Meniň hemme deň-duşum watan gulluguny berjaý etdiler. Orta mekdepden klasdaşlarym, türkmen-türk mekdebinden klasdaşlarymyň köpüsi eýýam gulluk borjuny tamamladylar. Gullukdan gelenler bilen köp söhbetdeş bolýan men. Gulluk ýagdaýyny soraýan, başyndan geçiren wakalaryny aýdyp berýäler welin ap-aýry dünýä gulluk. Ol ýerde ne modern kanunlar, ne adamçylyk, ne-de ynsanyň ýürek awama duýgusy ýöreýär. Ol ýerde diňe ol ýere degişli erkeklik ýöreýär. Daýaw we ejizden ybarat 2 synp adam bar. Daýaw ejizi urmaly işletmeli. Gulluga gidip taýak iýmedim ýa-da azajyk iýdim diýýänlere ynanmaň, sebäbi ol mümkin däl :-). Belki başdakylardan güýçli tanyşyň bolsa onda bilmedim. Ol ýere baran her esger günäli hasaplanylýar we taýak iýmäge mejbur, sebäbi täze esgerleriň günäsi olardan uly esgerleriň has könelerden taýak iýenligi :-). Ýöne näme üçindir gullugy gutaryp gelenleriň köpüsi gulluk jydoow, ýene äkitseler ýene giderdim diýýälerkä? Ýa diňe maňa sataşýanlar şeýle diýýämi, ýa gulluk gutardy indi gitmejegim belli diýip aýdaýýalarmy, belkem DMBL bolansoň çyndanam žytdyr. Dost ýarlarymyň gulluk wakalary: - Bir dostum aşhanada wezipeli ekeni. Hezil edip un satýan ekenler daşaryk. Pullyja gezýän ekenler :-) - Duh esgerler üýşüp durýalarmyş, hool aňyrda bir DMBL Hany araňyzdan biriňiz bärik geliň hany! diýýämiş. Onsoň bir topar duh kim gitmeli-de kim gitmeli bolup hiç haýsy gitmeýämiş. Şeýdip hemmesi taýak iýýämiş. :-) - Meniň dostum esger doktory bolup işläpdir. Bir esger kesel men diýip ýalandan hut goýmandyr. Dermanam ýokmuş. Dostum ukoly arassa suwdan dolduryp arkadan urupdyr suwy welin çişip gidipdir oglanjygyň syrty :-) - Täze baran esgerler nahary halaman iýmeýämişler 1 hepde dagy :-) - Soňky döwrüň modasy esgerleri daşarda işletmek. Dostumyň biri Marynyň bir ýerinde medeniýet öýüniň gapysynda garawul bolupdyr. Medeniýet öýüniň başlygynyň gyzyna aşyk bolup söýüşipdirler. Men bärden baramda gullukdan gelen ekeni, zyýaratyna gitdim öňüme bir horjun söýgi haty zyňdy. Hatyň üsti ýürekmi nämemi şoňa meňzeş zatlardan doly. Ady + gyzyň ady her hili owadanlap ýazylan. - Gullukdan gelenleriň iň halaýan zatlary gulluk suratlary, her gelen görkezýäler. Suratdaky oglanlary ýeke ýeke tanadyp ine şul şu ýerden şeýle oglan, gaty gowy uruşýa, gaty krutoý gezdi gullukda palan palan ... :-) Aýtsaň aýdyp oturmaly gulluk barada. Siz bu barada nämeler aýdarsyňyz? Dostlaryňyz , klasdaşlaryňyz elbetde bardyr gulluga giden .

Köneler, shahyr tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir