Türkmen hiphop sungatynyň öňdebaryjylarynyň üýşen saýty 100de100hiphop.com türkmenistanly muşdaklaryna mydama täzeçillikler bilen hyzmat edýär. Saýtda ýerleşdirilen interwýudyr aýdymlardan başga-da dürli-dürli tans wideolaryny hem tapmak bolýar. Iň soňky täzelik Türkmenistanyň belli rep sungatçysy Zumer öz lybas liniýasyny çykarypdyr. Bu bolsa repçileriň öz işlerine çynlakaý çemeleşýändigini görkezýär. Eger-de türkmen repçileri öz arasynda dissleşip ýören işsiz oglanlar diýip pikir edýän bolsaňyz, bu saýta girip has gowy baha berip bilersiňiz. Olar söýgi, maşgala, agzybirlik hakynda çynlakaý temalary has içginden işleýärler. Olaryň ses miksing we mastering ukyplary hiç kesiňkiden pes durmaýar. Duýdurýarys, pikiriňiz üýtgäp biler, ýöne arkaýyn boluň, gowulyga tarap. Indiki göçüm rep muşdaklarynda, bize bolsa olar öz artistlerini goldarlar diýip umyt edäýmek galýar.
ZumeR, DarK RooM PoSse, öZ LyBaS LiNiÝaSyNy ÇyKarDy
-
phenomen2
12 years ago
- Tmrap sungaty ösýär!
-
Bayramsoltan
12 years ago
- nirede satylyarka ol eshikler? Krasnowodskda? Menä shulañ original disk satmaklaryna garshy, gymmat bolyar, kopirivat hem edip bolanok. Bir tarapdan bularada girdeyji girmelidirda yöne.
-
Bayramsoltan
12 years ago
- nirede satylyarka ol eshikler? Krasnowodskda? Menä shulañ original disk satmaklaryna garshy, gymmat bolyar, kopirivat hem edip bolanok. Bir tarapdan bularada girdeyji girmelidirda yöne.
-
Parahatchylyk
12 years ago
- Arturchik maladec one
-
turkmenntug
12 years ago
- tüweleme,ösüşlerne begenýän, goldaw berýän,howandarlyk edýänlerem barmyka?
-
makalester
12 years ago
- Makintosh gayrat edip erte abed towerekler agenda girsene haymy
makalester 12 years ago- Menem rap sungatyny halayan