Çaý keýpi - bu belki-de dünýädaki iň zyýansyz we iň arzan keýpdir. Meniň durmuşumda çaýyň aýratyn orny bar. Onuň ýerine ne cola tutup biler ne-de başga tebigy miwe suwlary. Çaýyň taryhyna göz aýlasak biziň eramyzdan öň 2700-nji ýyllar töweregi medisina ylmyna höwesli bir Hytaý gyzgyn suwuň adam organizmasyna peýdalydygyny görüp ýene bir gün özüne gyzgyn suw taýýarlap ýörkä suwuna ýaprak düşýär we suwdan çykan ol çaý ysy muny beýhuş edýär. Bulam çydap bilmän ol suwy içýär we tagamyna geň galýar. Mundan başga-da özümüň durmuşumdan gürrüň bersem men irden ertirlik edinmesem-de çaý içmesem ukymdan açylşyp bilemok, çaý içsem özümi dynç duýýan we kelläm has gowy işlän ýaly bolýar. Çaýyň köp görnüşi bar. Meniň içýänlerim diňeje 3 görnüşi. 1) Türkleri tananymdan soňra durmuşuma giren gara çaý. Asyl kimlere degişlidigini bilemok. 2) Bu biziň gök çaý diýýan açyk ýaşyl renkli çaýymyz. 3) daşoguzda içilýän asyl gazaklaryň humary süýtli gara çaý. Renki coffee mate goşulan kofýanyň renki ýaly bolýa. Şulardan iň köp içýänim 1-nji gara çaý. Ony men nahardan soňra gowy görýän. Mudnan soňra bolsa ýadanyňda janyňa em bolýan gök çaýymyz. Ýadamasam tagamyny alyp bilemoık. Mundan soňky bolsa Daşoguza öýe gidenimde irden we öýlän süýjüläp içýän süýtli gara çaý. Munyňam keýpi telewizor görüp içmekde. Gowy edip oňarmasaň süýt çüýreýär we içer ýaly bolmaýa. Meniň pikirimçe çaý adamzat üçin berilen uly nygmat. Sebäbi gymmat däl we taýýarlamak gaty aňsat.

Köneler, shahyr tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir