Adam organizmasynda nähili işleýänligi barada iň az bilinýän organlardan biri beýindir. Men bu barada öwrenen maglumatlarymy size ýazasym geldi. Sebäbi bulary bilmegi bir zat öwrenmek üçin gaty peýdaly görýän. Hipkamp we öwrenmek: Beýin iç-içe 3 bölümden ybaratdyr. Hipokamp (hippocampus) orta beýindedir we muňa beýniň ýazyjysy diýmek mümkin. Hipokamp, maglumatlaryň adam beýnine doly ýerleşip ýerleşmejegine has takygy maglumatlaryň ne dereje güýçi ýatda galjagyny sazlaýan bölümdür. Bu hipokamp diýip atlandyrýan bölümümüzde sinapsisler (nerwleriň bir-biri bilen habarlaşýan nokatlary) ýokary çastotaly (frequency) elektrikli signallar bilen gozgalanda sinaptiki baglar güýçlenýär. Beýnimize gelen ähli maglumat elektrikli signaldyr we ol maglumat biziň üçin näçe möhüm bolsa onda ol signal şonça güýçli bolýar we onuň ýadymyzda galyşy bolsa şol güýçlilik derejesine baglydyr. Bizi hiç gyzyklandyrmaýan, möhüm bolmadyk maglumatlaryň bolsa çastotasy gaty pes bolýar we şol sebäpli hipokamp hereketlenmeýär we güýçsüz sinaptiki baglar emele gelýänligi sebäpli beýnimiziň harddiskine (korteks)ýazylmaýar. Dowamyny jogap şeklinde ýazjak. Sebäbi uzyn bolsa okamana ýaltalyk etmekligimiz mümkin.

Köneler, shahyr tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir