Eý,ata-ene! Durmuş sungatdyr.bu sungatyñ kämillik derejesiniñ gönüden-göni seniñem elleriñe,paýhasyña we erkiñe baglydygyny unutma!sen öz elleriñ,paýhasyñ hem erkiñ bilen perzendiñi sungat eserini döreden ýaly döretmelisiñ,kemala getirmelisiñ! *** Perzendiñ ýaman bolsa,günäni ilki özüñden agtar... *** Perzendiñe ýürek kir-kimirsizligi öwret... *** Ata-enäniñ borjy şundandyr: Perzende at dakmak. Edep bermek. Bilim bermek. Hünär öwretmek. Öýermek. Öý-işikli etmek. Watanyñ hyzmatyna bermek. Perzendiñe wagty sarpaly tutmany öwret! Perzendiñe ömre,wagta bakmany öwret! *** Ilki özüñ kämilleş,soñ perzendiñ kämilleşmagine giriş! *** Halal iýdir,halal geýdir,köñlüne halallyk guý! Haramlygyñ netijesi-biýedeplik,halallygyñ netijesi edeplilikdir.edep-perzendiñ bagtynyñ girewidir! *** Söýgüñizde gazaply hem akylly boluñ! *** Adama atadan gylyk-häsiýet,eneden bolsa zehin geçýändir. *** Geljek-biziñ ertirki güne bolan ynamymyzdyr! Akyl ýok ýerinde ynam-ynanç ýokdyr, Ynam ýok ýerinde edep ýokdur, Edep ýok ýerinde geljek ýokdur. *** Eý,oglum!atañ öñündäki bergiñi üzmek isleseñ,atañdan alanyñy ýüz esse edip gaýtar,eneñ öñündäki bergiñi üzmek isleseñ,eneñden alanyñ ýüzde birini gaýtarjak bol! *** Ene-mukaddeslikdir,edil şonuñ ýaly,ene hakdaky gürrüñ hem mukaddesdir. *** "Meniñ nesihatlarym" saparmyrat nyýazow

Köneler, sahett tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir