Salam talyplar.com sahypasynyň hormatly agzalary we myhmanlary. Ýetip gelýän täze ýylyňyzam düşümli ýyl bolsun. 2012-nji ýylda ýetip bilmedik maksatlaryňyza 2013-nji ýylda ýetmeklik nesip etsin. 2012-däki göýberen ýalňyşlyklarymyzy 2013-de düzetmek nesip etsin! Menem ýaşulylardan eşiden bir rowaýatymy siz bilen paýlaşaýyn diýdim. Rowaýat gysgaça we çyndygyny aýdyp biljek däl. Ýaşlara, çagalara edep terbiýe maksady bilen aýdylan rowaýat bolmagam ahmal. Gadym zamanda bir çopanyň obasynda toý bolupdyr. Türkmen aga "çopana meýlis haram" diýip ýöne ýere diýenok. Çopanyň elinde giden mallary bolansoň toýa görünmäge mümkinçiligi bolmandyr. Toý golaýladygyça bu çopanyňam toýa gitmäge höwesi artypdyr. Emma amanat mallary tabşyrar ýaly hiç kimsesi bolmansoň alada-da edip ugrapdyr. Ine, bir günem çopanyň ýanyna bir möjek gelipdir we mallary özüne tabşyryp gitmekligi teklip edipdir. Çopan möjekden amanat mallary arkaýyn goýup gitmekligi üçin äht etmekligi isläpdir. Möjek bolsa: - Çopan aga, siz maňa ynanyp arkaýyn toýuňyza gidiberiň. Eger-de mallaryňyzyň ýekejesini ynjytsam, tabagyny ýalamadyk adam ýaly göräý - diýipdir.
Çopan we Möjek (Rowaýat)
-
sahett
12 years ago
- dogry,aşakdaky teswiri okap soñ düşündim...
-
mirasymyz
12 years ago
dogry,aşakdaky teswiri okap soñ düşündim...
sahett | 2012-12-26 08:24:30
Dogrudanam esasy ýerini ýazmandyryn.
Çopan möjegiň jogabyny eşidip şol ýerde razy bolupdyr we alada etmän toýa tarap gidipdir.
Geleninde-de Möjek amanady yzyna tabşyrypdyr.
Bu rowaýatda aýdyljak bolunýan zat jamyňy ýalamazlygyň gowy däldigi. Çörek owuntyklaňňy hem saýakdan çöpläp iýmegi gowy görüpdirler.
Çörek owuntygyňy ýere gaçyryp, har etmän iýmeklik barada başga-da rowaýat bardy. Ony hem soň bir gün ýetireind-ä.
Sähett aga, size ýekeje soragym bardy. Siz şoool öňki Sähetmi ýa şonuň adyndan girýäňizmi?
-
gadymypaytagt
12 years ago
- gowy hekaya,yene yetirip dur
-
sahett
12 years ago
- talyplarda menden başgada sähett barmy???
-
Koneurgenchli
12 years ago
- manyly hakykatdanda nahar zat iylendede sona chenli iy diyilya ka bir garrylara zorlabam iydirya
-
Gooool
12 years ago
- dashary yurt firmalarda ishleyanlerden eshidishimize nahar iyen jamyna chiliminin kulini atyanlaram bar eken. turkmenlerde beyle edyan yokdyrla welin dashary yurtlylar edyan eken.
dogrydanam kone adamlar gaty ekonomchyl bolupdyrlar. hich zady zaya etmeyan ekenler. Ayallaram sheyle ishennir bolupdyr.
Gawun galsa kak edyan ekenler. Goyun gyrksalar keche edyan ekenler.
uzum koneljek bolsa kishmish edyan ekenler.
garpyzyn lashekisindenem toshap yasayalar welin zat zayalamayan ekenler.
mesge konelse saryyag yasayalar.
ozem edilyan zatlar orginal, naturalny. saglygada peydaly zatlar.
Giryan ayal-gyz agzalar gaty gormesin welin garry enelemmizin basan ayagynyn tozanychada yok.
shol ishleri basharmanam gyzyl dakynjak, gymmat eshikler geyjek, kafede iyip icjek.
Zat onaryan daldir. Gelin edip aljak bolsan dunyan pulyny bermeli.
Gymmadam bolsa alanna gora garrylammyzyn ishini onaryan bolsa owarramam diyersin welin nahar bishirip bilmeyanlerem bar
Shol gyzlary tankytlap yoren yalam bolyan welin hich kimin inkar etmejek hakykatyda.
mirasymyz 12 years ago- Edil şu wagt jamyňy ýalamaklyga nähili düşünýändiklerini bilemok welin, türkmenlerimiz öňler jamyny ýalamaýan adamy ýazgarar ekenler we şunuň ýaly rowaýatlaram aýdylar eken.