardyr munda-da bir(näçe) haýyr!
-
Bagul
16 years ago
- Dogrudanam Ata aga shu yerde dine oglanlarda:(
ayy yone men aranyzda in kichiniz bolyan oytyan, ol gyzlar menin diyenlerime gulak asarlarmyka:(
Yone siz Ata aga tuweleme, size telpek goyyan, hemme blokda sizin yazan zatlarynyzy okayan, size we yaan zatlarynyza hormat goyyan. Tiweleme siz hemme yeri yetishyaniz oytyan:)
-
ata
16 years ago
Tiweleme siz hemme yeri yetishyaniz oytyan
işsiz-dä, nätjek :)
bond-a diýýädiler welin, men onam geçdim-ä :)
-
Bagul
16 years ago
- Hemme yerde gowy pikirleriniz bilen tanalyanyz diyjek boldum, tuweleme, kop turkmen saytlara baranymda sizin gowy zatlarynyzy okap gorelde alyanda:)
-
Maxat
16 years ago
- öylenmedik oglandyr-da, yazayjak wagty))
-
Bagul
16 years ago
öylenmedik oglandyr-da, yazayjak wagty))
kim hakynda gurrun edilyarka shu yerde
-
Maxat
16 years ago
- düşünen düşündi
ps: düşündirsen şutkan gyzygy gaçya
-
ata
16 years ago
düşünen düşündi
ha-ha, Maksat, dertdeş ekenig-ä:)
meni başga bir ýerde SAL-KOM-yň başlygy edip bellediler, gahary getirme, senem şol ýerde bar we saňa "afaroz" ederin bu babatda :)
Öz içimizden çykaryp goýbereris ilkinji gurbanymyz hökmünde :)
BIrem, "ýüpsüz daňylgylaryň" hatarynda dälkäk ýazybilenimizi ýazaly diýmegem dogry däl-ow, soňam hasabat bermeli bolup bilýäň-ä :)
-
ata
16 years ago
Hemme yerde gowy pikirleriniz bilen tanalyanyz diyjek boldum, tuweleme, kop turkmen saytlara baranymda sizin gowy zatlarynyzy okap gorelde alyanda
bärem söhbetdeşlige ýazyp gitdi welin... :)
Neme, onsoň senem "şägirt" bolýaňmy?! Goldawçylar(ym)dan biri :)
Şyltak geläýmesin birden, ägä bol! :)
-
jankaka
16 years ago
- ha ha ha ata aga tuweleme onaryanyzay siz onda menem sizin sagirtlerden bolyanda manada tohmet syltak gelmezmika bu gunler disimi gyjap gezip yorun kimi ursamkam diyip oyn etdim agam tuweleme sohbetdeslikler gowy gidyar dowamyny dileyan
-
Bagul
16 years ago
neme, onsoň senem "şägirt" bolýaňmy?! goldawçylar(ym)dan biri
:) edil ozi Ata aga:)
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Salam hormatly agzalar! Ata aga maña gmail-de söhbetdeshligi dowam et diýipdi. Ýöne nesip bolsa adminler tertip düzgüni ýola salsalar özüm dowam ederin. Ýöne adminler göz gulak bolmalyda. Bolmasa garagol agzalaram kän. Barysy biderek bolarmyka diýýän.:)
-
kelle agyry
15 years ago
- arkayyn bol dost ozum komek ederin gorkma gorkup durma ahyry sen oguz han atamyzyn nesli yadyndan cykarma her bir zatdan gorkma
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Goldawyña minnetdar!
-
kelle agyry
15 years ago
- dost ustunlukden ba6yn aylanyar oytyan gowja seredip yaz
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Näme gülýäñä?:)
-
Bravo
14 years ago
- Bizem spisok duzaysekmikak? :D
-
Cwetocek
14 years ago
- duzup goray
-
Bravo
14 years ago
- 1 goool
2 cwetocek
3 mellisa
4 ...
Seydp gdbermeli. Her kim goshsun duzsun ozuce.
-
Crash
14 years ago
- bah bularay.... hihi
-
Bravo
14 years ago
- Ine 4 crash :D
-
Goool
14 years ago
- bizem spisok duzaysekmikak?
bravo | 2010-08-21 14:50:35
duzup goray
cwetocek | 2010-08-21
16:22:00
1 goool
2 cwetocek
3 mellisa
4 ...
seydp gdbermeli. her kim
goshsun duzsun ozuce.
bravo | 2010-08-21 19:25:36
bah bularay.... hihi
crash | 2010-08-21 21:54:10
ine 4 crash
bravo | 2010-08-21 22:55:37
yokarlaryna okamadym (yaltandym), namañ spisogay bu :-0
-
Bravo
14 years ago
- Geljekki sohbetdes bolmaly agzalarmyz. =)
-
Cwetocek
14 years ago
- gulkinc
ata 16 years ago- Men häli Şahyr bn gepleşipdim. Diňeje teklip etdim söhbetdeşlik geçirilse diýip welin, olam bu işi maňa beräýdi, almajak hem bolsam :)
Indi nädip seçsemkäm-ä agzalary :)