Aýallaryñ jyns organy hakynda

Aýalyñ jyns organlary daşky we içki organlara bölünýär. Içki genital organlar gyz maşgalanyñ skeletinde iki aýagynyñ arasynda ýerleşýän çatalba süñkleri we bil süñkleri tarapyndan ornaşan gasygyñ (latynça pelwis) aşagynda, satan tarapynda goragly ýagdaýda durýar. Bulardan käbirleri; daşky dodaklar (uly dodaklar) wenus depesi (mons pubis), içki dodaklar, klitordan ybarat.
Wulwa (daşky organ): Gyz maşgalanyñ daşky genital organlary süññi örten gatynyñ bir dowamydyr we zenanyñ içki genital organlaryna giriş agzyndan, çaganyñ dogan ''doguş kanalyndan'' çykyş agzyndan ybaratdyr. Daşky genital organlara umumy wulwa ady berilýär. Wulwa zenanyñ daşky genital çäklerine garşydan seredilende üstünde çatyşy emele getirýän çatalba süñkleriñ biri-biri bilen orta birleşýän ýerlerinde gabarçak bolup duran pubis depesi, aşagynda anus we (daş) dodaklar ady berilen organdyr.
Pubis depesiniñ aşagynda klitor ýerleşýär.
Daşky dodaklara ''Labia majör''diýilýär. Wagina girişiniñ sagyny we çep tarapyny örten diwarlarynyñ daşyndaky bölekdir.
Içki dodaklara ''Labia minör'' diýilýär. Sag we çep labium majoryñ içki böleginde ýerleşen organdyr.
Wagina giriş. Labium minörüñ içki böleginden başlanýar we gyzlyk perdesinden soñra wagina bilen dowam edýär. Gyzlyk perdesine (hymen) hymen diýip atlandyrylýar. Bu organjyk inçejik bolmagyna garamazdan sülekeý ýaly gaty ynjyk perdejikdir. Ilkinji sapar girişilen jynsy gatnaşykda bu perde ýyrtylýar. Bu babatda öýe aýaga düşen gelin maşgala gorkar ýaly, howsala düşer ýaly zat ýokdur.
Gyzlyk perdesi süzülip ýyrtylmagy bilen gan bölegi gelip başlaýar.
Klitor: Erkekde ''Penis kellesine'' meñzeş bolan zenandaky iki aýagynyñ aralygyndaky dodaga meñzeş näzik ýygyrtlanmaýan bölekdir. Edil erkekdäki sünnet hamy, derisi ýaly ham bilen örtelendir.
Siýdik diligi: Siýdik haltasynyñ dowamly ýolunda ýerleşen uretra (siýdik ýolunyñ), soñky bölegi siýdigiñ çykýan sistemasyny ýerine ýetirýär.
Anus: Galyñ halkadan ybarat ýanbaş çykalgasydyr. Ol başgaça täret deşigi diýlip atlandyrylýar. Bu organ erkeklerde hem bardyr.
Jyns mäzleri: Daşky genital bölegiñ guramagynyñ öñüni almak we jynsy gatnaşykda nemlenmäni işläp çykarmak işlerini ýerine ýetirýär. Bularyñ arasynda iñ esasylary siýdigiñ çykýan diliginiñ ýakynynda ýerleşen skena mäzleri we wagina giriş ýolunyñ sagynda we çepinde ýerleşen Bartoldyñ mäzleridir.
Içki genital organlar:
Içki genital organlar penisiñ içinde kabul edilen wagina bilen başlaýan döl ýatagynyñ (rahim) içinde, girelgesi bolan we şoñ bilen birlikde sperma jynshanasynyñ döl ýatagynyñ agzy bilen başlanýan, göwredäki çaganyñ ulalyp giñeýän we göwreli bolmaýan wagtlary bölek ganamalary (aýbaşy) emele getirýän rahim bilen dowam edýär.
Bu ýerden sagdaky we çepdäki rahimiñ her iki tarapynda ýerleşen uçuk ýaly fallop depelerine uzalýar we her bir fallop depesi, uçlarynda bar bolan öýjükler bilen birlikde, ýumurtgalyklara ýakyn ýerlerden ybaratdyr.
Wagina: Rahim bilen daşky ortalygyñ arasyndaky baglanyşygy emele getiren organdyr.
Jynsy gatnaşykda wagina penisiñ (erkek ujudynyñ) girmegi bilen bolup geçýär.
Göwreli zenanlarda çaga dogurmak hem şol waginadan çykyp dünýä inýär. Çaga dünýä inen soñ ol organ örän çalt öñki ýagdaýyna gelýär.
Fallop depeleri: Jynshananyñ Sagynda we çepinde ýerleşýän oranjyklardyr.
Rahim agzy: Döllenen ýumurtga öýjügi uterusyñ içinde ýerleşen bu boşlukda ýerleşip köpelmäge başlaýar.
Rahim (uterus): Döllenen soñ ýumurtganyñ ýerleşen we göwreliligiñ durmaly ýeridir.
Endometrium boşlugy: Çaganyñ dogmaly ýeridir.
Depejikler (rahim kanaly): Wagina syzan rahim agzyndan içine girip ýumurtga barmagyny añsatladyrma ukyny ýerine ýetirýär.
Ýumurtgalyklar (Ovarium):Rahimiñ iki tarapynda ýerleşen iki bölek organdyr. Ýumurtga zenanyñ gormonlarynyñ işleýişini sazlap durýar.
A. A. Nohurow dagylaryñ Maşgala durmuşy eserinde habar bermeklerine görä Zenanyñ jyns organlarynyñ arasynda Pyşt atly organ bar.
Zenanlaryñ jyns organlary hakda bildigimizçe maglumat berdigem welin bu alymlaryñ işinden peýdalanyp maglumatlaryñ üstüni doldurmakda peýda bardyr. Pyşt - bu organ aýry-aýry iki bölümden ybaratdyr. Olaryñ biri ýatgynyñ daşynda - sagda, beýlekisi çepde ýerleşýär. Pyşt iki ujy çowlurak, ýumurtga çalym edip duran, ýasyja zatdyr. Olaryñ hersiniñ boýy (ortaça) 2,5 sm, in, 1,5 sm, galyñlygy 1 sm, agramy bolsa 5 gram çemesi bolýar.
Pyşt jyns öýjükleri emele getirip ösýär, ýetişýär. Zenan maşgalanyñ göwresinde çaga galyp biljek döwründen, ýagny 16 ýaş töwereginden, takmynan 45-50 ýaşa çenli pyşdyñ her haýsynda bir aýda jyns öýjükleriniñ ýekejesi kemala gelip bilýär.
Mundan başga-da pyştlar aýalyñ jyns gormonlarynyñ - suwuklyk şeklindäki estrogenleri işläp çykarýarlar. Estrogenleriñ ähmiýeti aýallarda aýbaşynyñ gelmeginde, onuñ kadaly geçmeginde, göwrede çaga gelip, düwünçegiñ (ibtida) ýatgyda öz ornuny eýelemeginde estrogenleriñ uly ähmiýeti bardyr. Estrogenleriñ täsiri astynda ýatgynyñ gan üpjünçiligi gowulanýar, onuñ gurby artýar. Şeýle hem ol göwsüñ ulalmagyna, aýal maşgalanyñ ýüzüniñ durlanmagyna, onuñ butlarynyñ doluşmagyna, sagrysynyñ ýasalmagyna, inçe bilden açagyñ töwerekleriniñ ösmegine, eginleriniñ sykylmagyna, gepiñ gysgasy aýal adama aýallyk synasynyñ berkemegine örän ukyplydyr.



Peýdalanylan çeşmeler:

1. A. A. Nohurowlar. ''Maşgala durmuşy''.
2. www.saglyk.info.
3. wikipedia.org

Bilim, Jeksparro tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir