ABŞ-nyñ Merkezi Razwedka uprawleniýesiniñ (MRU) 2017-nji ýylda mälim eden resmi maglumatlarynyñ birinde başga saýýaraly jandarlarlara garşy göreşen 25 rus ofiserinden 23-niñ daşa öwrülip, ikisiñ bolsa ýesir alynandygy habar berildi. Maglumat ukrain gazetlerinde çap bolan habaryñ MRU tarapyndan edilen terjimesine salgylanýar. Habarda rus harby gullukçysynyñ ýigrimi üçüniñ başga saýýaralylara garşy çaknyşykda daşa öwrülendigi baradaky beýannamadan söz açylýar. Mälim edilen maglumatlar "kellesi we gözi uly, bäş sany kiçijik jandary" sypatlandyrýar. Habarda aýdylmagyna görä, uçýan gapbarçanagy (NLO) ilki Sibirde harby türgenleşik geçip ýören harby bölümleriñ biri görýär. Gapbarçanak raketa atylyp urulýar. Ýere düşen gapbarçanakdan çykan başga saýýaralylar rus esgerlerine garşy hüjüme geçipdir. Boýun bolmakdan ýüz dönderen başga saýýaralylar bolsa rus esgerlerini daşa öwrüp taşlapdyr. Maglumatlar başga saýýaralylaryñ mähnet kellesi we gözi bolan, adama çalym edýän jandarlardygyny habar berýär. Russiýanyñ Federal gullugynyñ (FSB) daşa öwrülen harby gullukçylary gizlin bir ýerde saklaýandygy öñe sürülýär. Başga bir maglumat bolsa iki sany harby gullukçynyñ häzirem başga saýýaralylaryñ elinde ýesirdigini aýdýar. FSB muny daşa öwrülen gullukçylaryñ galyndysynyñ Moskwanyñ golaýyndaky ylmy-barlag institutlarynyñ birine äkidilendigini habar bermek bilen gyýtaklaýyn-da bolsa tassyklaýar. Hünärmenler adamlara heniz näbelli energiýa çeşmesiniñ gürrüñi gidýän gullukçylaryñ organizminde duýdansyz üýtgeşme döredendigini we şonluk bilen olaryñ molekulýar gurluşynyñ daşdan tapawutlandyryp bolmajak görnüşe öwrülendigini çaklaýar.

 # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.

http://www.kitapcy.ga/news/basga_sayyaralylar_rus_ofiserlerini_dasa_owrup_taslady/2020-01-04-9992

Täzelikler, Jeksparro tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir