Meniň ömrümde şatlykly waka bolup geçdi. Bu waka meniň maşgala ojagyma uly bagt, döwlet getirdi. Men ýaşy 70-e golaýlan ene. Ömrümi perzentlerimi adam etmek, il hataryna goşmaga sarp etdim. Şularyň yzynda ömrümi ötürdim. Ýoldaşym bu zatlara çydaman, ir dünýeden ötdi. Meniň 3 oglum, 1 gyzym bar. Ogullarym haram, jenaýatçylykly işlere baş goşup, telim gezek türmä düşdi. Ömürleriniň köp bölegini türmelerde geçirdi. Men olaryň yzyndan gatnamak üçin ýurt aşdym. Uly oglum SSSR döwründe Kazan, Ufa, Wladiwostok ýaly uzak ülkelerdäki türmede-de oturyp geldi. Soňky jenaýatçylykly işi üçin uzak möhlete iş kesilip, köp ýyllardan bäri Lebapdaky türmede oturdy. Bir gün şol oglumyň yzyndan görme-görşe gitmäge taýýarlanýardym. Howul-hara goşlarymy ýygnap ýörkäm, çörekdir süýji-kökäniň daşyny dolamak üçin agtygymyň krossword çözüp oturan "Zaman" gazetine gözüm düşdi. Agtygym närazy bolsa-da elindäki gazeti alyp, şol zatlaryň daşyna doladym. Ogluma elten zatlarymy gowşurdym. 3-4 günden soň obama dolandym. Bir gün oglumdan hat geldi: "Salam eje, sag-gurgun otyrmyň? Oglum - Kerem jan, oňatmyň? Gowuja okap ýörmüň? Oba-goňşular gurgunmy? Eje, siziň getiren zatlaryňyzyň daşynda bir gazet bar eken. Şol gazeti sözme-söz okadym. “Garaýyşlar we pikirler” sahypasy bolsa, mende uly täsir galdyrdy. Makalalary okap şu zatlara göz ýetirdim: meniň eden etrnişlerim üçin diňe bu dünýäde däl, eýsem ol dünýäde-de Allanyň huzurynda jogapkärçilige çekiljegim meni has-da düýrükdirdi. Ol ýerde beriljek temminiň bu ýerdäkilere görä has aýylganç boljagy göründi. Gazeti telim gezek okap çykdym. Ahmet aganyň makalasy hem göwnümden turdy. Şol pursatda onuň keşbi atalyk öwüt-ündewini berýän, mährini çoýýan ýaşuly bolup göründi. Men uzakly gije uklap bilmedim. Sebäbi men beýle nesihatlary atarndan hem eşitmändim. Daňa golaý irkilipdirin. Düýşüme bir aksakal goja girdi. Ol nurana goja başujuma gelip: "Oglum, tur, gaflatda ýatma. Göwnüňi hapalap, umytsyz bolma. Alladan umydygär bol. Eden etmişlerine ötünç sorap, ýürekden toba et, namaza başla. Şeýle etseň, işiň rowaç alar. Alla günäleriňi bagyşlar. ol her derde dermandyr" diýip, gözden gaýyp boldy. Gözümi açdym. Sowuk, garaňky dünýäm giňän ýaly boldy. Şol gün säher bilen turup, göwnüm namaz kylmak isledi. Bir ýoldaşymdan doga öwrenip, namaz kylmaga başladym. Eje, indi men düýbünden üýtgedim. Şol makalalary ýanymdakylar hem okady. Eje, maňa bäri geleniňde gazetiň beýleki sanlaryny hem getirmegi ýadyňdan çykarma. Seniň geleriňe sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Salam bilen ogluň, Abdyrahman." Haty okap, göz ýaşyma erk edip bilmedim. Begenjimden ses edip agladym. Sowatsyz oglumyň şeýle hat ýazmagy meni örän tolgundyrdy. Oglumyň ýanyna gitmegime bir-iki gün galýança şol gazeti tapyp bilmedim. Abuna ýazylan goňşularym hem “Gazeti köp ýyldan bäri ýygnaýarys” diýip bermediler. Poçtalarda-da tapylmansoň, umytsyz ýagdaýda öýden çykdym. Wokzala baranymda-da gazeti gözledim, baran ýerimde "Satyp gutardyk" diýen jogaby aldym. Oglumyň islegini kanagatlandyryp bilmejegime gynandym. Otlynyň ugramagyna esli wagt bardy. Bir salym oturaýyn diýip zala girdim. Bir görmegeý ýigit ýylgyryp: "Geliň, daýza, şu ýerde oturyň" diýip, öz ornuny berdi. Bu hoş sözüň, gadyr-hormatyň täsirine, "Sag bol, oglum! Alla ýalkasyn, balam" diýdim. Ol ýigit: "Bile ýalkasyn. Ýol nirä, daýza?" diýip sorady. Meniň "Lebaba" diýen jogabyma ýylgyryp, "Sag-aman- baryň" diýip, elindäki gazeti okamaga dowam etdi. Syn etsem, elindäki "Zaman" gazeti eken. Begenjimden, "Oglum, gazeti okap bolup, maňa beräý!' diýenimi duýman galypdyryn. "Baş üstüne, alyň" diýen jogap meni oňaýsyz ýagdaýa goýdy. Onuň "Daýza, men baryp okaryn. Özümem şu gazetde işleýärin" diýmegi derdime derman tapylan ýaly etdi. Menem bu pursatdan peýdalanyp, içimi dökdüm. "Daýza, dert etme. Men redaktorymdan haýyş edip, bir-iki günde gazetiň beýleki sanlaryny size ýetirerin" diýdi. Barjak ýerimiň adresini ýazyp aldy. Aýdyşy ýaly, bolýan öýüme bir gün soňra Aşgabatdan pasylka geldi. Pasylkanyň daşynda "Zaman" gazetiniň baş redaktory Jemil Ýyldyzyň adyndan" diýen ýazgy bardy. Içinde bir top gazet bardy. Men begenjimden agladym. "Zaman" gazetiniň işgärlerine Alladan uzak ömür, işlerinde rowaçlyk diledim. Menden beter oglumyň hem begenjegine hiç şübhäm ýokdy. Bu zatlaryň hemmesini ogluma gowşurdym. Aradan aýlar geçdi. Bir gün Beýik serdarymyzyň sahawaty bilen Gadyr gijesiniň hormatyna tussaglaryň günäleri geçilip, meniň oglum hem öýe dolanyp geldi. Alladan umyt kesilmeli däl eken. Indi oglum başga adam bolupdyr. Namazyny okaýar, oraza tutýar. Ussahana açyp, işläp başlansoň, öýde bereket artyp başlady. Hudaýa şükür! Aýrylyşyp giden gelinimi hem yzyna gaýtaryp getirdi. Hudaýa şükür, oraza tutdy. Agşamlaryna tarawa agtyjagym bilen bileje gatnadylar.
Durmusda bir enäñ wakasy....
-
virmenaard
11 years ago
ahmet aganyň
makalasy hem göwnümden turdy.
ahmet shahin bolsa gerek!?
salam bilen ogluň, abdyrahman.
adyna layyk bolupdyr tuweleme. sagja bol makestm.
-
gadymypaytagt
11 years ago
- говы хекая.рекламада созум йок)
-
hakykygyz
11 years ago
- salam makestm gawjamyn?
bendam bendame sebap diyilshi yaly bolupdyrda...
tuweleme shu zaman gazetda hem owrenere zat kan
-
Gokasman
11 years ago
- gyzykly hekaya eken
-
sahett
11 years ago
- hawa men hem telim gezek özümi ynardyrmaga çalyşýan...iñ soñky ölmeli zat umyt bilen berlen wada...hernä,enäniñ yhlasy,umydy,dilegi ýerine gowuşypdyr...sag-bolsunlar...
"zaman" gazedy hakynda aýdanymda aýlykdan kesilen her manady ödeýän we dine gowylyklary ündeýän gazet...
-
sahett
11 years ago
- makes öräääään gowy makalañ üçin sag-bol...
Wepa 11 years ago- gazetdaki makala gowy zada sebap bolupdyrda