Jynsy gatnaşyklaryñ kinofilmlere alynmagy hakynda yslam dini näme diýýär?

Jynsy gatnaşyga aktiw höwesekleriñ başgalar tarapyndan wideo ýazga geçirilmegi, tejessus hökmünde görülýär. Şol sebäpdenem bu işleri gurnamak, ýagny fuhuşhanalary (jel*phanalary) gurnamak, zyna etdirmek, wideoýazgylara düşürmek yslam dininde gadagan edilen zatlaryñ biridir. Käwagtlar internet mediýalarynda görkezilýän, başgalaryñ şahsy jynsy gatnaşyklarynyñ otellerde, ýörüte salon gurnap muny şol ýerde amala aşyrmak we şolar ýaly ýerlerde wideofilme ýazdyrylyp, köpçülige hödürlenmekligi, hem tejessüsdyr hem-de Allanyñ şu aýatlary bilen şeýle etmekligiñ gadagandygyny düşündirmek bolar: ''...Fuhuşyñ (jelepleriñ) köpelmegini arzuw edenler bardyr, olar üçin dünýäde we ahyrýetde gorkunç azaplar bardyr'' (Gurhany Kerim. Nur süresi - 24/19) .
Hezreti pygamber zyna eden Maizi açyklamak üçin hezreti Hezzala ''Käşgä muny köýnegiñ bilen örtsediñ'' (Ebu Dawud, “Hudud”, (Hadys no: 4377-4378). diýipdi.
Hezreti pygamber ''...her kim bir musulmanyñ aýbyny örtse, Allahda kyýamat gününde onuñ aýyplaryny örter (Buhary, “Mezalim”, 3 (Hadys no: 2442). '' diýip aýyplaryñ ýaýradylmazlygyny öwüt edipdir. Maşgalada bolup geçen jynsy gatnaşyga degişli syrlary hem ýaýmak, gürrüñ bermek, gizlin wideolar arkaly masgaralap ýaýradylmagy dogry däldir. Äriniñ heleýi bilen eden gatnaşyklary hakda gürrüñ bermezlik hakda hezreti pygamberimiz şeýle diýýär: ''Kyýamat güni Allanyñ gatynda adamlaryñ iñ şerlilerinden biri (hem), öz aýaly, aýaly hem özi bilen jynsy gatnaşyga girip, soñam ýan ýoldaşynyñ syrlaryny başgalara aýdyp ýaýradan adamlardyr (Başga bir rowaýata görä hezreti Pygamber bu kişiniñ iñ uly ähdiýalanlyk edendigini açyklapdyr: ''Kyýamat güni Allanyñ gazabyna duçar boljak, iñ beýik amanada hyýanat eden kişidir, ol öz aýaly bilen, aýaly hem özi bilen jübütleşip, soñam ýan-ýoldaşynyñ syrlaryny wejera edip aýdyp beren adamdyr'' diýipdir. Muslim. ''Nika'', 21 (hadys no:1437/123-124).
Şonuñ ýalyda ýan-ýoldaşlar öz jynsy gatnaşyklaryny ýazga geçirmekleri hem dogry däldir.
Saý-sebäp bolar, ýalñyşlyk bilen biriniñ eline düşüp görüler, ýa-da çagalaryñ ellerine düşmekleri ahmal, bu hem zyýanyña bolar..



Professor Doktor: Rejep Çigdemiñ ''Yslamyñ jynsy (gatnaşyklar) dünýäsine ýakynlaşmagy'' atly kitabyndan.
İSLAM’IN CİNSEL HAYATA YAKLAŞIMI*
Prof. Dr. Recep ÇİĞDEM*

Bilim, Jeksparro tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir