Gaza Sektorynda Hamas yslamçy topary bilen Ysraýylyň arasyndaky bir hepde bäri dowam edip gelen atyşygy bes etmek baradaky ikitaraplaýyn ylalaşyk durmuşa geçirilýär. Penşenbe güni Gazanyň ilaty atyşygyň ýetiren weýrançylygynyň yzlaryny arassalamak işine girişip, kenar zolagynda adaty durmuşa dolandylar. Hamas penşenbe gününi milli baýram diýip yglan etdi. Atyşygy bes etmek baradaky ikitaraplaýyn ylalaşyk yglan edilenden soň gije Gaza şäheriniň köçelerinde baýramçylyk alamaty döredi.
Ylalashyga gelindi
-
Yegen
11 years ago
- Urush yatan bolsa bolyar. Shulan urshy ozumi bilelim bari yurege dushday.. Hacan gorsen tv yaylymda izrail-palestina yanlanyp durardy..
-
Turkmenhanymy
11 years ago
- gowy habar.sag bolun awtor yetireninize.
Parahatchylyk bolawersin sheydip.
-
Simpotyaga
11 years ago
- Oran onat!
-
virmenaard
11 years ago
- tuweleme. ahyr ylalashanlary begendiryar.
-
akylym1989
11 years ago
- bolmasyn bol
masyn urush bolmasyn,adamlar ýashasyn güller solmasyn... aýdym ýadyma düship gitdi. urush bolmasyn ,ýashasyn parahatçylyk.
-
pida
11 years ago
- ay shonda-da gazza atiyachlygyny edip goymaly, sebabi israil shemal yaly her taraplayyn ovusup dura ouv.
Jebislik 11 years ago- Ylalaşyk çarşenbe güni
Kairde Müsüriň daşary işler
ministri Muhammad Kamel
Amr bilen ABŞ-nyň döwlet
sekretary Hillary Klinton
tarapyndan yglan edildi.
Klinton munuň region üçin
möhüm pursatdygyny
belledi:
”Bu waka region üçin
möhüm pursatdyr. Uzak
wagtyň dowamynda bu
regionda asudalygy we
parahatçylygy saklamakda
möhüm rol oýnan Müsüriň
täze hökümeti
jogapkärçiligi we
ýolbaşçylygy öz üstüne
alýar”.
Atyşygy bes etmek
boýunça Müsüriň araçy
bolmagyny ABŞ Ysraýyla
maslahat berdi. Ysraýylyň
premýer-ministri
Benýamin Netanýahu
bu teklibi kabul
edýändigini aýtdy.
Ysraýylyň goranmak
ministri Ehud Barak
Ysraýylyň ähli harby
maksatlaryny ýerine
ýetirendigini aýtdy.
Şol bir wagtda Hamasyň
lideri Haled Meşal atyşygy
bes etmek baradaky
ylalaşyga Ysraýylyň
”taktiki ýeňlişi” diýip baha
berdi.
Häzir taraplar Ysraýylyň
Gaza Sektorynda petiklän
serhedini açmak
mümkinçiligini masalahat
edýar.
BMG-niň baş sekretary Ban
Ki-mun ylalaşyk boýunça
geçirilen gepleşiklere
gatnaşdy we taraplary
ylalaşygyň şertlerini berjaý
etmäge çagyrdy.
Ýaragly söweşde 161
palestinaly, şol sanda 71
parahat ilat, şeýle hem bäş
ysraýylly öldi.
14-nji noýabrda atyşyk
başlanaly bäri Ysraýyl
Gaza Sektoryna garşy
1500-den gowrak howa
we beýleki hüjümini
amala aşyrdy. Şol bir
wagtda Hamas Ysraýyla
garşy 1000 raketa
goýberdi.
Ýewropa Bileleşigi atyşygy
bes etmek baradaky
ylalaşygy gowy garşy aldy.
ÝB-niň daşary işler
boýunça başlygy Katerin
Aşton bu ylalaşykda
Müsüriň roluny aýratyn
belledi.
Ylalaşyk Müsüriň yslamçy
täze hökümetine möhüm
ýeňiş getirdi. Hamas
Müsüre ýolbaşçylyk edýän
Musulman doganlary
toparynyň şahasy
hasaplanýar.