1219-1237-nji yyllar arasynda Anadoly Seljukly döwletini dolandyran türkmen hökümdary Alayeddin Keykubadyn gyzy Hudawend hatyn tarapyndan 1253-nji yylda gurdurylan “Erzurum hatuniyye” medresesine gireninde, ilki bilen sag we çep tarapynda hatarlanyp uzalyp gidyan 34 sany otag ünsüni çekyar. Medresanin bu ders otaglarynda bir wagtlar tebigy blimler we dini ylymlar bilelikde okadylypdyr. Otaglaryn esasy ayratynlygy bolsa, gapylardan başga yerden içerik yagty girmeyanligidir… Otaglar yagtylyk gapydan kitap okalyan tekjanin üstüne düşer yaly edilip gurlupdyr. Bu bolsa talybyn ünsüni böljek, gözüni kitapdan sowjak sebaplerin önüni alypdyr. Bu medresanin mugallymlaryndan biri bir gün zehinli talyplaryndan birini yzyna tirkap, medresanin gerek zatlaryny almak üçin, Hatuniyye medresesinden 100 metr ileridaki “Daş dükanlar” diyen bazara gidyar. Bazarda aylanyp yörkaler, mugallym daş kase almak üçin ayna we çaç önümleri satylyan dükana giryar. Yaşajyk talyp bolsa, daşarda dükanyn aynasynda setirlenip duran dürli kaseleri, gap-gaçlary synlamaga duryar. Birdenka kellesine: “Beh, bir daş bilen urup, bularyn naçesini döwüp bolarka?”- diyen pikir gelyar. Az salym sonra mugallymy gerek hajatlaryny alyp, dükandan çykyar we bilelikde medresa ugrayarlar. Derse başlanlarynda halki zehinli talyp sapak bilen kan weji bolman, oturan yerinden gorsanmaga başlayar, mugallymyn beren soraglaryna-da göwnejay jogap berip bilmeyar. Muna gen galan mugallym okuwçysyndan ondaky bu günki üytgeşikligin sebabini sorayar. Okuwçy çekinibrege-de, bile bazara gidenlerinde dükanyn aynasynda sergilenyan kaselerden bir ugranda naçesini döwüp biljekdigi barada oylanyandygyny, bu pikirin anyndan çykman ünsüni bölyandigini aydyar. Tejribeli mugallym derrew dersi jemleyar. Okuwçysyny golundan tutup, şol dem bazara gaydyar. Mugallym dükanyn eyesine ayna diwaryn arkasynda sergilenen kaselerin pulyny tölap, olkuwçysynyn eline-de daş beryar. Döwmegi talap edyar. Okuwçy elindaki daşy kaselere zynyp, olary döwyar we ünsüni bölyan pikirlerden gutulyar. Medresa dolanyp gelenlerinde, derslerine yene önküsi yaly has işjen we ünsli gatnaşmaga başlayar.

Köneler, virmenaard tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir