Kakam sowatsyzdy. Dogrysyny aýtsam, ol adyny hem ýazyp bilenokdy. Ol ertirden-agşama çenli ussahanasyndan çykman, gyzgyn pejiň başynda demir ýenjerdi. Uniwersiteti tamamlanymda, gutardyş dabarasyna ejem bilen jigilerimiň bary gelse-de, kakam gelip bilmändi. Men kakam hökman geler öýdýärdim. Dabara gutaryp öýe gaýdanymyzda barymyz kakamyň ussahanysyna bardyk. Kakam şol öňküsi ýaly, öňi öňlükli, demir ýenjip otyrdy. Bizi görüp çekijini ýerde goýdy. Ejem begenç bilen oňa: - Oglumyz uniwersiteti tapawutly diplom bilen tamamlady, kakasy- diýdi. Kakam eşitmedik ýaly ýüzüme hem seretmän: - Okuwyňy tamamlan bolsaň, indi işlemäge wagty boldy. Hany şu peji arassalap göýber- diýdi. Ejem muňa razy bolmasa-da men kakamy gowy tanaýan. Ol gaharjaň däldi, ýöne işe gezek gelende welin ol “Et!” diýse, edilmelidi. Derrew täze eginbaşlarymy çykaryp, işe başladym. Men bu işi öňden bäri edip ýöremsoň, peji ýarym sagatda arassalap boldum. Öýe barýarkak ejem kakamyň doňbagyrlygyna gynanyp, aglapdy. Agşam naharyna deňiç köşeşmedi. Garaňky düşende kakam işden geldi. Biz bir eýýäm saçagyň başynda ýygnanyp, onuň gelerine garaşýardyk. Kakam saçagyň başyna geçdi-de şeýle diýdi: - Bu gün tüweleme, zor işlediň. Seň kömegiň bilen az-da bolsa pulumyzy tygşytladyk. Sen dilçi bolsaň hem, şahyr bolsaň hem hökman puluň nädip gazanylýandygyny bilmeli. Men islesem şol peji pul berip başga birine hem arassaladyp bilerdim. Ol işi saňa etdirmegimiň, onda-da unwersiteti tamamlan günüň etdirmegimiň ýeke-täk bir sebäbi bar: Uniwersiteti tamamlan oglumyň, hondan bärsi bolup tekepbirlik etmeýändigini öz gözlerim bilen göresim geldi. Bu gün bolsa pespäldigiňi görmek meni seniň alan tapawutly diplomyňdan-de beter begendirdi. Kakam bu sözleri aýdandan soň, ýerinden turup meni gujaklady. Ol göz ýaşyny gizlemäge çalyşýardy. Soňra bolsa maňa bir bukça uzatdy. Bukjade ep-esli pul bar ekeni. Ol meniň diplomymyň gutlagydy.

Köneler, virmenaard tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir