Salam deňduşlar!Gowmy ýagdaýlaryz diýip durmaýyn inşaallah gowdyrsyşyz diýip umyt edyan.Köpin pikiri ýagşy boluşy ýaly içimde rahatlyk bermeýan bir pikirimi sizin bilen paýlaşmak,sizin maslahatyňyzy we garaýşyňyzy bilmek isledim.Şeýlerak ýagdaý...durmşda maňa kim nähili mesele bilen ýüzlese Bolýa bitirerin ýa yok bitirmerin diýip takyk jogap beremok. diňe nesip bolsa diýip jogap berýadim,has dogrysy häzir hem bu jogap dowam edýa.bolýa diýip ynandyramok ýa ýok diýip gynandyramok.nesip bolsa diýip ymykly boýun alamok diýip monça bolup ýördim.emma garşydaşymyň ol söze ymyt edýändigi hakda birjikde pikirlenmändirin.talyplarda kukolka agzanyň ynam temasynda hydyrata agzanyň teswirini okanymdan soňra ol endigme giren nesip bolsa sözi ulanamda ikirjeňlenýän ol sözi ulanmagym dogrymydyr ýa ýok diýen jogapsyz soraglar gelýa.garşydaşymyň umyt etmezligi üçin ýok diýen jogaby bermelimi ya ol boýun almaýan nesip bolsa diýen jogabym bilen dowam edwermelimi?
Pikirniz gerek
-
syrlyalem
11 years ago
- ynam temadaky teswiri gysgaldyp aldym,okamana köpüragem weli başdan soňuna çenli okap çykaran netijäňizi paýlaşarsyňyz diýip umyt edýan.çünki ol netije meniň üçin zerur.
-
virmenaard
11 years ago
- "oýun edibem ýalan sözlemäň" diýen söz bar. adam köplenç nebsine görä hereket edip ýalan sözleýär, bu ýalanyň ýene bir ýalan dogurýanyny soň düşünse-de giç bolan ýaly bolup duýýar. zeleliň niresinden dönseň peýdadyr diýilýäni, ýalňyşyňy düzeldäýmeseň ýene gelip durýar yzy. kiçijek ýalanlary bilmän aýtýanlaram köp. bildirseň "gödek, ulumsy, akyllysumak" bolýaň. edil maňa-ha bildirenok welin ýuka ýürekli adamlaram köp. "bilemok, ýa-da kiçi ýalanlar" bilen başyndan sowup goýberýärlerem şoň üçinmika diýýän. ýöne ýalanam ýerinde sözlense dogrudan has gowy. haçan ýalan sözlenjegini eýýäm adamyň wyždany çözýär.
-
Guccitm
11 years ago
- "Suyji yalandan - ajy hakykat yagshydyr" diyen jumle has dogry aydylan sozdir. Chunki bizin aramyzda yalan soze uygynlashan adamlarda bar olaryn arasynda oz bahbitlerine yalan sozleyanlerde bar yone sony bosh bolyan eken. Men shona goz yetirdim yalan sozin sonynyn gowy bolmayanlygyny bildim
-
gadymypaytagt
11 years ago
- elbetde bir zady soz bereninden son,yzynda durmaly sebabi soz,lebiz,jan bir agyzdan cykya diyyaler.nesip bolsa gurruni hakda aytsakda,onam diyeninden son ugrunda hereket etjek bolsan diymelidir diyip pikir etyan.
Meselem getirsek sana bizin pikirimiz gyzyklandyryar,bizem nesip etse pikirmizi yazarys diyaysek dogry bolmaza.
-
gadymypaytagt
11 years ago
- yokorda soz,lebiz jan dalde iman lebiz,jan
-
Abadan
11 years ago
- Temany okadym,yone asakdaky birinji jogaby okamadym,cunki uzyn. (doly okamadygymy boyun alanymy halanam dalsiniz yøne dogryny aytsan gowyda).
Yokarda gadymypaytagt agzan mysal getirsi yaly nesip bolsa doly okaryn d.p,sonam jogap yazman goysan ya okamasan etmejek isìne nesip bolsa diyilmegine mena halamogam,goldamogam. Mena bir zady etjek ya sony etjegime umydym bolsa nesip bolsa dìyyan. Etmejek zadyny bilìp adamlary umytda goymak-dalley.
-
Makintos
11 years ago
- gowja tema
syrlyalem 11 years ago- Ýolda-yzda, okuwda-işde, toýda-tomguda, has gönüläp aýtsak, iki adamyň başy çatylan ýerde, sözden söz, gürrüňden gürrüň çykanda, ýa-da biri beýlekä içini dökende, «Aý, şeý diýdim-de, aldap goýberdim» ýa-da «ýöne diýip goýberdim» diýilýän jümleler, daşyňa çykarylmasa-da, aldalynylyp ýörlen ýagdaýlar soňky döwürlerde has ýygjam eşdilýän ýaly bolup dur. Belki, bu başyňdan sowmaklykdyr, belki, öz bähbidiňi bilmeklikdir, belki-de özümize bähbidi ýok ýerinde özgä-de bähbit islemezlikdir.Durmuş bilen baglanyşykly zatlary her kimiň özi dürlüçe kabul edýär, döwrany özüçe görýär, özüçe sürýär.Her bir şahsyýet bolsa özboluşly pikiri bilen tapawutlanýar.Adam pahyr hoş sözüň ýesiri, ýöne höş söz ýalan bolmaly diýlen zat ýok ahyry. Soňy «jennete» direýän wadalar, «eşrete» kepil geçýän lebizler, maksadyň bitmegine boýun bolunýan sözler... örňedi gitdi.
Biz söz diýilýän gudratyň hormatyna kembaha garaýarys. Sözi diňe özümizi «halas» etmek ýa-da özümize «bendi» etmek üçin ulanýarys. Boýun bolnan şol iş bitýänçä, her bir sözüň aňyrsynda bir melegiň wagtal-wagtal böwrümize dürtüp, ýatladyp durandygyna bolsa biparh garaýarys. Ahyrsoňy näme, melek görgüli bitmedik ol işi ynsabyň ygtyýaryna geçirýär, ynsap welin, adalatly ar alýar. Ol käteler ukyňa gatyşyp, biynjalyk etse, käteler bir ugursyzlyga duçar edýär. Niýet bilen söz adamyň ýanýoldaşy. Şol ikisi düz bolsa, süňňüň ýeňil, ruhuň belent bolýar. Niýetiňe bir garalyk ýokaşsa, bir bedre süýde daman bir damja sirke ýaly, saňa bagly işler terse gönügip bilýär.Söz, wada, lebiz, kasam, äht, ant ýaly zatlar her bir adam üçin iň beýik we gymmatly, iň bir üýtgewsiz zat bolupdyr. Köne döwrüň ýagdaýyndan habar alsaň-a, bularyň yzynda durup bilmezlik aňrybaş biabraýlyk, masgaralyk, ýüzigaralyk hasaplanypdyr. Şonuň üçin olary oýnabam aýtmandyrlar, aýnabam.Biz ruhy terbiýede hiç bir zada biparh garamaly däldiris. «Uly günäler ownuk düzgünbozmalardan, uly ýalňyşlyklar ýönekeý biperwaýlykdan gözbaş alýandyr» diýen jümle bar. Älemde tebigy ýagdaýyň bozulmagy ynsanyň özüni duýuşynyň üýtgemegine getirýändir. Köneleriň düşünjesine görä, kiçi älem hasaplanýan Ynsanyň ruhy dünýäsindäki şeýle «düzgün bozmalar» hem jogapsyz ýa täsirsiz galanok. Söz Allanyň adama bagyş eden beýik nygmaty. Söz Allanyň äleme ýaýan ilkinji zady. Söz janly zat. Eýsem-de içden-u daşdan edýän dileg-dogalarymyz şol sözüň üsti bilen hasyl bolmaýarmy?! Alla bu barlygy söz bilen bina edişi ýaly, söz bilenem ýumrup bilýändir. Bar zat Onuň ýekeje sözüne bagly. Şol «söz» diýilýän gudrat bizi dikeldibem bilýär, ýumrubam. Adamyň süňki gurar, ýöne sözi guramaýar. Şonuň üçin Taňrynyň nygmatyny yrýa etmek, ony bisarpa ulanmak we oňa biparh garamak hökman bir şowsuzlygyň üstünden eltýändir. Elbetde, durmuşda Allanyň synagy bardyr. Ol synlamak, synamak we saýlamak üçin barlap görýändir, takdyra kaýyllygyňy, şükranalgyňy, Hakdan umydygärligiňi synap görýändir. Sen ownuk-iri şowsuzlyklar bilen gurşalansyň, emma almanyň gabygy ýaly şol şowsuzlyklaryň aňyrsynda sabyrly we şükranaly adamlar üçin, hakyky ynjalyk bardyr, sanalgy ezýetiň-yzanyň aňyrsynda sansyz we hakyky lezzet hem maza bardyr. Şowsuzlyklaryň ikinji görnüşi biziň ýalňyş hereketlerimiz, ýaramaz endiklerimiz, ýalan sözlerimiz zerarly başymyzdan inýär. Emma wagtal-wagtal tekiz ýerdäki büdremeleri, «sebäpsiz» görünýän silterlenmeleri, paşmaýan matlaplarymyzy we hasyl bolmaýan maksatlarymyzy kimden görjegimizi bilemzok, ýöne özümizden welin göremzok. Iň bolmanda bu zatlary gaýypdan gapyl köňlümiziň ynjalygy üçin, «üýtgewsiz takdyra» ýa-da «ezeli ýazgyda» baglap goýýarys. Durmuş meselesinde-de, ahlak-söýgi meselesinde-de berlen wadalaryň, lebziň yzynda durulmasa, ygrara wepa berilmese, sözüň ahy tutsa, hernä beterinden Hudaý saklasyn welin, ömürlik betbagt bolup galaýmagyň hem mümkin. Hakyň hasaby ýöräp durandyr, hasapsyz zat ýokdur. «Aldap goýberäýmeli» pursatlaryň durmuşda her gün gabat gelmeýändigi üçin, aýdýan zatlarymyza, berýän sözlerimize seresap çemeleşsek gowy bolardy. Her kimiň ýüzünden geçmek ýeňil dälem bolsa, başarmaýan bolsaň, «başaramok» diýmek aýp zat däl. Ile-güne başarýan zadyňy bagyş edip bilmek hem uly mertebe. Ýalany ýok sözler bilenem ýardam edip bolýar. Her bir häsiýet bolsa indiki nesillere iki esse bolup geçýändir. Şonuň üçin bir pursatlyk başdansowmalyk we bir günlük göwünawlamaklyk üçin, soňabaka endige öwrülýän her bir ýaramaz häsiýetden gaça durulmagy gerek. Bu biziň mundan bu ýana-da işlerimiziň ugrukmagyna, garaşmaýan ýerimizden gowulyklar we şowlulyklar bilen gurşalmagyza getirer. Iň bolmanda berlen sözleri mümkinçiligimize görä hasyl etmäge bir synanyşalyň. Oýnalyp ýa-da ýerliksiz aýdylan ýalan söz bolsa tä kylmyşyňa toba edýänçäň, ýesir eder ýörer. Şonuň üçin hem durmuşda gabat gelýän ownuk-iri şowsuzlyklaryň aglaba sebäbini ýerliksiz aýdylan ýalan geplerimizden, söz berip, yzynda durulmadyk wadalarymyzdan gözläliň.